SIZDEN GELENLER

Geljegiň energetikasy: wodorod energiýasy

Ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde wajyp orny eýeleýär. Energiýanyň ekologiýa taýdan arassa görnüşlerini öndürmek boýunça hem uly taslamalaryň başy başlandy.

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny we bu ýerden «Altyn asyr» Türkmen kölüne uzaýan elektrik geçirijisini gurmak göz öňünde tutulýar. Taslama «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019—2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda alnyp barlyp, bu sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin hem örän ähmiýetlidir.

Ýakynda ýurdumyzda wodorod energetikasyny ösdürmek bilen bagly hem ilkinji esaslar goýuldy. Wodorod energetikasy özüniň ykdysady taýdan bähbitliligi we ekologiýa taýdan arassalygy bilen beýleki adaty energiýa öndürijilik usullaryndan tapawutlanýar.

Soňky ýyllarda dünýäde pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmek bilen bagly işlere uly üns berlip başlandy we howa zyňylýan kömürturşy gazyny azaltmak üçin ekologiýa taýdan arassa innowasion tehnologiýalary ulanmak öňe sürülýär.

Wodorod energetikasy – wodorody zarýad bermek, daşamak, öndürmek we sarp etmek üçin ulanmaga esaslanýan energiýanyň bir pudagydyr. Wodorod Ýeriň ýüzünde we kosmosda iň köp ýaýran element hökmünde saýlanýar. Wodorod energiýasy alternatiw energiýany aňladýar.

Wodorod önümçiliginiň global gurluşy üç esasy çeşmä bölünýär: 18 göterimi kömri gaýtadan işlemek, 4,3 göterimi “ýaşyl” wodorod hasabyna, ol hem suwuň elektrolizi arkala emele gelýär. Netijede, wodorody öndürmekde 78 göterim tebigy gazy we nebiti gaýtadan işlemek arkaly almak möhüm bolup durýar.

Häzirki wagtda ykdysady taýdan iň amatlysy, gazylyp alynýan ýangyçdan wodorod öndürmekdir. Pes uglerodly tehnologiýalary ulanmak bilen alnan wodorod sebäpli senagat pudaklarynda uglerod zyňyndylarynyň derejesini peseltmek mümkindir.

Wodorodyň bahasyny arzanlatmak, wodorody eltmek we saklamak üçin infrastrukturanyň gurluşygynda mümkindir. ABŞ-da 750 kilometr, Ýewropada wodorod turbageçiriji ulgamlarynyň 1500 kilometri bar. Turbageçirijiler diametri 25-30 sm bolan polat turbalardan ýasalan 10-20 bar basyşda işleýär.

Wodorod häzirki wagtda esasan benzin öndürmek we ammiak öndürmek üçin tehnologiki proseslerde ulanylýar.

Ösen ýurtlaryň köpüsinde wodorod energiýasynyň üstünde işlemek ylym we tehnologiýany ösdürmek üçin ileri tutulýan ugur hökmünde kabul edilýär we döwlet edaralaryndan hem-de hususy maýadan has köp maliýe goldawyny alýar.

Dünýäde takmynan 75 million tonna wodorod öndürýär. Elektrik enjamlarynyň kömegi bilen bary-ýogy 100 müň tonna wodorod öndürilip, ol hem takmynan 0,1 göterim çykarylýar. Esasy möçber, ýagny wodorodyň 95% -i metanyň we kömüriň bug reformasy (reforma) tehnologiýasy arkaly öndürilýär.

Ýewropa Bileleşiginde Germaniýa bilen Beýik Britaniýa bu ugurda has işjeňdir. Ýapon maksatnamasy 2014-nji ýylyň tomsunda işe girizildi. Wodorod energetikasyndaky maksatnama esasy  – önümçilik, saklamak, daşamak we ulanmak ýaly ugurlary öz içine alýar. ABŞ-nyň wodorod maksatnamasy 1970-nji ýyldan bäri hereket edýär. 2018-nji we 2019-njy ýyllarda Awstraliýada we Koreýa Respublikasynda wodorod strategiýalary kabul edildi.

Wodorod energetikasy ulag ulgamynda hem giňden ulanylýar. Bu ugurda dürli iri kompaniýalar degişli işleri ýola goýýarlar. Dünýä belli, iri awiagurluşyk kompaniýasy bolan “Airbus” 2035-nji ýyla çenli wodorod energiýasyndan peýdalanmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin wodorod energiýasyny üpjün ediji beketler gurmak işi hem dürli kompaniýalar tarapyndan işlenip düzülýär.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň iýunynda Ýaponiýada ilkinji wodorod energetikasyndan peýdalanylýan elektrik bekedi ulanmaga berildi. “Chiyoda”, “Mitsubishi”, “Mitsui” we “Nippon Yusen” kompaniýalar topary 2015-nji ýylda konsorsium döredip, wodorod energetikasy boýunça taslamalaryň üstünde işleýärler. Ýaponiýanyň Fukusima prefekturasynda wodorod önümçiligi boýunça iň iri desga guruldy.

“Shell” nebitgaz kompaniýasy bilen “Gasunie” şereketi Ýewropada “ýaşyl” wodorod önümçilik desgasyny gurmagy meýilleşdirýär.

Wodorod tehnologiýasy boýunça geňeşiniň hünärmenleri soňky hasabatynda 2050-nji ýyla çenli wodorodyň dünýädäki energiýa zerurlyklarynyň 18% -ini düzjekdigini mälim etdiler. Beýleki çaklamalara görä, bu wagta çenli dünýäde wodorodyň sarp edilişi ýylda 370 million tonna (2100-den 800 million tonna çenli) artar.

Umuman, biziň ýurdumyz hem  wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň syýasy-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly işleri durmuşa geçirmek, hususan-da, Türkmenistanyň wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça milli strategiýasyny işläp taýýarlamak hem-de bu işe halkara bilermenleri çekmek babatda işleri geçirýär.

Türkmenistan döwletimiz hem ýakyn geljekde bu energetika ulgamynyň möhüm bölegine öwrüler.

Şöhrat Tulemedow, 
Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ uly mugallymy.

 

Azyk iýmitleri barada gyzykly maglumatlar

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika