SIZDEN GELENLER

Garyp adamyň baýlygy

Anton bilen Aleksandr goňşy bolup ýaşaýardylar.  Anton garyp daýhan,  Aleksandr bolsa gurply baý adam bolupdyr.

Anton gaty rahat we bagtlydy.  Ol gije öýüniň gapylaryny we penjirelerini ýapman hem rahat uklap dynjyny alyp bilýärdi.  Pulunyň ýokdygyna garamazdan, asuda we dynç ýaşaýardy.

Aleksandr bolsa hemişe dartgynly, elmydama gaýgylydy.  Gije öýüniň gapylaryny we penjirelerini ýapsa-da ukusyny gowy, rahat alyp bilmeýärdi. Elmydama kimdir biri seýfini açyp, pullaryny ogurlar öýdüp biynjalyk bolýardy.  Aleksandr asuda ýaşaýan goňşusy Antona göripçilik edýärdi.

Günleriň birinde Aleksandr Antonyň ýanyna gelip, oňa bir guty nagt pul berýär-de: “Gör, eziz dostum.  Men köp baýlyk bilen bereketli ýaşaýaryn, emma seni bolsa garyplykda görýärin.  Şonuň üçin hem bu puly alda abadançylykda we bolelinlikde ýaşa!” -diýipdir. Anton goňşusynyň eden bu hereketlerine gaty begenipdir.  Ol bütin gününi şatlykly geçiripdir.  Anton gije ýene öňküsi ýaly, ukysyny almak üçin ýerine geçipdi, emma, ​​şol gije onuň gözüne hiç hili uky gelmedi.  Ol ýerinden turup gapylary we açyk duran penjireleri ýapdy, soňra bolsa pully gutusyna seredip uklap bilmän bütin gije biynjalykda boldy.

Gün dogan badyna, Anton pully gutyny Aleksandra gaýtaryp bermek üçin alyp gidýär.  Ol gutyny Aleksandra berýär-de: “Gadyrly dost, men garyp, emma, ​​puluňyz menden rahatlygy aldy.  Maňa sabyr ediň we puluňyzy yzyna alyň!”-diýýär.

Pul bilen hemme zady çözüp bolmaz.  Eliňizdäki bar zadyňyz bilen kanagatlansaňyz hemişe bagtly bolarsyňyz.

 

Amangeldi ARAZKULYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

 

Dubaýdaky howuz rekordlar kitabynda

 

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty