HEKAÝALAR

Garagüne

                                                                                             Hekaýa

Obamyzda Garagünäniň maňlaýyny sypamadyk ýekeje adamam tapmarsyň. Asla oňa dahylsyz hojalygam ýokdur. Toý-tomgy bols-a baýaky “Gelniň aýagy düşsün” diýip o janawara mündirip getirýärler. Çagalaň dişleri gaçsa-da, owlak-guzyň däl-de, Garagünäniň yzyna gömýärler. Hat-da, Anna ýöwsel ikinji ýola öýlenende-de, yrymyna gowy däl diýip, gelni garagünä mündirip alyp geldiler. Gülsün eje-de tamdyryny suwanda, tamdyryň agzyny Garagünäniň guýrugynyň gyllawy bilen suwaýar. Şeýle etseň tamdyryň agzy berk, opurylmazak bolýar. Aý garaz, obamyz hemme edim-gylymlaryny – ýagşy işleriniň baryny ata – Garagünä ýanaýar.

Ýelli ýetişikliniň gullukdan gelen ikinji ogly, ilki öýlenibilmän – öýlenibilmän kän gezdi. Ahyry Garagüne düýşüne girenden soň öýlendi. Şonda obamyzyň adamlary janawar düýşüňe girse-de boş geçenok, myradyňa ýetirýär diýişdiler.

Şonda gaýraky obanyň öýlenip bilmän ýören pukara oglanlaram Garagünäni düýşünde görjek bolup, oň daşynda kän aýlandylar. Ýöne olaryň öýlenenini ýa öýlenmediklerini bilemok, ýöne kän kösenendikleri bolsa şu günki gün ýaly ýadymda.

Obamyzda dypa kör diýilýän Goýunsüren agada, başga hiç zadyň sesini eşitmese-de, Garagüne kişňese eşidýär. Sebäp o janawaryň sesi behişdiň gapysy açylandaky sese meňzeş diýýärler.

Esasy aýtmaly zadam Garagünäniň deminiň düşýän ýerinde ýekeje atam öň baýragy arzuw edip bilmeýär. Sebäp olaryň ýeke ýyndamlygy däl, ruhlaram  asgyn. Onsoň özüň biliber oň neneňsi atdygyny. Men muňa diýseň begenýärin hemem ony gören wagtym agzyny süýjütmek üçin süýjümtijik zady agzyna tutdurýan. Garagüne muňa hoşal bolup çalaja kişňeýär. Şoň kişňemesem ýene meni özüne çekýär.

Garagüne ýeke ýyndamlykda däl, owadanlykda-da, öňüne at geçirmeýä. Ony ýeke men däl, obamyzam bilýär. Araky wakadan soň-a ol hemmelere-de aýan bolly.

Gyş ýakylan odunlaryň külüni alyslarda galdyryp obamyz ýazlaga çykypdy. Ýazlag diýseň hezil. Sebäp hemmeler özüni erkin duýýar. Ogulla ýaly ulygyzlara-da,  a gyz, ýüzüňi aşak salyp ýöre diýlenok. Hat-da, Baltaga çenli tarhan. Ol kimdir birine bilmezlikden üýräýse-de: “ýitäýt” diýilmän, maňlaýyny sypap akylly köpek boljakdygy hakynda gürrüň edilýär. Ýazlagda ýowuz hasaplanýan sähralaram göwnüňi göterjek bolup, otlaryň ýüzi saralandan soňam arzuw-hyýalyndan doly saplanmadyk ýetişen gyz ýaly uýaljaň seredýär.

Şeýle ömrüňe goşasyň gelýän owadan günleriň birinde Ogulla guýydan suw çekip Garagünäni suwa ýakýardy. Bu şeýle bir gözellikdi weli, aýdyp diýer ýaly däldi. Gyza  gowany pagşylladyp nowa suw guýýardy, atam suwa eňegini basyp, başyny göterýärdi. Şonda atyň agzyndaky damjalar Günüň şuglasyna uzakdanam ýyldyraşyp merjen däneleri ýaly bolup görnerdi. Olar ökde suratkeşleriň elinden nepislik bilen çykan ýaly şeýle bir gözelli weli,  at sähel gozgansa bary ýere gaçaýjak ýalydy. Gyzam eda bilen ýeňini dişläp ýene suw çekerdi. Ýene at başyny götererdi. Gyzyň hereketem, atyň hereketlerem şeýle bir  nepisdi, şeýle bir nepisdi weli, seredip doýar ýaly däldi. Sähralaram öz göwsünde döreden gözelligine edil biz ýaly doýup bilmän seredýärdi. Bu edil jenneti durmuşyň hut özüdi. Hemmeler lal açan dünýe bilen ylalaşyp, seslerini çykarman onuň uzak dowam etmegini dileýärdi. Men şonda bu gözelligi synlap, mukaddes ýazgylardaky owadan wakalaram şeýle gözellikden alynyp ýazylýandyr öýderdim. Hemem şonda özümiň suratkeş bolup dogulmdygyma gaty ökünipdim. Suratkeş bolan bolsam, şo gözelligiň suratyny çekip, başga hiç zat çekmän ömürboýy şoňa seredip geçirdim.

Şol wagtam kimdir biri ysgynsyz, ýöne düşnükli seslendi.

– Eý, Ogulla owadanmyka ýa Garagüne…

Ana, şo sözem bahana bolly. Adamlar täzeden gözellige seretmäge başladylar. Ogull-a bir depäniň üstünde ýeňini dişläp dur. Atam başga bir depäň üstünde şöhlezar gözleri bilen alyslara nazaryny salýar. Aşakda-da, adamlar. Haýsysy owadan bolsa, şoňa tarap süýşmeli. Bu edil kino düşürilýän ýalydy.

Atam owadandy, ýöne gyzam peslär ýaly dälli, ýuka dodak, at ýeňse diýilýän gyzlardandy. Onda üýtgeşik gum gyzynyň owadanlygy saklanandy. Beýle gyz ýeke biziň obamyzda däl, başga ýerlerde-de, seýrek dogýardy. Hemişeler şeýle gyzyň ýekeje bakyşyny nesibeli ýigit özüniň bütin ömrüne ýoldaş edip geçiripdir. Adam dünýeden gidäýmänkä ömrüniň iň gowy zadyny ýatlaýar diýýärler. Şeýle bakyşlar nesibesinde bolan ýigitler şony ýatlapdyr. Olam oňa dünýe bilen hoşlaşmaga ýeňil düşüpdir.

Ogulla owadan bolşy ýaly buýsanjaňdam. Ol öz owadanlygynyň neneňsi gymmatynyň bardygyny bilýän gözel gyzdy. Şonuň üçin ol hemişe bir gowy zady buşlamakçy bolýan ýaly gaşlaryny gerip gezerdi. Ýöne onuň gaharynyň gelen wagty hasam owadan bolýanyny men şu gün billim. Asla owadan gyzlar gaharlansa, öňküsindenem owadan bolýan eken.

Adamlar gyza uzak waglap seretdiler. Soň  ýene seretdiler. Soňam… Ýöne Garagünäniň artky aýaklarynyň üstünde durup çarpaýa galşam özüne bendi etdirýärdi. Sebäp ol çarpaýa galanda gür gara ýallar ýokaryk göterilýärdi-de, ýene-de ýuwaş-ýuwaşdan seçelenip atyň owadan boýnuna düşýärdi. Soňam ol özüniň synlanýanlygyny bilýän ýaly nazaryny uzaklara – asman bilen sähralaryň birigýän ýerine dikip, çalaja kişňärdi. Ho-ol alyslyklardanam edil şonuň ýaly sähralarda ýitip gidýän gylýallaryň zaryn kişňemesi eşidilýärdi. Soň at olara delmuryp uzak wagtlap, gylýallaryň sörtük şemala akjaryp görünýän tumşugyna seretdi. Soňam   çalaja hokrandy. Bu diňe haýwanlara mahsus bolan gussaly söýgüniň alamatydy.

Haçan-da ol hemişekisi ýaly owadan kişňände, adamlar mundan artyk saklanyp bilmän ertekiniň döreýän ýerine barýan ýaly oňa tarap süýşdi. Hiç kimden ses çykanokdy. Sebäp bu behişdi durmuşa öwrülen azajyk pursat, mähelläni geplemezlige, özünden biygtyýar oturyp-turmaga mejbur edipdi.

Ine şu ýerde-de, adam oglunyň henize çenli eşitmedik owadan rowaýatynyň başy başlandy. Bu türkmen Gününiň aşagyndaky hemmeleriň hemme wagt ýatlajak syrydy. Ogulada – Ýerbendiň Ogullasy özi bilmezden gyz ädimleri bilen ýuwaşja ädimläp ata tarap ýöneldi. Gözellik öz ornuny ýene bir ajaýyp gözellige bagş edýärdi. Şonda Ogulla hasam owadan bolly. Sebäp gyzyň gözünde hem gahar hemem uçursyz owadanlyk görünýärdi.

Bu waka soň-soňlaram adamlaryň hakydasyndan çykmady. Men-ä ol hiç haçanam çykar öýdemok. Sebäp gürrüň owadanlyk onda-da, gyz owadanlygy bilen bäsleşen bedew atyň owadanlygy barada gidýärdi.

***

Biz şeýle günleriň şaýady bolup ýaşap ýördük. Obaňda seretmäge nämedir bir zat bolsa dünýe hezil ýaly bolýan eken. Oglan gözleriň bilen seretseň-ä ol hasam hezil. Uly dünýäniň içinde kiçijik obamyzyň, Ogullanyň, Garagünäniň barlygy ony hasam hezilleşdirýärdi.

Şol ýylyň baharam ýaňy saçy örüme gelen ýetişmiş gyzy ýatladyp ir gelli. Ýedi arkasy ýere degmedik pälwan ýaly, Garagüne-de öňüne at geçirmän garrady. Indi ol höwre goýulmalydy. Bu köneden gelýän seýisçiligiň ýörelgesidi.

Ýöne herki zat öz bolýan wagty bolýan eken. Ýyldyrymyň öň çakan ýerinden çakmaýşy ýaly, obamyzda gaýdyp Garagünäniň  abraýyny saklajak at döremedi. Ýogsam seýsem şo öňki garry seýisdi, ot-çöpem şo öňki sähralaryň ot-çöpüdi. Ýöne senmi diýen at çykyberenokdy. Muňa hemmelerden beter garry seýis gynanýardy.

Garagünäne garrap çapuwdan galansoň indi öňbaýragy töwerekden gelýän atlar eýeleýärdi. Öz obaň toýunda, öz atyň galsa bu iň erbedidi. Şonuň üçin indi toý-tomgyňam weji gaçypdy. At çapyljak diýilse obamyzyň adamlary galan atyny görmejek bolup, ökje ogurlamak bilen bolýardylar. Sebäp hemmeler at galsa namys edýärdi.

Başga obalardan gelýän atlar bolsa, eýläk-beýläk waz ýasap, edýänim şü diýýän ýaly gyjy-gyjy edýärdiler. Haýsydyr bir suwumsyzyň bir-ä öz obasynda Anna baý diýeniň atyny taryplap bolgusyzja goşgam goşup ýetişipdir. Ol o goşgusyny häli-şindi suwumsyzlyk bilen aýdan bolýar. Ony men ýattutmaýyn diýsemem, hiç hakydamdan çykanok.

Oýnam atyň içinde,

Atyň çykdy Anna baý.

Ýaýraň atyň içinde,

Bagtyň çykdy Anna baý.

Bu pitjiň atma näçe gaharymyz gelse-de, sesimizi çykaramyzokdyk. Sebäp dilimiz gysgady. Atymyz çykmasa etmesizi eden ýaly bolup ýörüs.

Bu ýagdaý ýeke biziň däl, Baltak janawaryňam tenine batýan borly. Ol düýnki gezegem toýda, hiç zat bolmasa-da, iki ýola gaharly üýrdi. Nähilem bolsa janawar adamlaryň ýüzünden ýagdaýy aňýan borly. Onsoňam olam öz obamyzyň itidä.

Ynha bu gün ýene obamyzda toý bar. Anna ýöwsel gullukdan täze gelen ogluny öýerýär. Toýam bolsa, hemmeler körkeýp. Toýuň keýpine däl-de, Anna ýöwseliň göwni üçin toýa barýarlar. Ynha bahym göreşem başlar, soňam at çapylar. Onsoň ýene görmäsiň gelse-de, obamyzyň atynyň galanyny görmeli bor, eşitmäsiň gelse-de, nakysja goşgyny eşitmeli bolar. Göreşde bolsa, biz hakymyzy gidiremzok. Honha eýýäm Üpük mergen töwerekden gelen pälwanlara sereip gaharly gürledi. Oňam jany ýanyp duran borly. Özem eýýäm orta çykypdyr.

– Eňegine päki degmedikler ho oglan bilen – ol meni görkezdi – degrenlerem meň bilen bil tutsun…

Men erbet göreşemokdym. Emma şo gezek şowlamady. Ilerki obadan gelen bykyny kelte togalak oglan güpür-tapyr ýykdy. Ýöne Üpük mergeni ýykjak bolsaň birneme hupbat ýuwdaýsa gerek.

Aýdyşym ýaly bolly. Göreşde ýene biz üstün çykdyk.  Ýöne jarçy gözüne urulýan ýaly sesi bilen, barymyzyň süňňüni gowşatdy.

–  Kimiň atynyň satany uzyn bolsa, ilerki Sarmyradyň takyryna barybermelidir how!!!

Jarçy şeýdip üç ýola gygyrdy. Han-ha töwerekden gelen atlar agyzdyryklaryny çeýnäp çapyljak ýere tarap barýar. Biziň bolsa, atymyz ýok. Bolanjasam senmi diýen däl.

Biz biri-birimiziň ýüzümize seretmäge utanyp, ökje ogurlamak bilen bolluk. Edil şo wagtam garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy. Ol mukaddes kitaplaryň süresinden alynýan owadan rowaýat ýaly bir zatdy. Görsek Garagüne çapyp barýan atlaryň yzyndan kowup barýa. Üstünde-de, ne atoglan bar, ne-de eýer. Jylawsyz-zatsyz sopbaş özi. Ol hemişeki edişi ýaly hatap ýaly agzyny giňden açyp, äňini ýere degräýjek-degräýjek bolýa. Görseň endamynada eýýäm ak der – namys edip çapýan atlarda derler ir gelýär – gelipdir. Ol Güne ýalpyldan bedenini has owadan edip görkezýär. Öňem onuň çypýalaňaç bolup çapyp barşyna haýran galan mähelle, soňky bolup geçen ahwalata hasam haýran gally. Ol pellä ilkinji bolup gelip, ýüzüni asmana tutdy-da, haýkyrdy. Men şonda ol asmanda özüni tanaýan biri bilen gepleşýändir öýütdüm. Soňam, hawa soňam ol duýdansyz gelşi ýaly, duýdansyz sähralara siňip gitdi.

Şol gün agyr bergiden çykan ýaly hemmeleriň ýüzi ýagtyldy. Bu uly hasratyň kiçijik şatlygydy. Ýeňiş kiçijegem bolsa, ýeňiş bolýa. Şol gün obamyz Garagünäniň namys edip gelşi hakda uzakly gün gürrüň etdi. Ertesem şo gürrüň ýatmady. Birigünem…

Soňkusy gün garry seýsiň getiren habary bizi hasam begendirdi. Ol şu gün gylýal sürüsiniň içinde bir taýçanagy görüpdir. Ol beýleki taýçanaklardan üýtgeşik eken. Sürüniň içindäki taýçanaklar selin tümmekleriniň üstünden bökse, o taýçanak enesiniň üstünden böküp eýläk-beýläk geçýärmiş. Garagünänede bir wagt  taýçanakka edil şoňky ýaly, enesiniň üstünden bökýän eken.

***

Taýyň seçelenip duran kümüşsöw guýrugy bardy. Şonuň üçin garry seýis oň adyna Kümüşguýruk diýip dakdy. Özem ony gaty gadymdan gelýän seýisçilik ýoly bilen – ýyldyzlar arkaly seýislemäge başlady.

Men ýyldyzlar arkaly seýislenşi barada eşitsemem, henize çenli oň nähili seýislenişini görmändim. Şonuň üçin garry seýsiň her bir hereketini – has owunjak hereketinem sypdyrman synlaýardym. Synladygymça henize-bu güne çenli görmedik akylyňy haýran edijilik seýisçiligi görýärdim. Olar täsindi, gyzyklydy, şonuň ýalam inçedi.

Garry seýis Kümüşguýrugyň boýnunyň uzyn bolary ýaly, ahyryny uzyn-uzyn sözenlerden dikdi. Onuň bilenem ol oňman, iým berende-de, iýmtorbany kellesinden asman, ýörite çukur gazyp şoň içinde berdi. Soňam Ogulla matadan ululy-kiçili birnäçe haltajyk tikdirdi. Men olar nämä gerekkä diýsem, olaryň içini ürgün çägeden dolduryp, Kümüşguýrugyň aýagyna daňýar.

At gezim edip gelenden soňam, seýsiniň ýetendigini ýa ýetmändigini bilmek üçin dili bilen atyň sagrysyny barlaýar. Eger der ajy bolsa, onda atyň entek doly seýisiniň ýetmänligi, deri süýjän bolsa, onda atyň seýislenenligi. Muny ol ýaltanman her gün barlaýar.

Atyň höregi üçinem günde iki sany köşekli düýäniň süýdüni berýär. Ogullada mazaly sesini çykarman ääsiz olary sagýar. Men şonda könege düşýän süýdüň sähralarda owazlanşyna diň salyp gaty gadymdan gelýän aýdymy ýadyma salýan.

Gaýramyz çogan-çogan,

Çogana başyn ýuwan,

Gözüňe söweýin gumuň gyzy,

Gaýşaryp maýa sagan.

 

Garry seýsiň aýtmagyna görä düýäniň süýdi atyň süňňüni ýeňil edýär.

Garry seýis atyň gazygynam obanyň golaýynda däl-de, daşda dikdirdi. Onuň beýtmesiniň sebäbi, at adam bilen köp ysnyşsa, onuň aňlaklygy – at duýgusyny küteldýär, ol ynsan bilen dost bolsa-da, at hüşgärligini saklamak üçin daşyrakda gezse kem bolmaýar.

Wagtal-wagtalam garry seýis atyň endamyna ak çägeleri sürtýär. Men şonda ol ony ýuwýandyr öýderdim. Ýöne ol beýle däl eken. At agynasa, endamyna guba çägeleri sürtseň ol hiç açan kesellemeýär. Sebäp oň dogan topragy ony dert-beladan saklaýar.

Men o zatlary synlap haýran galardym, ýöne soňky gören zatlarym hasam haýrana goýdy. Indi garry seýis Kümüşguýrugy asmana – ýyldyzlara seredip seýislemäge başlady. Ol her gezek belli ýyldyzlar dogjak bolanda bar ünsi bilen atyň ýüzüne seredýärdi. Sebäp ýyldyzlar dogjak-dogjak bolanda ony ilki at duýýar. Şol wagt oňa bir galagopluk aralaşýar. Şonda atyň ýagdaýyny seýis bilip oňa näme gerek – çapuwmy, agynamakmy ýa gezimmi ýa-da ot-suwmy şony duýup, atyň islegini berjaý etmeli. Şony ýerine ýetirip bilseň, atyň ýyldyzlar arkaly seýislenendigi bolýar. Onuň yldyzlar arkaly seýislenenini bildirýän zadam, atyň guýrugynyň bir tary onuň boýnunyň inçelýän ýerine ylaýyk bolup oralmaly. Eger ol boýunguşagy ýaly ylaýyk bolman – uzyn ýa kelte bolsa, onda atyň bolmalysy ýaly seýislenmedigi. Geň ýerem atyň öz synasyny özüniň seýisleýänligidi. Şonuň üçin sen ata ýanaşjak bolsaň çyn seýis bolmaly.

Garry seýis bolsa çyn seýisdi. Ol bolmaly zady bolmalysy ýalam edýärdi. Ýyldyzlar bolsa, ýalňyşman öz gezeginde dogup durdy. Ilki Daňýyldyzy görünýärdi, soň Kerwengyran, soňam tirkeşýän ýyldyzlar – Ülker, Aralyk, Üç ýyldyz, Ýallyrak. Olar dört sany belli ýyldyzlardy. Iň soňunda-da, Ömrizaýa ýyldyzy sähelçe wagt görnüp, ýitirim bolup gidýärdi. Kümüşguýrugam her ýyldyz görnende bir zat isleýärdi. Kimsinde ýallaryny ykjatmak üçin çapuw küýsese, kimsinde agynasy gelýärdi. Garry seýsem şony berjaý edýärdi. Ýene bir gezegem ol suw islärdi. Soň ýene ota işdämenlik bilen ýapyşardy. Şonda men onuň dişleriniň kütürdisine diň salyp ýatmany gowy görerdim.

Garry seýis bolsa her gezek ýyldyzlar dogmaka ýüzüni asmana tutup birzatlary pyşyrdardy. Şonda men ýokarda özüni özi tanaýan biri bilen gepleşýändir öýderdim.

Soň Garry seýis başga bir zat tapdy. Onuň o tapan zady atyň aýaklaryny güýçlendirýärdi. Sebäp indi ol Garry seýsiň bir ýerlerden alyp gelen arabasyny gerdeni bilen çekýärdi. Özem göni ýolda däl-de, ýokarlygyna çekýärdi. Arabany ýeke çekip gidibermeli däldi, oňam özboluşly şerti bardy. Sebäp Garry seýis arabanyň üstüne döwük kerseni düňderip, oň üstünede bir käse suw goýýardy. Indi at ýapy-ýokaryk galsa-da, inişden aşak inse-de, käsedäki suw dökälmeli däldi.

Garry seýis bolsa täze tapan seýisçiligini rehimsizlik bilen talap edýärdi. Käsedäki suwuň bir damjasy eýle-beýle bolaýsa-da ol, geçirimlilik etmän ýene aty araba goşýardy. Kümüşguýruk janawaram diýlenini edip hem ýokaryk dyrmaşýardy hemem aşak inýärdi. Men şonda onuň damarlarynyň güýçli tarsyllaýanyny uzakdanam görýärdim.

Ahyry at käsedäki suwuň ýekeje damjasynam yrýa etmän ýapa münüp-düşüp başlady. Şondan soň Garry seýsem oň bilen ylalaşdy.

Men şunuň bilen seýisçilik gutarar öýütdim. Ýöne ol gutarmady. Garry seýis ýene bir zadyny tapdy. Indi men heniz säher gijäniň elinden sypmanka Kümüşguýrugy münüp Enebeýgiň üstüne alyp barmalydym. Şonda Kümüşguýrugam ylaýjak bäş sany tezek gaçyrmalydy. Soňam ol şol ýerdäki düýe agynaýan agynakda agynamalydy. Eger ol tezegini artyk ýa kem gaçyraýsa-da Garry seýsiň seýisçilik hasabyna dogry gelmeýärdi. Ol hökman bolmalysy ýaly bolmalydy.

Bir gezek men oglan gudumanlygyny edip: “Hökman men Enebeýgiň üstüne çykmalymy, gör ol nirelerde gally. Biljek gumany bomy” diýen niýet bilen bärden dolandym. Ol şo gün sesini çykarmady. Men onuň bilmeýänine begenip, ertesem şeýtdim. Birigünem. Soňky gezek Garry seýis geçirimlilik etmän şeý diýdi.

– Näme Öwekge, üç-dört günden bäri sen barmaly ýeriňe barman bärden gaýdýaň, ýa o ýerde gorkan-ürken zadyň bamy…

Al saňa gerek bolsa.

Men şonda erbet utananam bolsam, Garry seýsiň aňlaklygyna haýranlar gallym.

Garry seýis aty suwa ýakmaly bolanda-da, guýynyň gyrgynyna – suwuň ilkinji ýüzi, dury ýeri – ýakmagy tabşyrýardy. Suwa ýakyp gelemden soňam atyň sagrysyny barmaklary bilen barlap, dury suwy içenini içmänini aýdardy. Hemem hemişe guýa suwa ýakmaga gidemde münmän idip gitmegi tabşyrýardy. Bu seýsiň ata bolan çyn hormatydy.

Kümüşguýruk Garry seýsi dilgir etmän bolmalysy ýaly at bolup ýetişdi. Atyň düzüw atdygyny ýeke ynsan däl, atlaram aňýan eken. Haçan-da Garagüne bilen Kümüşguýruk sataşanda olar iki sany güýçli haýwanyň biri-biriniň güýjüne hormat goýup seredişi ýaly uzak wagtlap seredişdiler. Soň ýene seredişdiler. Ahyry Garagüne at çapylýan ala meýdanyň – bütin ömrüne gorap gelen meýdanynyň ygtybarly gola düşenine begenýän ýaly, ýüzüni asmana tutup kişňedi. Bu onuň ýüreginiň razylygydy. Kümüşguýrugam oňa jogap edip, gaty agyr ýüküň – namysyň öz gerdenine ýüklenenini bilýän ýaly olam kişňedi.

***

Ýalňyzlyk gowy görülmeänem bolsa, adam ýalňyzka kän zatlary serinden geçirýän eken. Ýyllaryň beýnime guýýan zatlary, oglan aýak yzlarym, gaty kän wagtdan bäri Günüň dogşuny görmeýşim meni ýene obama alyp barýar. Ýol uzak, gumaksam bolsa, ol meni obama alyp barýar.

Daraýy depeler. Enebeýik. Sähralardan gelýän ajy ýowşanyň ysy. Şol ýerde meň indi hiç haçan dolanyp gelmejek ýaşlygym ýatyr. Olar meň düýnüm. Şu günüm. Ertäm…

Hon-ha, sakgalyna mazaly ak sepen ýaşuly howutly erkegi idip geçip barýar. Men howut-halygyň entek ýitip gitmänligine begendim. Ýene bir begendiren zat, guýynyň somalyp duran utuny. Aklygyndan ýaňa süňke dönen köne çarham   teşneligiňi gandyrmak üçin entegem öz mähriban dilinde gepleýär.

Şol guýynyň suwuna men kän gezekler ýüzümi ýuwupdym.

Şol guýynyň başynda men ilkinji ýola söýgi pyşyrdysyny eşidipdim.

Şol guýynyň suwuny içip men beýnimi bekedipdim.

Men özümden biygtyýar oňa tarap ýönelemde ýerden çykan ýaly çaga sesi butnamazlyga mejbut etdi.

– Daýy, jigimiň dişi gaçdy weli, ejem Garagünäniň yzyna gömgün diýdi. Oň yzy şü ýerlerdemikä?..

Meniň gözüm dört-bäş ýaşly oglanjygyň elinden tutup guýa ýetip barýan gyzjagaza düşdi…

                                                                                      Öwezmyrat ÝERBENDI.

Ýene-de okaň

Ýazyň gyşa öwrülen güni

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)