SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Gap Inşaat” Türkmenistanda täze 3 sany saglyk merkezlerini gurar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Aşgabat şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän täze saglygy goraýyş merkezleri boýunça degişli resminamalara gol çekildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara Padiatirýa merkezi, 500 rounlyk Onkologiýa merkezi hem-de Stomatologiýa merkezi gurlar.

Bu iri saglyk merkezleriniň gurluşygyny ýurdumyzda köp ýyllardan bäri dürli saglygy goraýyş merkezlerini guran Türkiýäniň “Gap Inşaat” kompaniýasy alyp barar.

Türk kompaniýasy paýtagtymyzdaky bu iri saglygy goraýyş merkezleriniň gurluşygyna 2023-nji ýylda girişip, olary 2026-njy ýylda tabşyrar.

Related posts

To­msuň ys­sy gün­le­rin­de arassa agzy suwy içiň!

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

Köýtendagyň kanýonlary ÝUNESKO-nyň sanawyna giriziler

Leave a Comment