SPORT

Futbol Täzelikleri :Ata Watan Sport

“Nýukasl” topary tomusdaky transfer penjiresinde öz hüjümini güýçlendirmek isleýär. Nýukasl Leýpsig toparynyñ hüjümçisi Ýussuf Poulsen bilen ýakyndan gyzyklanýar diýip, Newcastle Chronicle saýty habar berýär. Nýukasl toparynyñ esasy maksady şu ýylyñ iýul aýynda 25 ýaşly Poulseny öz düzümine goşmak bolup durýar. Poulsen şu möwsümde 20 oýun geçirdi, 5 gezek ýardam pasyny we 3 gezek gol geçirmegi başardy.

****

Italiýanyñ “Napoli” topary öz derwezewany Aleks Merete topar bilen 2025-nji ýyla çenli şertnamasyny dowam etdirmegi hödürledi. Emma 23 ýaşly Italiýaly derwezewan bu teklipden ýüz öwürdi. Munuñ sebäbi öz çykyş edýän toparynda özini bagtsyz saýýandygy we ikinji derwezewan hökmünde çykyş edýändigi üçin diýip, belläp geçdi. Şu möwsümde Meret, 21 oýun geçirdi we 29 gezek öz derwezesinden gol geçirtdi. Napoli toparynyñ düzüminde derwezewanyñ şertnamasy 2023-nji ýylda tamamlanýar.

****

Italiýanyñ “Inter” topary ýarymgoragçysy bolan Marselo Brozowiç bilen şertnamasyny uzaltmak isleýär diýip, Tuttosport saýty habar berýär. Milan toparynyñ ýolbaşçylary bu oýunçy örän gowy oýnaýar we biz onuñ bilen dowam etdirmek isleýäris diýip, belläp geçýär. Brozowiçyñ şertnamasy 2022-nji ýylda tamamlanýar we ondan soñra Inter toparynda çykyş edip biler.

 

Ýene-de okaň

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi