MEDENIÝET

Eýranda dünýäniň iň uly kilimi dokaldy

Eýran Yslam Respublikasynda dünýäniň iň uly kilimi dokalyp gutardy. Bu el işiniň umumy meýdany 105 inedördül metre deňdir.

Eýran Yslam Respublikasynyň Fars welaýatynyň Gir we Karzin sebitiniň medeniýet, miras, syýahatçylyk we el işleri boýunça bölümiň ýolbaşçysy Mohammad Jafar Ebrahimi el bilen dokalan dünýäniň iň uly kiliminiň dokalyp gutarylandygyny belledi.

Kilimiň möçberi 7 х 15 metr bolup, onuň umumy meýdany 105 inedördül metrdir. Bu dünýäniň iň uly el işi Hurz obasynyň zenanlary tarapyndan dokaldy. Ony dokamak işine 9 zenan gatnaşyp, olaryň 7-si esasy dokaýanlar, 3-si bolsa kömekçilerdir.

– Kilim Katar döwleti tarapyndan sargyt edildi. Ony dokamak işini “Ariafar Kilim and Gabbeh” kompaniýasy gurnady.” diýip, bellän Jafar Ebrahimi bu kilimi dokamak üçin 66 müň 105 metr sapak gerek bolandygyny mälim etdi.

Kilim  – tüýsüz haly görnüşi bolup durýar. Ol sebitiň birnäçe döwletlerinde, hususan-da Türkiýede, Demirgazyk Afrikada, Balkanlarda, Kawkazda, Eýranda, Owganystanda, Pakistanda, Merkezi Aziýa döwletlerinde we Hytaýda dokalýar.

Häzirki wagtda kilimler dürli nagyşlar bilen bezelip, dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýar.

Mälim bolşy ýaly, Eýran dünýäniň iň uly haly önümlerini eksport edýän ýurtlaryň biridir. Bu ýurt özüniň haly we kilim önümlerini dünýäniň 57 ýurduna, hususan-da Kanada, Awstraliýa, Germaniýa, Ýaponiýa, Italiýa, Kuweýt, Keniýa, Hytaý, Fransiýa, Angliýa we beýleki döwletlere iberýär.

 

Auksion öýi öz maýa goýum gaznasyny döretdi

Ýene-de okaň

Aşgabadyň teatrlarynda Täze ýyl üçin teatr oýunlary görkeziler

Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy çykyşlaryny hödürleýär

Türkmenistan we Ýaponiýa ýaýlymlaryň 4K görnüşinde hyzmatdaşlyk eder

Türkmen edebiýatynyň uly ýitgisi

Türkmenistanda howa -8 gradusa çenli sowar, gar gatyşykly ýagyş ýagar

Röwşen Nepesow Täze ýyl konsertine çagyrýar