JEMGYÝET

Ertir Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergi we maslahat öz işine başlar

Ertir — 19-njy sentýabrda Türkmenistanyň ykdysady üstünliginiň ýurt Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan sergisi we  «Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry» atly ylmy-amaly maslahat öz işine başlar.

«Türkmenistan» gazetinde çap edilen bildirişde görkezilişi ýaly, bu sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda — Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berlişi ýaly, sergä ýerli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we kompaniýalaryň 70-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sergi we maslahat öz işini 20-nji sentýabrda tamamlar.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

 

Related posts

Aw möwsümi täze ýyla çenli ýapyk

Ata Watan Eserleri

Döwlet migrasiýa gullugy habar berýär

Dr.Döwran Orazgylyjov

Aprel aýynyň 24-30-y — Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi

Ata Watan Eserleri