Hekaýa
Sähragül – Gülsähra nähili şahyrana atlar! Özlerem edil akar çeşmäniň suwy ýaly akgynly. Bir döwürler şo ýerde behişdi durmuş ýaly ýaşaýyş bolupdyr. Onuň şeýle lälezarlygyny görmek üçin goňşy obaň adamlaram gyş ýakylan odunlaryň külüni alyslarda galdyryp şo ýere ýazlaga çykypdyr. Sebäp Sähragülde Ýerbent ýaýlasynda-da, selçeň gögerýän güller – Jöwdan güli, Tekesakgalyň güli edil biri eli bilen eken ýaly ümürsin bolup gögerýän eken.
Gülsähranyň oýunda Geçili baý diýen adam ýaşapdyr. Oň ymgyr kän geçisi bolansoň, il-gün oňa şeýle ýüzlenýär ekn. Geçili baýyň nebsi otugyp soň ol süri-süri goýunly, torumly-düýeli bolýar. Özem olar şeýle kän eken. Geçili baýyň nebereleri olary guýydan suwa ýakmak üçin ertirden agşama çenli guýynyň başyndan aýrylmaýar eken. Garagulak düýeler bolsa, biri suwdan gansa, ikinjisi öwrülip gelýärmiş. Aý garaz hezillik diýýä.
Soň Geçili baý, bäş sany köşekli düýäni çalşyp özüne at edinýär. Atam şeýle gowy görensoň, ol ýörite ene maýany tutup, şoň süýdüni berýär. Atyň owadan bolmagy üçin ýylanyň gowuny iýmine garyp iýdirýärmişin. Sebäp ýylan janawer awulam bolsa, ol owadan jandar.
Adamlar oň adyna hemişe täze tutulan enemaýanyň süýdüni içip ýörensoň Enemaýa diýip goýýar. Enemaýa janawaram Geçili baýyň ýüzüni utandyrman senmi diýen at bolup ýetişýär. Onuň owazasy ýeke bir Ýerbent ýaýlasyna dolman dag eteklerindäki obalarada ýaýraýar.
Sähragüliň oýunda şeýle behişdi durmuş dowam edip ýörkä, bir pukara oglanam gyz doganynyň dokan halyçasyny, enesi pahyrdan galan gyranlary satyp, olam bir taý edinýär.
Aý geçýär, gün geçýär, taý kemsiz ýetişýär. Çaýkanyp duran uly dünýede şeýle işler bolup ýörkä, diňe pukaralykda ýaşap ýören ötegçiniň biri Geçili baýyň gapysyny kakyp şeý diýýär.
– Meniň pukaralykdan başga aýbym ýok. Eger sen rugsat berseň, seň döwletiňden maňa-da ýokuşar ýaly şu töwerege göçüp geläýsem diýýän.
Geçili baý oňa Sähragülüň oýundan bir çöket aňyrdaky takyrlygy görkezip şeý diýýär.
– Bar şo-ol ýerde ýaşaber, belki çyrşagyňy – rysgalyňy taparsyň…
Şeýdip pukara şo ýerde ýaşaberýär. Il-gün oň ýaşan oýunyň adynam rysgalyny gözläp gelensoň “Çyrşakly” diýip goýýar.
Şeýle günleriň birinde Sähragülde toý tutulýär. Ine şu ýerde-de, adam oglunyň hiç haçan güman etmedik owadan rowaýatynyň başy başlaýar. Toýa çapdyrmak üçin pukara oglanam atyny alyp gelýär. Ýene bäş-üç sany at ýygnanýar. Ýaş oglanyň atyny gören Geçili baýyň seýisi baýyň gulagyna hiç kime bildirmän çawuş çakýar.
– Baý aga, Enemaýa bilen bäsleşjek atlaryň içinde biriniň demi zor görünýä. Atyňy çapdyrma. Abraýdan düşersiň…
Beýle zada agaraşmadyk Geçili baý howsalaly gepleýär.
– Nädip bahana tapyp bor?
– Atyň toýnaklary takyry zaýalaýar diýäý…
Şöhrat belasyna garagy gapylan Geçili baý şonam diýýär. Sähra adamlaram suwuň nämedigini – gymmatyny bilýän adamlar, olar baýada düşünýärler. Toýnak yzlarynyň derýa ýaly bolup ýatan takary zaýalajagynam bilýärler. Ýöne at, at borda. Türkmen ýagşy zatlarynyň hemmesini ata ýanaýar ahyry.
Adamlar lapykeç bolýar. Ýöne etjek zatlaram ýok. Topar at çapyljak ýerem Geçili baýyňky. Onda näme etmeli? Şol wagtam öz çyrşagyny gözläp gelen pukara bende seslenýär.
– Atyň göwnüne degip gazanylan baýlyk maňa derkar däl. Men öňki pukaralygym bilenem oňaryn. Ýöne at janaweriň göwni synmasyn.
Atlar “Çyrşaklynyň” takyrynda çapylýar. Toý sowulýar. Ýöne hemişeki şahyrana at Sähragül şol gün üýtgeýär – “Namardyň oýy” bolýar.
Şol gün diňe bir Sähragülüň ady üýtgemän “Çyrşaklynyň” adam üýtgeýär – “Tarhanly”.
Geçili baý günäsine düşünýär. Ýöne eýýäm giç bolýar. Şondan soň bar zat tersine bolup ugraýar. Hat-da, çapdyrylman göwnüne deglen Enemaýa-da süýdüne gelmeýär. Bi şo “Atyňy urma, dostuňy gaçyrarsyň” diýleni bolýar.
Şeýdip öňki Gülsähra indi “Namardyň oýy” bolýar. Soň o ýerde ýaşaýşyň weji gaçýar. Hemişeki gyz nazary ýaly ýumşaksy sähralar indi hyjuwdan doly zenan kalby ýaly tupanly görünýär. Ot-çöpüňem ýüzi solmak bilen bolýar. Bahar aýam has keltelýär. Gurakçylyk sähralary guradýar. Takyrlar, kaklar suwuny çekýär. Hatda durnalaram öň obanyň üstünden geçse, indi olaram ýoluny üýtgedýär.
Soň näme bolýar?
Soňmy…
Geçili baý günäsini ýuwmak üçin mukaddes ýerlere gidýär. O gidensoň Enermaýa baýyň oglunyň elinde galýar. Bir günem ol, Enemaýany görüp dursam ýaramyň ýüzi durmalanýan ýaly bolýar diýip, ony satarman bolýar. Ata Was ilinden hyrydar tapylýar. Ýöne bir şert bilen aty öňzüň eltip bermeli. Ateýesi ylalaşýar. Soňam ol Enemaýanyň yzyna ýene bir aty tirkäp niredesiň Was diýip ýola rowan bolýar. Ýöne ýüregi bir zat syzan ýaly Enemaýa gitmejek bolup, närza halda kän kişňeýär. Onda-da oglan öz diýenini edýär.
Soň ol Was iline barýarka ýolda bir kerwene sataşýar. Kerweni çekip barýan küýki garry adam eken. Töweregindäkilerem oň ilen-çalanlary. Ortaradaky ineriň üstünde-de gözi bag çeşbiniň gözi ýaly balkyldap duran gelin otyr. Ýöne näme üçindir onuň owadan gözleri ýaşly görünýär.
Agşam olar düşlänlerinde ýarygijeler şol owadan gelin oglany yralaýar.
– Men şularyň gelni. Olar meni öz ýurtlaryna alyp barýalar. Men adamymy halamok, öňem bir gezek yzyma dolandym. Halys ýüregim çekenok. Kerweni çekip barýanam gaýyn atam. Eger sen atyny berseň men ýene yzyma dolanjak. Sen gaýrat et-de bir naçaryň ýumşuny bitir. Seň atyň gowy eken, kowsalaram ýetip bilmezler…
Oglan oýlanyp Enemaýanyňam o ýurda gidesiniň gelmeýänini ýadyna salyp razy bolýar. gelin kerweniň yzyny yzarlap niredesiň Kesearkaç diýip gyp besýar.
Ertesi gelniniň gaçyp gidenini bilip, kerwen eýesi oglana şeý diýýär.
– Kow yzyndan, getirseň kerweniň ýarym goşy seňki…
Oglan ýeke agyz şeýle jogap berýär.
– Meň atym naçaryň yzyndan kowalamaýar…
***
Men şol gün uzakly gije ýatman gören-eşiden zatlarymyň hemmesini kagyza geçirdim. Ertesi gün Enemaýanyň soňky ykbalyny soraglap näçe özelensemem, “bilemizokdan” başga hiç zat aýtmadylar. Lapykeç halda yzyma gaýtjak bolamda kimdir biri şeý diýdi.
– Ho Enebeýigiň aňyrsynda bir adam goýun bakyp ýörendir, şo bilse birzatlar aýdaýmagy ahmal. Ýöne o bilen gepleşmek kynyrakdyr. Erbet adamam däl, ýöne birhili gagalyrakda…
Men salgysyny alan ýerime barsam hakykatdanam gürzelek sakgally mazaly gartaşandygyny bildirýän ýaşuly bir bölejik goýunyň yzynda gezip ýören ekeni. Meni görüp iki sany äpet it maňa tarap gaýtdy. Men gorkyma guran sözen agajynyň bir şahasyny alyp goranmaga durdum. Itler gaty äpetdi, şonuň ýalam gaharjaňdy. Allarladyp barýardylar. Goja bolsa bu zatlary görmeýän ýaly ho-ol aňyrda seredip dur. Ahyry ol birzatlar diýip gygyrdy weli göze görünmeýän ýüpe daňylan ýaly itler tirkeşip goja tarap ýöneldi.
Men oňa matlabymy aýdamda ol sypaýyçylyksyz şeý diýdi.
– Sag bilem samsygy ekip alyp bolmaýşy ýaly, sowgat diýilýän zadam öňýeteniň kellesi götererden agyrrak telpekdir… Idili ýazyp bilmeselerem hemmeler ýazýandan bolup ýörler…
Men sesimi çykarmadym. Soň gojada gürlemedi. Ynha menem indi üç günden bäri kölegesi ýaly bolup oň yzyna düşüp ýörün. Goja bolsa eger-eger gürläýinem diýenok.
Ahyry oň nebsi agyran borly. Biz ýadap otyrkak, ol gandymyň guran gara töňňesine ýaplanyp gürrüňe başlady.
– Obamyzdan bir gyz etekdäki obalaryň birine durmuşa çykýar. Ol heniz kürteden çykmadyk gelin mahaly, dulda aňyrsyny bakyp sülmüräp otyrka gulagyna atyň kişňeýän sesi eşidilýär. Bu sesi eşiden gelin allaniçiksi bolup, kürtäni serpýär-de şeý diýýär.
– Biziň obamyzyň atynyň – Enemaýaň sesi gelýär…
Täze gelniň daşyny galap oturan gelin-gyzlar gelniň bu bolşuna geň galýar.
At ýene bir ýola kişňeýär. Kürteden çykmadyk gelne gürlemek aýybam bolsa, ol durup bilmän ýene gürleýär.
– Bi hut şoň sesi…
Goja bu gürrüňleriň maňa nähili täsir edýänini biljek bolýan ýaly, käýärym-käýärym gyýtmak gözlerini aýlaýardy. Meň üns bilen diňleýänimi bilibem ýene Enemaýa hakyndaky buýsançly gürrüňlerini owazlandyryp gijäniň tümlügine siňdirýärdi.
Men durup bilmän “yzy nähili bolly” diýen sözüme-de, “Diňlemäni başar” diýýän ýaly ýüzüme nägilelik bilen barha çöňňelişen gözlerini aýlaýardy. Meniň eden “günäme” düşünendigini bilibem ýene gürrüňini dowam etdirýärdi.
– Gelniň daşyndaky oturanlar bir syryň bardygyny aňyp, obanyň töweregine seretseler at çapylýan ýerde bir bedew at – Enemaýa duranmyş. Bi ýer bir döwürler Enemaýanyň toýda çapyşyp ýeňiji bolan ýeri eken. Janawar küren obanyň içinden özüniň begenen ýerini tapypdyr. Soň oba adamlary aty idip gelip gelniň gapysynda daňýarlar. Soň men hiç zat bilemok. Ýöne Enemaýa soň gaýdyp obamyza dolanmady. Aýdyşlaryndan şol gelniň çowlugymy ýa ýuglugymy, heniz aýatda diri diýýärler. Belki şo birzatlar biler…
Goja hasrat çekýän ýaly uludan demini ally. Soňam köräp duran oda seredip kän oturdy. Men durup bilmän ýene dilendim.
– Şo gelniň ilen-çalany nirede ýaşaýarka?
– Bäherden sebitindemiş…
Men goja bilen hoşlaşyp Bäherdene gitmegi ýüregime düwdüm. Ertir ýa birigün, ýok hökman ertir ýola düşerin…
***
Geçmişe hem ýatlamalara baý gadymy Ýerbent ýaýlasy öz syryny aýawly saklap, pugta dymýar. Öňki Sähragül, häzirki “Namardyň oýy” adaty gum oýlary ýaly, ökde suratçynyň çeken, ýöne Güne birneme saralan suratyna meňzeýär. Men iň soňky ýola nebsiagryjylyk bilen birwagtky şagalaňy sowulmaýan Sähragüle seretdim. hemişeki daraýy depelere derek obanyň töweregi ýalaňaç aklaň bolup ýatyr. Selin-sazag-a däl, hatda sähralaryň iň çydamly ösümligi sözenem görünmeýär. Bir döwürler akyp ýatan derýany ýadyňa salýan ak takyram – Geçili baýyň şöhrat üçin atyny çapdyrmadyk takyryny gum basypdyr. Obaň adamlaram günäsini geçmek kyn bolan günäkär ýaly birwagtky bolup geçen işe özlerini müýnli saýyp henizem kibtini gysyp ýaşap ýörler. Bardy-gelli olardan ötegçileriň biri obanyň adyna “Namart” diýilmeginiň sebäbini soraýsalaram, olar geplemän ilki biri-biriniň ýüzüne seredişýärler. Soňam gara tegmil basylan obalary hakda gürrüň berýärler… Ýöne olar pyşyrdy bilen aýdýarlar.
Öwezmyrat ÝERBENDI.