TEHNOLOGIÝA

Elektrikli ýük awtoulagyny haçan görmek bolar?

Ýaponiýada öndürilýän we dünýäde awtoulag markalarynda tanalýan “Toyota” awtoulag kompaniýasy, ABŞ-nyň bazary üçin elektrikli ýük awtoulagyny öndürýändigini habar berýär. Kompaniýanyň beren beýanatynda bu ýük awtoulagynyň 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda bazara cykaryljakdygy habar berilýär. Şeýle hem elektrik ulaglaryna bolan gyzyklanma günsaýyn artýar, munuň bilen ýük awtoulaglary bolsa bu tendensiýadan kem-kemden paý alýarlar. Ýapon awtoulag öndürijisi “Toyota”, ABŞ-da elektrik ýük awtoulag bazaryndaky ornuny has-da berkitmek maksady bilen işleri giňeldýär. Resminamada “Toyota” kompaniýasynyň elektrik ýük awtoulagy ilkinji nobatda ABŞ-da elýeterli bolar diýlip, bellenilýär.

Elektrikli ýük awtoulagyny haçan görmek bolar?

Geçen ýyl ýapon kompaniýasy, ýapon bazary üçin 25 tonna agramly elektrikli ýük awtoulagyny öndürjekdigini mälim etdi. ABŞ-nyň bazarynda hödürlenjek “Toyota” kysymly elektrikli ýük awtoulagyny, kompaniýa 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda hödürlär. Elektrikli ýük awtoulagynyň üstünde şeýle hem “Nikola”, “Tesla”, “Volkswagen” we “Daimler”  kompaniýalar işjeň işleýär.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär

“Bitdeer Technologies Group” Türkmenistanda ilkinji maglumat merkezini gurar

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler