Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň çäklerinde tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça uly işler amala aşyrylýar, olar bilen baglanyşykly möhüm wakalar bolup geçýär. Şonuň netijesinde ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde daşky gurşawyň gözelliginiň artdyrylmagy, onuň aýrylmaz bölegi bolan ýeriň, suwuň arassalygy, ösümlik, haýwanat dünýäsiniň baýlaşdyrylmagy gazanylýar.
Hormatly Prezidentimiz “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş şygaryna esaslanyp, ilatyň saglygyny gorap saklamaga, ajaýyp tebigatymyza aýawly çemeleşmäge, tebigy baýlyklarymyzdan tygşytly peýdalanmaga, ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmäge, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Garaşsyz Watanymyzda ýylyň iki möwsüminde bag ekmek dabarasy geçirilýär. Munuň netijesinde owadan baglara beslenen seýilgähler, arassa ekoulgam, şeýle hem tokaý zolaklary kemala gelýär.
Bu günki gün ekologiýa howpsuzlygyny gazanmaga, daşky gurşawy ýaramaz täsirlerden goramaga dünýä boýunça möhüm mesele hökmünde garalýar. Bu babatynda 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hökmünde bellenilip geçilýär. Ýurdumyzda Daşky gurşawy guramagyň Bütindünýä güni aýratyn bellenilýän baýramçylyklaryň biri.
Belli bolşy ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynyň daşky gurşawyň goraglylygyny, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen bilelikde ösdürilmegi strategik meýilnamalarda, ýagny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşinde, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynda» we beýleki resminamalarda anyk bellenilýär. Şeýlelikde, olaryň çäklerinde öňde goýlan wezipeleriň toplumlaýyn ýerine ýetirilmegi milli ykdysadyýetimiziň tutuşlygyna ekologiýalaşdyrylmagyna, has takygy, bu ugurdaky degişli meseleleriň sazlaşykly, utgaşykly çözülmegine hyzmat edýär.
Bu barada aýdylanda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiň pudaklarynyň hem-de ekologiýanyň bilelikdäki ösüşine bagyşlanylan dünýä hem-de sebit derejesindäki maslahatlaryň, sammitleriň, forumlaryň we beýleki çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülendigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawyň howpsuzlygyny, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanylmagyny, howanyň üýtgemeginiň, çölleşmäniň öňüni almaklyga goşant goşulmagyny üpjün etmek baradaky teklipleriniň, amala aşyrýan işleriniň ählisi Türkmenistanyň bu babatdaky halkara ýörelgelerine eýerýändiginiň, borçnamalaryny doly ýerine ýetirýändiginiň subutnamasydyr.
Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegi durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ählumumy daşky gurşaw meselelerini çözmek halkara, sebit we milli derejelerde tagallalary birleşdirmegi talap edýär. Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ekologik meselelerine strategik çemeleşme kabul edilende, ýöriteleşdirilen düzümi — merkezi edarasy Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiz bu merkeziň işlemegi üçin guramaçylyk we tehniki şertleri döretmäge ýurdumyzyň taýýardygyny beýan etdi. Ýurdumyzyň halkara ekologiýa başlangyçlary diňe bir seslenme bolman eýsem, hormatly Prezidentimiziň olary durmuşa geçirmekde ähli zerur goldawy bermäge taýýardygy baradaky beýan edýän teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa mynasyp bolýar.
Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän ekologik çäreler milli ykdysadyýetimiziň ösmeginiň täze şertine, halk hojalygynyň geriminde tebigatdan peýdalanmagyň düýbünden täze nusgasyna geçmek üçin netijeli binýada öwrülýär. Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ekologiýa babatda ruhy-ahlak terbiýäni hem-de ýokary medeniýeti, tebigata paýhasly-jogapkärçilikli garamagy hem öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak boýunça alyp barýan nusgalyk işlerinde geljekde-de uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Mähri Halmyradowa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Rus dili we edebiýaty hünäri IV vyl talyby.