DÜNÝÄ

Dünýäniň iň baý adamy kosmosa ymtylýar

ABŞ-nyň elektron söwda platformasy “Amazon” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezosyň wezipesini tabşyrjakdygy mälim edildi. Bezosyň şu ýylyň üçünji çärýeginden başlap, wezipesini Andi Jassä tabşyrmagy göz öňünde tutýandygy mälim edildi. Jassi birnäçe wagtdan bäri kompaniýanyň “bulut” tehnologiýasy ugrunda iş alyp barýardy.

Dünýäniň iň baý adamy hasaplanýan Bezos kompaniýadaky wezipesini tabşyryp, onuň kosmos ylmy-barlaglaryna hem-de “Waşington Post” gazetine has köp wagt aýyrmagy meýilleşdirýändigi aýdylýar.

Internet arkaly kitap söwdasy bilen söwda ýoluna gadam uran dünýäniň iň baý adamynyň durmuşy barada gysgaça maglumat bermek has dogry bolsa gerek.

BEZOSYŇ DURMUŞY

1964-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda ABŞ-nyň Nýu-Mehiko ştatynyň Albukerke şäherinde dünýä inýär. 1968-nji ýyla çenli Jorgenson familiýasyny göterýär. 1968-nji ýylda ejesiniň Kubadan göçüp gelen Miguel Bezos bilen durmuş gurmagyndan soňra Bezos familiýasyny alýar.

Ony tanaýan adamlar Jeff Bezosyň zehinli çagalygydygyny aýdýarlar. Hatda kiçilikden tehnologiýa has köp ymtylýandygy üçin doganlarynyň otagyna girmeginiň öňüni almak üçin elektron duýduryş ulgamyny döredýär. Bezosyň taslamalary ulaldygyça, maşgalasy oňa jaýyň ýerzeminini  berýär.

Bu ýerde özüne kiçijik laboratoriýa guran Bezos Gün energiýasy bilen işleýän enjamlaryň üstünde köp synag geçirdi. Şol ýyllarda ilkinji telekeçilik tejribesini gazanan Bezos çagalar üçin “Arzuw instituty” atly maksatnama boýunça 10 günlük dynç alyş çäresini guraýar.

10 ýaşynda kompýuter bilen tanşan Bezos ýaşlykdan köp sanly programmalary özleşdirýär. Bezos bilimi bu ugurda alýar. 1986-njy ýylda ABŞ-nyň iň abraýly Prinston uniwersitetini tamamlaýar. Prinston uniwersitetiniň kompýuter ylymlary fakultetini ýokary dereje bilen gutarandan soň, “Fitel” firmasynda işe başlaýar. 1987-nji ýylyň fewral aýynda tehnologiýa we işewürligi ösdürmek boýunça menejeriň kömekçisi wezipesine bellenilýär. Bu firmanyň Nýu-Ýork we London şäherindäki edaralarynda işlän Bezos Nýu-ýork şäheriniň meşhur Uoll-strit köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Bankers Trust Company” maýa-goýum bankyna işe girýär.

INTERNET ULGAMYNA MAÝA GOÝUMY

Internetiň her ýyl 2300 göterim ösýän bazarydygy baradaky makalany okandan soň, bu ugura maýa goýmak kararyna geldi. Bu pikirini taslamalaşdyrmak üçin 2 ýyl töweregi wagt gerek bolar.

AMAZON” PIKIRI GOLDANYLMADY, WEZIPESINI TABŞYRDY

Bezos şol döwürde “Amazon” pikirini goldamaýan kompaniýasyndan işden çykýar. Emme işlän kompaniýasy bu taslamadan täsirlenmändi. Bezos bu taslamasy kabul edilmändigi üçin işden çykyp, milliarder bolmak ýolunda ilkinji ädimini ädýär.

1995-nji ýylyň 16-njy iýulynda “Amazon” taslamasyny döreden Bezos internet arkaly kitap satyp başlan döwründe 30 ýaşyndady.

AMAZON” SÖZÜNI SÖZLÜKDEN TAPDY

“Amazon” kompaniýasynyň adyny sözlükden tapandygyny ozal birnäçe gezek mälim eden Bezos “Amazon tokaýlary” adynyň hemişe ýatda galýandygyny belleýär. Bezos soňlugy bilen bu kompaniýasyny diňe kitap satan platforma bolmakdan ulaldyp, halkara derejesinde internet söwda saýtyna öwürýar.

1997-nji ýylda “Amazon” kompaniýasyna gyzyklanma has ýokary boldy. Bezos gazanan girdejisini kompaniýany has-da ulaltmak üçin sarp edýär. Kompaniýanyň ammarlaryny köpeldýär we saýtyň programma üpjünçiligini güýçlendirýär.

Soňra birnäçe ýyl kompaniýa girdeji gazanyp bilmeýär. 2001-nji ýylda täzeden girdeji gazanyp başlaýar. 2007-nji ýylda “Kindle” bilen kitap okamak endigine sanly ulgama geçirýär.

KOSMOS ULGAMYNA GYZYKLANMA BILDIRÝÄR

Soňky ýyllarda Bezos kosmos tehnologiýasyna has köp gyzyklanma bildirýär. Ol “Blue Origin” atly kosmos kompaniýasynyň hem eýesi. Ol bu kompaniýa uly möçberde maýa goýýar.

Bezosyň 2018-nji iýulynda girdejisi 150 milliard dollara ýokarlandy. Ol bu emlägi bilen “Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýtsden öňe saýlandy. Bezosyň şahsy baýlygy 178 milliard dollara deňdigi çaklanylýar.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy

Donald Tramp – ýylyň adamy