TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň ilkinji wodorod otlusy synag edildi

Fransiýanyň “Alstom” energiýa we ulag kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen dünýäniň ilkinji wodorod bilen işleýän “Coradia iLint” otlusy synag edildi. Şeýle otlunyň synag edilmek dabarasyna Fransiýanyň ulag ministri Žan-Batist Jebbari hem gatnaşdy.

Göz öňünde tutulýan otly, Germaniýada, Niderlandlarda we Şwesiýada bolşy ýaly, synaglary Fransiýada geçirmegi başardy.

2018-nji ýylda Fransiýada hapa gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmagy maksat edinýän “Wodorod meýilnamasy”-nyň çäklerinde ýola goýlan otlynyň arassa energiýa bilen işlemgi köp ýurtlaryň ünsüni özüne çekýär.

Iki ýyl ozal, “Coradia iLint” otlusy Germaniýada täjirçilik hyzmatyna girizildi we şu wagta çenli Germaniýa tarapyndan şeýle otlularyň 41 toplumy sargyt edildi.

Bir ýyl synagdan geçiriljek we 2024-nji ýyldaulanmaga beriljek otlunyň ýylda takmynan 330 tonna CO2 tygşytlamagy we iň ýokary tizligi sagatda 160 kilometre ýetjekdigi mälim edildi.

Şeýle hem Germaniýanyň döwlet demir ýollary “Doýçe Bahn” we tehnologiýa ägirdi “Siemens” geçen ýyl 2050-nji ýyla çenli zyňyndylary nola çenli azaltmak meýilnamasynyň çäginde wodorod bilen işleýän otlylary işläp düzüpdi.

 

39 ýyl komada bolup, aradan çykdy

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar