SIZDEN GELENLER

Dünýäň syry kitap bilen açylýar…

Ynsanyň içki dünýäsine ylham nuruny çaýýan kitabyň ähmiýeti barada söz açanymyzda onuň gadyr-gymmaty bütin dünýä ýüzüniň ynsanlary üçin öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Şol sebäpli adamzat jemgyýeti ýylyň bir gününi ýagny 23-nji apreli bu gymmatly hazyna bagyşlamagy müwessa bilip, “bütin dünýä kitap güni” diýip yglan edipdir. Biz hem öz gezegimizde, adamzadyň ylym-bilim çeşmesi bolan kitaply dünýäniň taryhy ykbaly dogrusynda söz açmagy makul bildik.

      Şol gün Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni ýa-da Halkara kitap güni hökmünde ykrar edilendir. Ol 1995-nji ýylyň 23-nji aprelinden bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça Guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan kitaplaryň okalmagyny, neşir edilmegini we awtorlyk hukugyny ýokarlandyrmak üçin her ýyl geçirilýän dabaraly çäreleriň biridir. Ilki bilen bu dabaraly senäniň taryhyna ser salsak, gürrüňini edýän mowzugymyzyň beýanynyň has jüpüne düşdügi bolardy.

Ylym dünýäsiniň nagmasy bolan kitaplaryň güni ilkinji gezek Ispaniýada 1926-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda görnükli ýazyjy  Migel de Serwantesiň hormatyna beýleki bir ispan ýazyjysy Wisente Klawel Andresiň hödürlän teklibi bilen bellenilip başlanypdyr. Muňa garamazdan adamlar kitap gününde açyk meýdanda seýil edip kitap dükanlardyr sergilerine gezelenç etmegi has amatly hasaplap, ony 23-nji aprele geçiripdirler. Şol gün ilat kitap ýarmarkalaryna aýlanyp, göwünleriniň islän kitaplaryny satyn alypdyrlar. Dostlukly gatnaşyklaryny has-da berkleşdirmek üçin ýakynlaryna kitap sowgat beripdirler.Eýsem-de, kitabyň gadyr-gymmatyny şöhratlandyrýan bu dabaraly senäniň Ispaniýanyň çäginden çykyp dünýä ýaň salmagyna näme sebäp boldyka? Mälim bolşy ýaly,  gadymýetde kitaplaryň häzirki döwürdäki ýaly ýalpyldawuk örtükleri ýa-da ýylmanak sahypalary bolmandyr. Müňlerçe ýyllar mundan ozal gadymy siwilizasiýalarda ýazuw ulgamlary oýlanyp tapylanda, palçykdan ýasalan gönüburçly kerpiçler kitabyň ornuny tutupdyr. Wagtyň geçmegi bilen bolsa adamzat papirus ulanmagyň usulyny oýlap tapypdyr. III asyrda hytaýlylar häzirki kitaplara meňzeş, bilelikde tikilen köp sanly galyň, bambuk sahypalaryndan ybarat, ilkinji ýönekeý kitaplary jemgyýete hödürläpdirler. Şeýle-de bolsa kitaplar ähli halka elýeterli bolmandyr. XV  asyryň ortalarynda Iogann Gutenbergiň çaphanasynda kitaplary çap etmek ýola goýlandan soň ynsan bilen kitaply dünýäniň arasy has-da ýygjamlaşyp başlapdyr.Akyldarlaryň biriniň “Kitap okamak ajaýyp söhbetdeşligiň alamatydyr. Çünki kitaplaryň hemmesi gürleşýärler. Käbir kitaplar bolsa iň gowy diňleýjidirler” diýip nygtaýşy ýaly, kitap ynsan duýgusynyň taryny näzik kakýan bir guraldyr. Ol adamlaryň içki dünýäsindäki meni bilen ýüzbe-ýüz goýup, durmuşda öz ýoluňy tapmaga ýardam edýän ýol görkezijidir. Kitaply dünýä aralaşmak üçin belli bir günüň yglan edilmegi derkarar däl bolsa gerek. Çünki kitaba bolan teşnelik adamyň içki dünýäsinde bolmaly. Şol sebäpli  kitap gününiň 23-nji aprel hökmünde ykrar edilendigine garamazdan, dünýäniň birnäçe döwletlerinde ol ýylyň beýleki günlerinde bellenilýär.Dünýäniň beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem kitaplar aýratyn gadyr-gymmatyň sütüninden şöhlelenýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Ähli ösüşleriň, ylmyň gazananlarynyň gözbaşy kitapdyr” diýip nygtaýşy ýaly ösüş diýen düşünjäniň aňyrsynda diňe kitabyň  durýandygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylyp, kitaphana işi kämilleşdirilýär. Gadyr-gymmaty bimöçber bolan kitaplar her bir raýatlarymyz üçin örän elýeterlidir. Goý, eşretli zamanamyzda kitaply dünýäniň ylham nury egsilmesin!

Maral Annamuhammedowa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet

uniwersitetiniň talyby.

Hytaý: Diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleri 2022

 

              

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika