SPORT

Dünýä çempionaty üçin sanjym hökmany bolar

Katarda 2022-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatyna sanjym bolmadyk janköýerler stadionlara goýberilmeýär. Dünýäniň abraýly ýaryşyny gurnaýjy Katar hem gelýän janköýerler üçin millionlarça doza sanjym satyn almagy meýilleşdirýär.

Kataryň Premýer-ministri Şevh Haled ben Halifa Al Tani sanjym barada maglumat berdi. Ol çempionatyň başlanýan wagtyna çenli köp sanly ýurtda sanjym işleri geçiriljekdigini belläp, şol wagta çenli käbir ýurtlaryň sanjym işini tamamlap bilmejekdigini belledi. Sanjym bolmadyk janköýerleriň stadiona alynmajakdygyny bellän Kataryň Premýer-ministri sanjym almak üçin degişli kompaniýa bilen gepleşikler geçirilýändigini belledi. Şonuň netijesinde, ýurda geljek adamlar üçin million doza möçberinde sanjym alynjakdygyny belledi.

Katar öz raýatlaryna we ýaşaýjylaryna “Pfizer-BioNTech” we “Moderna” sanjymlary bilen sanjym edýär.

Şeýh Haled Dohanyň dekabr aýynda geçirjek 2021-nji ýyldaky Arap kubogynyň Kataryň uly ýaryşlary geçirmäge taýýardygyny görkezjekdigini aýtdy.

Şeýle hem ol köp sanly stadionyň tamamlanandygyny we 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň soňky oýnuny kabul etjek we häzirki wagtda 90% tamamlanan “Lusail” stadiony ýaly üç stadionda işiň dowam etdirilendigini aýtdy.

 

Howa maglumaty: 21-27-nji iýun aralygy

 

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy