SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dubaýda «akylly» hassahana açyldy

Dünýäniň iň çalt ösýän şäherleriniň biri bolan Dubaýda «Näme üçin «akylly» lukmançylyk enjamlary bolup, «akylly» hassahana bolmaly dälmişin?» diýen sowala jogap berildi. Şäherde açylan «Fakeeh University Hospital» hassahanasy Ýer ýüzündäki az sanly «akylly» hassahanalaryň biridir.

350 orunlyk täze hassahana Birleşen Arap Emirlikleriniň hökümetine 1,5 milliard dirheme, başgaça aýtsak, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 411 million dollaryna düşdi.

Metbugat sahypalarynda berilýän habarlara görä, täze hassahanada lukmanlar bilen hassalaryň ýa-da hassalaryň hossarlarynyň arasyndaky aragatnaşyk ýörite planşetleriň üsti bilen alnyp barylýar. Ýöriteleşdirilen tehnologik merkez bolsa hassalara gije-gündiziň dowamynda gözegçilik edip durmaga mümkinçilik berýär.

Täze hassahana häzir bölekleýin açyldy. Ýöne 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde onuň ähli bölümleriniň işläp başlamagyna garaşylýar. Saud Arabystanynyň «Fakeeh  Care» kompaniýasy bilen bilelikde enjamlaşdyrylan hassahanada Germaniýada öndürilen döwrebap lukmançylyk enjamlary ornaşdyryldy. Onda 60 sany ýatakhana we 12 sany operasiýa otagy bolar.

Hassahanada «Siemens», «Philips» we «Cisco» ýaly öňdebaryjy kompaniýalaryň käbir «akylly» enjamlary ilkinji gezek peýdalanylar.   

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

Fransiýada jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edildi

Ýylyň nika toýy: Jeff Bezos bilen Loren Sançes resmi taýdan öýlendi

Raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli hünärmenler taýýarlanýar

Raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda antalýa baryp gördüler

“Pekin – Duşenbe” ugry boýunça ilkinji gatnawyny ýola goýdy