SIZDEN GELENLER

Dr.Emrah Ýylmaz :Türkmen Halkynyň Beýik Ýüpek Ýoluna Goşandy

Biz Size Türkiýeli akademik Dr.Emrah Ýylmazyň “Türkmen Halkynyň Beýik Ýüpek Ýoluna Goşandy we “Türkmenistan Beýik Ýüpek Ýolunyň Yüregi” atly Eseriň Söz Baýlygy” ady bilen Türkmen dilinde 2018-nji ýylda ýazan makalasyny ýetirýäris.

Türkmenistanyñ çuññur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyñ belent maksadynda şeýle diýilýär: Biz hemişe «Medeniýet halkyň kalbydyr!» diýen ajaýyp ýörelgä eýerip gelýäris. Medeniýeti we sungaty ösdürmäge uly üns berýäris… Baý ruhy we milli medeni mirasymyza daýanyp, halkymyzyň dörediji we gurujy milletdigini bütin dünýä has giňden tanadarys.

Hormatly okyjylar!

Mälim bolşy ýaly Hormatly Arkadagyñ başda durmagynda hususan 2014-nji ýylda başlap Türkmenistanda her ýyl bir şygar bellenilýär we medeniýet işgärleri hem sungatdyr döredijilik taýdan öz eserlerini bu şygar esasynda taýýarlaýarlar. Şeýip görnükli medeniýet we sungat işgärleri hormatly atlara hem-de «Türkmeniň Altyn Asyry» atly umumymilli bäsleşigiň Prezident baýragyna mynasyp bolýarlar. Şunda döwlet Baştutanyñ türkmen halknyň ruhy mirasyny gaýtadan dikeltmek we artdyrmak, ýurtda doly bahaly döredijilikli işlemek üçin hemme şertleri döretmek ugrunda edýän üns-aladasy ýüze çykýar. Şol sebäpli Hormatly Prezidentiñ şygarlary asylly däbe öwrüldi. Şol sanda 2014-nji ýyl, doglan gününiñ 290-njy ýyly mynasybetli «Magtymguly Pyragy»; 2015-nji ýyl «Türk Dünýäsiniñ Medeniýet Paýtagty Merw»; 2016-njy ýyl «Mirasa Sarpa Goýma we Watany Özgertme»; 2017-nji ýyl «Ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlary» ýyly diýlip yglan edilipdi. Ine 2018-nji ýyl bolsa «Türkmenistan-Beýik Ýüpek Ýolunyñ Ýüregi» diýlip yglan edildi we gözdir göwün gandyryjy gözellikde adybir ady göteren eser görnüşinde çap edildi. Höwri köp bolsun…

Hormatly Prezidentiñ Türkmen halkyna peşgeş beren «Türkmenistan-Beýik Ýüpek Ýolunyñ Ýüregi»  atly eseriñ üsti bilen Türkmenistanyñ Beýik Ýüpek Ýoly çatrygyndaky söwda we medeniýet merkezleriniñ medeni arabaglanyşygy güýçlendirmekde bitiren uly hyzmatlaryny, Türkmen halkynyñ Ýüpek Ýolunyñ taryhyna, şeýle-de dünýa medeniýetiniñ ösüşine goşantlaryny hakykatdanam içgin öwrenýäris. Garaz hormatly awtor bu eseri bilen diñe bir türkmenistanyñ däl, eýsem tutuş dünýäniñ medeni mirasyna eýe çykan lider hökmünde özüni tanatdy. Bu şanly wakany bütin dünýä kabul etdi. Awtor eserde şeýle belläp geçýär: “Watanymyzyň taryhynda Beýik Ýüpek ýolunyň orny hem juda uludyr. Gadymy ýoluň Hazar deňzinden günbatara, Amyderýadan gündogara, Üstýurt düzlüginden demirgazyga, Köpetdagyň gerişlerini aşyp günorta sary uzaýan ýollaryň ugry bilen türkmen medeniýeti dünýä ýaýrady, oguz paýhasynyň kökleri yklymlara uzady. Şol ýollar hem dürli medeniýetlerden bolan adamlary birleşdirdi, olaryň arasynda hem toplanylan tejribeleriň, başarnyklaryň, açyşlaryň, oý-pikirleriň, ruhy gymmatlyklaryň özara gatnaşygy kemala geldi, ynam-ynançlary ýaýbaňlandy. Netijede, Beýik Ýüpek ýoly yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Türkmenistan bu halkara söwda-medeni ýolunyň ýüregi – hereketlendiriji güýji hökmünde taryhyň sahnasynda esasy orny eýeledi.”  (Berdimuhamedow 2017: 15-19),

 Hormatly Prezidentiñ belleýşi ýaly Beýik Ýüpek Ýoly dürli ugurlar bilen gündogarda Hytaýdan başlap demirgazykda Gyrgyzistan, Gazakistan, Özbekistan, Türkmenistan; günortada bolsa Hindistan, gündogar Türkistan, Pakistan, Owganistan, Eýran, Yrak, Siriýa, Türkiýe ýaly ýurtlardan dolanyp Ýewropa şäheri Aljiriñ paýtagty Tirana we Italiýa ýurdyna çenli baran, şeýle-de dünýa töwereginiñ dörtde birinden hem barha uzyn bolan meýdançada guralan medeniýetleri birleşdirmegi başarypdyr.

Türkmenistanyñ belent mertebeli Prezidentiniñ bu eseri; gadymy Ýüpek Ýolunyñ döwre laýyk nusgasydyr. Umuman aýdylanda gadymy Ýüpek Ýolunyñ Türkmenistanda häzirki zaman halkara awtoulag, demirýol we gaz geçiriji ýollary görnüşinde döwrabap derejede gaýtadan döremegi; daşary yktysady aragatnaşyklaryñ pugtalanmagyna, dostlukly medeni gatnaşyklaryñ ösmegine uly ýardam eder. Şeýle-de şu günki günde Ýüpek Demir Ýoly we Ýüpek Gara Ýolunyñ (awtomobil ýoly) döwrebap tehniki enjamlar bilen üpjün edilip halka hödürlenmegi parasatly Döwlet Lideriniñ başda durmagy we alyp baran öñden görüji syýasaty netijesinde öz beýanyny tapýar.

Eseriñ Jeýhun Ýakasy ady berlen ilkinji bölüminde Hytaýdan günbatara sary ýola düşen kerwenleriñ Buharany kesip ol ýerden Amyderýanyñ üsti bilen Beýik Ýüpek Ýolunyñ çatrygyndaky Amula barýandygy we Amulyñ 9-njy asyrda halkara söwda merkezlerinden biridigi nygtalýar. Ikinji bölümde dürli ýüpek önümleri we baý kitaphanalary bilen Türkmenistanyñ medeniýet sallançagy bolan gadymy tanymal Merwden gürrüñ gidýär. Üçünji bölümde bolsa Seljuklylar döwründe has ösen binagärçilik sungaty bilen ýan salan Sarahsdan habar berilýär. Dördünji we bäşinji bölümlerde bolsa Nusay we Köneürgenç şäherleriniñ taryhy-medeni baýlyklary düşündirilýär. Kitabyñ altynjy bölüminiñ Ertekiler Dünýäsine bagyşlanmagy-da çuñ many-mazmuna eýedir.

Kitabyň esasy ideýasy Türkmenistanyň taryhy ýolunyň üsti bilen onuň başlangyçlarynyň we döredijiliginiň bitarap halkara arenasyndaky ornuna düşünmek. Beýik Ýüpek ýolunyň aýratynlygynda Günbataryň we Gündogaryň arasynda ykdysady, diplomatik, ylmy we medeni gatnaşyklarynyň ösmeginde esasy wezipesini seljermegimiz, Türkmenistanyň geosyýasy ýerleşişiniň  döwrebap ýagdaýyň integrasiýasyny delillendirýär.

Beýik Ýüpek Ýoly halkara söwda ýoly bolmak bilen bir hatarda bu ýoluñ ugrunda ýasalan daş köprüler, kerwensaraýlar, metjitler, kitaphanalar, hamamlar, bazar ýerleri arkaly dünyä medeniýetine, taryhyna we ylaýtada edebiýatyna uly goşant goşulypdyr. Sebäbi tutuş ýol boýunça aýdylan sözler, ýat ýurtlardaky täzelikler, bolup geçen täsin wakalar we edilen gürrüñler; destanlara, hekaýatlara, aýdymlara we edebiýata çeşme bolupdyr. Şol sebäpli Ýüpek Ýolunyñ taryhyna şöhle saçmak maksady bilen Hormatly Prezidentiñ bu neşriniñ altynjy baby; örän manyly görnüşde ýüpek ýoly bilen baglanyşykly ertekiler dünyäsine bagyşlanandyr. Mysal üçin Çapyk Molla, Ýüz tylla Kerwenbaşy ýaly ertekileri görkezmek bolar.

Dr. Emrah Ýylmaz, Dr. Berdi Saryýew bilen

 Hormatly okyjylar!

Türkmenler arasynda kitaba uly baha berlendigini Nurmyrat Saryhanowyñ Kitap diýen hekaýasynda beýan edilişi ýaly Weli-Myrat aganyñ guba düýesini Türkmeniñ akyldar ogly Magtymguly Pyragynyñ diwany bilen çalyşmagyndan hem ýadlaýarys. Kitaba uly baha berlendigi pikiriniñ yzlaryna Hormatly Prezidentiñ ýazan bu eserinde hem gabat gelinýär: Bir adamyň hiç işi ugrukmaýan eken. Gije-gündiz tagat-ybadata berilse-de, yhlasy kem düşýärmi ýa-da nesibesi duşanokmy, garaz, hiç işi ugruna bolubermändir. Ahyry ol öz döwrüniň meşhur alymlarynyň biri, dili dogaly ulama Muhammet al-Abiwerdiniň ýanyna baryp, başyny alan bu muşgilliklerden halas bolmagyň alajyny sorapdyr. Alym onuň iň soňky gezek haçan sadaka berendigini, iň soňky gezek haçan ýagşylyk edendigini we iň soňky gezek haçan kitap okandygyny soraýar. Berlen jogapda eger-de adam üç günläp kitap okamasa onuñ ýüregi poslap başlar, diýilýär. Eseriñ başga ýerinde bolsa“Birwagtlar Türkmenistanyň çäginde göçme kitaphanalar bilen birlikde Nusaý patyşalygynda, Köneürgençde, Amulda, Dehistanda, şeyle hem Gadymy Merwde iri kitaphanalar hem bolupdyr. Kitap ýükli kerweni bolan kerwenbaşy hatyrjemligi elden bermändir. Çünki kitabyň bahasy altyn-kümüşden-de has ýokarda bolupdyr(Berdimuhamedow 2017: 141) diýip bellenilýär.

Hawa bu sözler Magtymguly atamyzyñ “Kitap gören gullar magnydan dokdur, olaryñ kalbynda şeýtan bolarmy?” diýýän dürdane setirlerini ýada salmaýarmy eýsem!

Eziz adamlar ýene bir bellemeli zat şudur; Ine şonuñ ýaly ajaýyp eserler we mazmunynda düşündirlen hekaýalar; ýaş nesli ýokary ruhly ahlakly, ýokary medeniýetli terbiýelemek bilen bir hatarda, olarda ruhy belentlilik, watansöyüjilik, lebzi halallyk, duýgularyny oýarmakda, Ata-Watanyna, ene topraga, iline-gününe wepaly adamlar bolup ýetişdirmekde öz bahasyna ýetip bolmajak nusga alarly işlerdir.

Bu neşri okan wagtymda ýüregimiñ töründe yz galdyran täsin wakalardan biri-de Külal ýigitleriñ (Mähri Külal bilen Bahaweddin) Amul şäherini duşman çozuşyndan halas etmek üçin külal ýasan wagtynda öz üstündäki eşikleri oda salanyndan soñ özünden hem geçip oda girmegi boldy. Bu ýerde öz janyndan geçmek derejesinde Watany söýmegiñ ähli zadyñ öñüne goýulmagy juda ýerliklidir. Şol sebäpli Watan söýgüsi ymandandyr (Hupbu’l Watan Min al-iman) diýlipdir.

Kitabyñ hakyky manysyna düşünilendigi sebäpli bu topraklarda tanymal alymlar, şahyrlar öz eserlerini kemala getiren bolmaly. Ylmyñ dürli görnüşleri şol sanda taryh, geografiýa, algebra, astronomiýa ýaly ylymlaryñ Türkmenistan topragynda ösmegi ýöne ýere däldir. Dünýäniñ dürli künjeginden ýörite bilim almaga we bilimini artyrmaga alymlar Marydan başga Köneürgenç şäherine-de gelipdirler. Bu barada hem eserde şol maglumatlar berilýär: “Ibn Hajyp on ýaşynda Gürgenjiň iň ýokary medresesiniň baş dolandyryjysy bolupdyr. Bu medresede kyrk sany minara bar eken, onda kyrk müň molla okadylypdyr. Oglanyň biliminden peydalanmak hem-de ony kagyza ýazyp almak üçin medresäniň içinde uly howuz gazypdyrlar. Ibn Hajyp şol howuzda gaýykly ýüzüpdir. Ol gaýykda howzuň her kenaryna baryp, okuwçylaryna ylmyň dört sany dürli ugry boýunça öz bilimlerini beýan edipdir… Bir gezek Tus şäherinden on ýyllap bir uly işi ýazan alym ibn Hajybyň ýanyna gelýär. Ol oglandan öz kitabyna syn bermegi hem oňa möhür goýup, tassyklamagy haýyş edýär” (Berdimuhamedow 2017: 261-262).

Garaz ylym-bilimiñ hakyky merkezine öwrülen Türkmenistan çäklerinde Ibn Sina, Al-Horezmi, Al-Faraby, Biruny, Mäne Baba ýaly alymlar-filosoflar, Azady, Pyragy, Kemine, Mollanepes, Baýram han ýaly ajaýyp şahyrlar umumadamzat medeniýetine saldamly goşant goşupdyrlar. Awtoryñ bellmegine görä Maryda (gadym Merw) “Aziýa Kitaphanasy” ady bilen döwrüñ uly kitaphanasynyñ guralyp alymlara hyzmat etmegi hem bu pikiriñ aýdyn subutnamasy bolup durýar. Başlangyçta 9. asyrda Merwde guralan ýöne soñ Bagdat şäherine göterilen hikmetleriñ öýi manysyndaky döwrüñ göýä ylymlar akademiýasy bolan “Beýtül Hikme” kitaphanasynyñ Ahmet as-Sarahsî, Ahmet al-Merwezi ýaly türkmen alymlaryny ösdürmegi, ylmyñ düýbüniñ Merwde atylandygyny görkezmek taýdan gaty ähmiýetlidir. Umuman aýdylanda bu neşirde häzirki zaman taslamalarynyň gadymy nusgalary we Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlary hakynda gürrüň berilýär. Onda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dostluk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasatynyň gözbaşlary hakynda aýdylýar.

Bu ýere çenli düşündirilenler eserde aýdylan käbir temalaryñ çuññurlygyny we Merw ýaly Ýüpek Ýolynyñ çatrygyndaky şäherleriñ ylymda ýeten derejesini, Türkmenleriñ dünýä medeniýetine goşandyny görkezmek üçin teswir edildi, häzir bolsa eseriñ çeper söz sungaty barada gürrüñ etmekçi. Çuňňur söýgini we joşgunly duýgyny beýan edýän kitabyň diliniň çeperligi milli Lideriň eserlerine mahsus ýagdaý bolup durýar. Suratkeşler birleşiginiň we Döwlet çeperçilik akademiýasynyň taýýar eden suratlary bilen bezelmegi hem kitaba özboluşly liriki öwüşgin çaýýar. Beýik Ýüpek ýolunyñ özi hut söz düzümi bolandygy üçin muñun bilen baglanyşykly Hormatly Prezidentiñ eserinde frazeologizimdir akyl-parasadyñ güýjüni görkezen täsirli sözleri derñew etmekligi makul hasapladyk. Öñi bilen Ýüpek ýolunyñ ýoly bilen başlar bolsak başga-da haýsy ýollaryñ bardygyny görelin; Taryhy ýol (sahypa 4), Gadymy ýol (s. 242), Ýeñişli ýol (s. 5), Altyn ýol (s. 5), Söwda ýoly (s. 6), Hyzmatdaşlyk ýoly (s. 7), Ak ýol (s. 14), Bagt ýoly (s. 14), Parahatçylykly ýol (s. 204), Dost-doganlyk ýoly (s. 14), Yktysady hyzmatdaşlyk ýoly (s. 14), Syýahatçylyk ýoly (s. 14), Medeniýet ýoly (s. 19), Gumaksy ýol (s. 26), Uzak ýol “argyş” (s. 29), Kerwen ýoly (s. 32), Halkara ýol (s. 36), Tozanly ýollar (s. 283), Gatnaw ýollary (s. 37), Suw ýoly (s. 80), Demir ýoly (s. 104), Deñiz ýoly (s. 205), Howa ýoly (s. 296), Ösüş ýoly (s. 274), Ulag ýoly (s. 274), Hatarly ýol (s. 202) we sanlar bilen ölçeg hökmünde ulanylýan Günlük ýol (s. 113).

Ýol bilen baglanyşykly bolan durñukly söz düzümleri;

Ýol sökmek (s. 41), Ýol aşmak (s. 212), Ýol açmak (s. 59), Ýol kesmek (s. 52), Ýol görkezmek  (s. 213), Kyn ýollary geçmek (s. 112), Ters ýola ýüz urmak (s. 44), Ýol geçmek (s. 242), Ýol bermek (s. 292), Ýola düşmek (s. 280), Ýola salmak (s. 138), Ýola taýýarlamak (s. 48), Ýola çykmak (s. 45), Ýola ugramak (s. 48), Ýola goýmak (s. 53), Ýoluna rowana bolmak (s. 52), Ýaman ýoldan saklamak, Ýagşy ýoly ündemek (s. 96). Bu tema bilen baglanyşykly şu nakyllary hem aýtmak ýerlikli bolar: “Kerwen geçer. ýol galar (s. 296), Iýen-içeniñ özüñki, gören-eşideniñden habar ber” (s. 141).

Ünsi özüne çeken beýleki käbir söz düzümleri;

Söwda ýoluny ezizlemek (s. 6), Täze ömri serpaý etmek (s. 15), Gatnaşyklary dikeltmek (s. 21), Söwda gyzdyrmak (s. 236), Sarsgyna ýan bermezlik (s. 235), Edeni ugruna bolmak (s. 4), Arşa ümzük atmak (s. 75), Suwyñ gamyny iýmek (s. 40), Jan başyna düşmek (s. 6), Dil tapyşmak (s. 4), Per bermek (s. 5), Garyndaşlyk açmak (s. 197).

Göwün, söz, pikir we ýürek düşünjeleri bilen baglanyşykly käbir söz düzümleri;

Göwün solpusyndan çykmak (s. 280), Synyk göwünleri dikeltmek (s. 32), Göwni açylmak (s. 33), Göwün bermek (s. 91), Köñül bermek (s. 93), Göwün götermek (s. 204), Göwün etmek (s. 269), Köñüle ýagşylyk nuruny çaýmak (s. 41), Sözi alynmak (s. 173), Söz almak (s. 91), Sözi ýaýramak (s. 32), Söz açmak (s. 67), Sözünde tapylmak (s. 81), sözünde durmak (s. 248), Söze başlamak (s. 196), Pikre ömür serpaý etmek (s. 15), Pikri kemala gelmek (s. 15), Pikrinden el çekmek (s. 87), Pikrini esaslandyrmak (s. 100), Akyl ýetirmek (s. 44), Aklyny haýrana galdyrmak (s. 247), Akyl öwretmek (s. 280), Ýürekden gürrüñbermek (s. 143), Ýürekden söýmek (s. 265)

Netije

Hormatly Prezidentiñ ýazan bu nusga alarly eserini ylmy ýolbaşçylarym bilen türki dile terjime etmek müýesser etdi. Ozalam Hormatly Arkadagyñ Garaşsyzlygynyñ 20-nji Ýylynda Türkmenistan, Ganatly Bedewler, Gadamy Batly Bedew, Parahatçylyk Sazy, Dostluk-Doganlyk Sazy ýaly pähim-paýhasyndan dörän birnäçe eserini bileje terjime edipdik. Şol sebäpli biziñ begenjimiziñ çägi ýok.

2012-nji ýylda Magtymgulynyñ Ankara şäherindäki heýkeliniñ we Türkmen seyilgähiniñ açylyş dabarasyna hormatly Arkadagyñ hut özüniñ gatnaşmagy ýüregimizde ýakymly täsirler galdyrdy. Bizem bu dabaradan soñ özümizi jogapkär hasapladyk we hormatly Prezidentiñ ynsanperwer ýörelgelerini durmuşa geçirmek, onuñ şygarlaryny türk dünyäsine içgin tanatmak we türkmen medeniýetine hyzmat etmek boýunça Türkiýede tapawutly uniwersitetlerde işleyän professor alymlaryñ ýolbaşçylygynda bir ylmy topar guradyk. Bu babatda türkmenistanyñ degişli guramalary bilen bir hatarda TÜRKSOÝ, TIKA ýaly guramalaryñ goldawy netijesinde 2014-nji ýylda Magtymguly barada dürli ugurlarda 5 sany eser çap etdik. 2015-nji ýylda Ganatly Bedewler atly eseri türki dile terjime etdik. 2016-njy ýylda türkmenistandaky käbir alymlaryñ hem goldawy bilen Mirasa Sarpa goýmak we Watany Özgertmek şygary esasynda Magtymguly Eserleriniñ Frazeologik Sözlügini taýýarladyk. 2017-nji ýylda Parahatçylyk Sazy Dostluk-Doganlyk Sazy atly eseri türki dile geçirdik. Ine 2018-nji ýylda Türkmenistan-Beýik Ýüpek Ýolunyñ Ýüregi eserini türki dile geçirmek nesip boldy we hormatly Arkadagyñ ýüpek ýoly şygary esasynda Türkiýedäki türkmen alymlaryñ ýazan ylmy işlerini makalar ýygyndysy diýip bir kitapda jemledik. İndi nesip bolsa çuññur hormatlanylýan Prezidentiñ täze ýazan Enä Tagzym-Mukaddeslige Tagzym eserini hem terjime ederis.

2018-nji ýylyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkiýede geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek babatda Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynda ýörite meýilnama düzülip, onda Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny mundan beýläk-de öwrenmekde we bütin dünýäde wagyz etmekde aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Şu wagt bolsa Ankara we Gazi uniwersitetindäki akademiki toparymyz bolup türkmen diliniň umumy sözlük hazynasyndan Beýik Ýüpek Ýoly bilen baglanyşykly sözleri, söz düzümleri, durnukly aňlatmalary, atalar sözlerini ýygnaýarys. Öňde goýlan sepgide dogry we doly ýetip bilmek hem-de sözlük hazynanyň tematik taýdan yzygiderliligini üpjün etmek üçin ýörite maksatnama taýýarladyk. Şol maksatnama görä, ylmy derňewiň aşakdaky ýaly esasy ugurlary kesgitlendi:

1.Ýol we ýolagçylyk bilen baglanyşykly sözler

  1. Argyş, kerwen bilen baglanyşykly sözler
  2. Kerwensaraýlar, düşelgeler bilen baglanyşykly düşünjeler

4.Türkmenleriň argyşa, kerwene gitmek üçin ulanylan aýak ulaglary, mallary, haýwanlary bilen baglanyşykly sözlük hazynasy

  1. Türkmen diliniň alym-satym, söwda, satlyk işleri bilen baglanyşykly düşünjeler
  2. Türkmen diliniň mata-marlak we harytlar, keteni, don, haly, keçe ýaly düşekler, çig mallar bilen baglanyşykly sözler
  3. Türkmen diliniň ýüpek we ýüpekçilik (pile, pileçilik) bilen baglanyşykly sözlük hazynasy
  4. Türkmen diliniň Beýik ýüpek ýoly bilen baglanyşykly geografik atlary
  5. Beýik ýüpek ýoly bilen baglanyşykly türkmen dilindäki neşirler…

Ýoldan ýola, çölden çöle, ilden ile, galadan gala ulaşan we öz döwrüniň hyzmaty bilen dabarasy dag aşan Beýik Ýüpek ýolunyň her bir güni ýol bilen başlanypdyr, ýol bilen dowam edipdir, ýol bilen hem gutarypdyr.

Sözümiñ ahyrynda eseriñ çap edilmeginde goldawlary üçin TÜRKSOÝ guramasyna, Türkmenistanyñ Türkiýedäki Ilçıhanasyna we hususan Türkmenistanyñ belent mertebeli Prezidentine ýokary hormat bilen minnetdarlygymy bildirýärin. Türkmeniñ gahraman ogly Gurbanguly Berdimuhamedowy öz prezidentimiz ýaly görýäris, onuñ şygarlary biz üçin taglymatdyr…

Goý, Gahraman Arkadagyñ başda durmagynda dowamat dowam bolsun! Türkmenistan abat bolsun! Güneşli diýarda toýlar toýa ýetsin!

 

Edebiýatlar

BERDIMUHAMEDOW, Gurbanguly, Türkmenistan–Beýik Ýüpek Ýolunyñ Ýüregi, 2017, Aşgabat.

AÇYLOWA, Güljemal, Türkmen Dilinde Durñukly Söz Düzümleri, TDNG, 1977, Aşgabat.

ALÝYLMAZ, Jengiz, Ýüpek Ýoly Çatrygynyñ Soñsuzlyk Eserleri, 2015, Ankara

ALTAÝEV, S. Türkmen Dilinde Ewfemizimler,  TDNG, Aşkabat,  1958.

AKSOÝ, Ýahýa, Si-An’dan Tirana Taryhy Ýüpek Ýoly, 2009, Ankara.

BABAÝEV, Kakajan. Türkmen Dilinde İdiomalar, Aşgabat, 1962.

 

Emrah Ýylmaz,

Ankara Hajy Baýram Weli Uniwersitediniñ

Häzirki Zaman Türki Diller Kafedrasynyñ mugallymy, doktor.

Ankara/Türkiýe.

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty