Hormatly Prezidentimiz Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz maslahat geçirip, Mejlisiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri boýunça pikir alyşdy.
Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň deputatlar düzümi bilen duşuşyk geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen salamlaşyp, olaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş etdi. Milli Liderimiz ýurdumyzda haýsydyr bir jogapkärli işe başlananda halkymyz bilen maslahat-geňeş edip, onuň pikirine esaslanmak ýaly ajaýyp milli däbimiziň bardygyny belledi. Şu parasatly däbe eýerip, şu günki duşuşykda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylar.
PANDEMIÝA – ADAMZADYŇ BAŞYNA DÜŞÜEN IŇ ULY BETBAGTLYK
Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen maliýe-ykdysady çökgünlige garamazdan, biz geçen ýyl täze ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagy dowam etdik. Ähli pudaklarda häzirki zaman tehnologiýalaryny we sanly ulgamlary ulandyk. Innowasion-önümçilik düzümlerini döretmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmek boýunça netijeli işleri alyp bardyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde dünýä çalt depginler bilen özgerýär. Her hepdede diýen ýaly, täze soraglary ýüze çykarýar. Bu soraglar gyssagly çözülmegini talap edýär. Bütin adamzat bolsa koronawirus pandemiýasy sebäpli, ählumumy çökgünligi başdan geçirýär. Bu bolsa soňky ýüz ýylda adamzadyň başyna düşen iň uly betbagtlykdyr.
Pandemiýa dünýä ykdysadyýetine her aýda 400 milliard amerikan dollaryna golaý zyýan ýetirýär. Häzire çenli bütin dünýä boýunça 500 million iş orny ýitirildi. Mundan başga-da, sebitde we Ýer ýüzünde ekologiýa ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy düýpli ynjalyksyzlyk döredýär.
Biz goňşy ýurtlar we dünýä bileleşigi bilen bilelikde, Aral deňziniň guramagy netijesinde dörän ekologiýa betbagtçylygynyň netijelerini azaltmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam edýäris. Ýöne bu ugurda ýagdaý heniz çylşyrymly bolmagynda galýar. Şeýle bolansoň, biz deputatlarymyzdan bolup geçýän bu ýagdaýlar bilen bagly çalt we anyk çärelere garaşmaga haklydyrys. Deputatlar möhüm ähmiýetli kanunçylyk namalaryny çalt taýýarlap, kabul etmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
TÄZE KANUNÇYLYK NAMALARYŇ IŞLENIP DÜZÜLMEGI BARADA WEZIPELER KESGITLENDI
Milli Liderimiz duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni wajyp meselelere çekip, ýurdumyzyň häzirki we geljekki döwrüni gönüden-göni kesgitleýän kanunlary işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady. Bu bolsa ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, iş bilen üpjünçilik we zähmete hak tölemek, durmuş kepillikleri ýaly örän möhüm ugurlara degişlidir diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürijilere goldaw bermek, hususy telekeçiligi goldamak, goşmaça iş orunlaryny döretmek boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek ýaly möhüm ugurlarda alnyp barylýan işleri-de dowam etmek zerurdygyny belledi.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin onuň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belläp, «Ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak zerurdygyny, şeýle hem Döwlet Baştutanymyz «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamalaryny işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz adam üçin iň uly baýlygyň onuň saglygydygyny nygtap, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, raýatlarymyzyň saglygyny goramak bilen bagly, şol sanda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän ýörite kanunlary kabul etmegiň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz milli däp-dessurlarymyzy, ýurdumyzyň taryhyny, milli mirasyny aýawly saklamak, şeýle hem döredijilik işgärleriniň ýaşaýyş jaý-durmuş şertlerini gowulandyrmak, hukuk we durmuş taýdan goragyny kepillendirmek, bu ugurda hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, «Döredijilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamak hem maksadalaýyk bolar diýip belledi.
döwrüň talaplaryna laýyklykda «Atçylyk we atly sport hakynda» Kanuna üýtgetmeler girizilse, dogry bolar diýip, milli Liderimiz belläp, Mejlisiň deputatlary Suw kodeksini, şeýle hem «Döwlet ýer kadastry hakynda» Kanuny kämilleşdirmek boýunça hem zerur işleri alyp barmalydygyny aýtdy.
HALK MASLAHATYNYŇ AGZALARYNYŇ SAÝLAWLARY
Şeýlelikde, biz erkin bäsleşik, aç-açanlyk, pikir we söz azatlygy babatda demokratik kadalara eýerip, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçireris diýip, milli Liderimiz belledi we geçmişde we häzirki şertlerde jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň toplan baý tejribesiniň öňe gitmek üçin bahasyna ýetip bolmajak goşant bolup durýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň demokratiýa, aç-açanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy esasynda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny, adamyň we raýatyň kanunyň öňünde deňligini, hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamagy, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmagy hem-de kabul etmegi, jemgyýetçilik pikirini hasaba almagy ileri tutmak esasynda hereket etjekdigine berk ynam bildirdi.
«Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakyndaky» Kanun kabul ediler
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek: Intellektual mümkinçilikler