JEMGYÝET

Dişläp dişiňi arassala

CES 2020: Y-Brush diş şotgasy bilen dişiňi arassalamak üçin baryýogy 10 sekunt ýeterlik.

Fransuz kompaniýasy adamlaryň dişlerini arassalamaga sarp edýän wagtlaryny tygşytlamak maksat bilen bu “Y-Brush” şotgasyny köpçülige hödürledi. “Y-Brush” bilen dişiňi doly ýagdaýda arassalamaga 10 sekunt ýeterlik bolup, adamlaryň  ýylyň dowamynda dişlerini ýuwmakda sarp edýän wagtlaryny tygşytlamaga kömek edýär. Ol diş tämizleýji enjamyň görnüşi biziň häzirki ulanýan diş şotgalarymyzdan düýbünden tapawutlanyp, onuň şekili agyz boşlugyňy doly tutýan dişleriň şekilindedir. Bu enjamyň ulanylyşy örän ýönekeýje bolup, ony diňe dişläp düwmesini basmak ýeterlik. Häzirki ulanýan şotgalarymyz bilen biz her gezek öz dişlerimizi tämizlänimizde dişme-diş üstünde durup arassalamy bolýarys. Emma “Y-Brush” bilen hemme dişleriňi bir wagtda arassalamak mümkin bolar.

Related posts

Uluslararası Olimpiyat Komitesi Başkanı ile görüşme

vepa

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Oraza we Nowruz baýramy bilen gutlady