JEMGYÝET

Gök çaý ömri uzaldýar

Hytaýly alymlaryň aýtmagyna görä, hepdede azyndan 3 gezek gök çaý içmegiň adam saglygyna peýdalydygy anyklandy. Onuň ýürek-damar keselleriniň öňüni almaga hem-de adam ömrüniň uzamagyna ýardam edýändigi mälim edildi. Ylmy-barlag işlerini geçiren alymlar tarapyndan yzygiderli gök çaý içmegiň ýürek-damar keseli bilen kesellemek we insult geçirmek howpunyň 20 göterim azalmagyna mümkinçilik döredýändigi bellenilip geçildi.

“CNN” teleýaýlymynyň habar bermegine görä, Hytaýyň Lukmançylyk ylymlary akademiýasynyň Pekin bileleşiginiň lukmançylyk okuw mekdebiniň ýürek-damar keselleri merkeziniň alymlary ozal ýürek-damar keseli we düwnük keseli bilen kesellemedik hem-de insult geçirmedik 100 müň 902 hytaýly bilen ylmy-barlag işini geçirdi. Olar hepdede 3 gezek ýa-da şondan hem köp mukdarda çaý içýän we hiç çaý içmeýän topara bölündiler.

7 ýyldan soňra geçirilen barlaglardan soňra, yzygiderli çaý içýänleriň ýürek-damar keseli bilen kesellemek we insult geçirmek howpunyň 20 göterim azalandygy mälim edildi. Ylmy-barlag işiniň netijesinde, 50 ýaşynda yzygiderli çaý içýän bir adamyň çaý içmeýän adama görä 1,26 ýyl köp ýaşaýandygy mälim edildi.

Hytaýly alym Donfgeng Gunyň yzygiderli çaý içmegiň goraýjylyk täsirleriniň erkeklerde has köp, aýallarda bolsa birneme azrak bolandygyny mälim etdi. Munuň hem erkekleriň aýallardan 2,5 esse köp çaý içendigi bilen baglanyşyklydygy aýdyldy. Erkekleriň 48 göterimi, aýallaryň bolsa 20 göterimi yzygiderli çap içipdir.

Ozalky ylmy barlaglarda esasan hem gök çaýyň peýdalary barada köp bellenilip geçilipdi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri diplomatlar bilen Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentini Ga­raş­syz­lyk gü­ni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri baýram namazyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri