DÜNÝÄ

DIM: türkmen-owgan serhedi barada

Soňky günlerde rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýa gatnaşykda barlanylmadyk we ygtybarly bolmadyk habarlar ýaýradylýar.

Hususan-da, RBK (РБК) teleýaýlymy tarapyndan, göýä Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedine harby tehnikasyny we artileriýasyny çekýändigi babatyndaky hakykata laýyk gelmeýän maglumat ýaýradyldy, bu bolsa ýeňil şöhrata kowalaşylan wagtynda galp habardan başga zady aňladýan däldir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi mälim edýär, ýagny iki goňşy döwletiň we olaryň halklarynyň doganlyk gatnaşyklarynyň netijesinde türkmen-owgan serhedi dostluk hem-de hyzmatdaşlyk serhedi bolup durýandyr. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň berýän habarlaryna laýyklykda, onuň garamagyndaky harby bölümçeler, olaryň şahsy düzümi hem-de harby tehnikasy hemişelik hereket edýän ýerinde ýerleşen bolup, göz öňünde tutulan maksatnama laýyklykda meýilnamalaýyn okuw taýýarlygynyň ýerine ýetirilmegini dowam edýärler.

Gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk dessurlaryna laýyklykda, şeýle-de ikitaraplaýyn ylalaşyklarynda berkidilen halkara hukugynyň we borçnamalarynyň mizemez ýörelgelerini berk berjaý etmek arkaly, Türkmenistan doganlyk Owganystan bilen parahatçylyk söýüjilik we hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandyr hem-de pugtalandyrýandyr.

Türkmen tarapy media-giňişliginde hakykata laýyklygyň we dogruçyllygyň beýan edilmegine, diňe barlanylan şeýle-de hemmetaraplaýyn ynanyp boljak maglumatlaryň ýaýradylmagyna ygrarlydyr we muňa gyşarnyksyz ygrarlylygyny saklaýandyr. Bu halkara meseleleriniň birnäçe aýratynlyklarynyň, şol sanda Owganystandaky ýagdaýlaryň parahatçylykly kadalaşdyrylmagynyň meseleleriniň derwaýys häsiýete eýe bolýan häzirki zaman şertlerde aýratyn wajyp bolup durýandyr. Türkmenistan köp jepany başdan geçiren owgan topragynda parahatçylygyň dikeldilmeginde syýasy-diplomatik gurallarynyň we serişdeleriniň gözlenilmegi hem-de durmuşa geçirilmegi ugrunda çykyş edýändir.

Türkmenistanyň DIM-niň

Metbugat-gullugy.

Welaýatlarda resminamalar haýsy mekdeplerde kabul edilýär?

Ýene-de okaň

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýada geçiren duşuşyklary

Ata Watan Eserleri

Germaniýanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň ministrlerini kabul etdi

Türkmenistan “Germaniýa-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy