JEMGYÝET

Daşary syýasat : Giň gün tertibi

2019-njy ýylyň 15-nji aprelinden 20-nji apreline çenli döwürde Türkmenistanyň daşary syýasat ulgamynyň gün tertibi wakalara baý bolar.

Hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun ÇŽe Iniň Türkmenistana döwlet sapary bolar. Saparyň barşynda ýokary derejeli gepleşikler geçiriler, şeýle hem iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryny öz içine alýan resminamalaryň uly toplumyna gol çekiler.

Şeýle hem şu hepde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylan gününiň 20-ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň birnäçesi geçiriler. Halkara maslahatlaryna we dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Greminger bilen bir hatarda köpsanly ýokary derejeli myhmanlar gelerler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşygynyň geçirilmegine garaşylýar.

ÝHHG-niň Merkeziniň esaslandyrylmagynyň 20-ýyllygyna bagyşlanan çäräleriň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçiriler.

Şeýle-de şu hepde ÝHHG-niň Merkezi Aziýa missiýalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygy we «Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça» ÝHHG-niň ýokary derejeli sebitleýin maslahaty geçiriler.

Şu hepdäniň ýene-de bir möhüm wakasy hem Fransuz Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary jenap Žan-Batist Lemuanyň Türkmenistana sapary bolar. Saparyň çäklerinde türkmen-fransuz syýasy geňeşmeleri, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-fransuz toparynyň üçünji mejlisi geçiriler. Bu duşuşyklaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär