“Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny” atly makalamyza dowam edýäris. Soltan Muhammediň Jelaleddinden başga-da 6 sany mirasdary bardy: Kutb ed-Din Ozlag şa (1221-nji ýylda wepat bolýar), Hansoltan hatyn (Juçy hanyň aýaly, meşhur mamlýuk Seýf ed-Din Guduzyň (1259-1260-njy ýyllarda Müsüriň soltany), Kyýas ed-Din Pir şa (1220-1229-njy ýyllarda Yragyň häkimi), Ak şa (1221-nji ýylda wepat bolýar, Rukn ed-Din Gursanjy (1210-1222 ýý.), Guýmahy şa (ýaşan ýyllary takyklanmadyk), Ýahýa Hur şa (1221-nji ýylda wepat bolýar).
Bu şazadalaryň hersiniň eje ugry boýunça garyndaşlary barmak basyp sanardan köp. Dogry, olaryň aglabasy sada, öz hakyna kaýyl, ýurt-da örän aşaky derejelerdäki adamlardy. Hut şu garyndaşlar Jelal ed-Diniň daşyna jemlenip Horezimi duşmanlardan gorapdylar! Emma, akademik W.W.Bartoldyň (1869-1930 ýý.) ýazyşy ýaly “Muhammet hökümet ulgamynyň hiç bir elementine we ilatyň hiç bir synpyna daýanyp bilmedi”. Emma, Türkan hatynyň welin tarapdarlary ýetikdi. Olar sähraýy gypjak hanlarydy. Gypjak hanlary soltan Muhammediň syýasy häkimliginiň berkleşmeginiň tarapdarlary däldi. Şunlukda ýurduň türkmen harby-çarwa barly toparyň arasynda hem bitewillik ýokdy. Türkan hatyna we gypjak begleriniň garşysyna öz umytlaryny Jelaleddine baglaýan türkmen topary garşy durupdyr.
XIII asyryň ellinji ýyllarynda Müsürde mamlýuk soltany bolan Seýf ed-Din Guduzyň asly Gürgençlidir. Bu mynasybetli orta asyr taryhçysy Al-Makryzy şeýle ýazýar: “Onuň (Guduzyň-B.A.) adynyň Mahmud ibn Mamdud bolandygyny aýdýarlar, onuň ejesi soltan Jelaleddin horezmşanynyň aýal dogany bolupdyr, kakasy bolsa soltan Jelaleddiniň kakasy boýunça daýysynyň ogly eken. Guduzy Damasakda satan tatarlar ýesir alypdyrlar, ol ýerden bolsa ony Kaire getiripdirler”.
Beýleki bir senenamaçy Al-Ýunany bolsa Seýf ed-Din Guduzyň şeýle sözlerini getirýär: “Men-Mamdudyň ogly Mahmyt. Men şol, ýagny mongollary kül-peýkun eden horezmşa daýymyň (Jelaleddiniň-B.A.) aryny alan”. Soňky maglumaty türk taryhçysy M.S.Tekindagyň bu şahsyýete bagyşlap ýazan ýörite makalasyndan aldyk. Bu ýerden meşhur serkerdäniň hem-de soltanyň hakyky ady, atasynyň ady gelip çykýar. Şunlukda ol şagyzy Hansoltanyň Osman handan soň Mamdud atly emire (haýsyda bolsa, goňşulykdaky ýurtlaryň biriniň şazadasyna) durmuşa çykanlygy, hem-de ol senäniň 1213-1219-njy ýyllar aralydygy hakynda pikir ýöretmek bolar.
XIII asyryň ilkinji onýyllyklarynda soltan Muhammet ýurduň käbir emeldarlaryny, ulamalaryny, serkerdelerini sürgün we tussag edipdi. Bu esasan-da, Bagdada şowsuz ýörişden soň amal edilipdi. Dogry, olaryň arasynda günälileri-de bardy. Döwlet emeli hatasyz bolmaýar ahyryn! Emma olaryň agramly bölegi ýurduň başyna iş düşende örän gerekdiler. Ýerleri gädilip durdy. Soltan Muhammet “sürgünçileriň” köpüsüni gypjak begleri bilen çalyşan hem bolsa işler ugrugyp gidiberenokdy. Onsaňam gypjaklar hiç-haçan Horezeme ýürekden gulluk etmändiler. Olar ne Altyn Orda, ne-de Rus döwletine ygrarly bolup galmandylar. Hakykatyň hatyrasyna gypjak begleriniň arasynda sap niýetli, päk ýürekli serkerdeler we döwlet ýolbaşçylary hem bardy. Emma olar barmak basyp sanaýmalydy. Gypjaklar Türkmenistanyň häzirki ýerlerine oguz taýpalaryna goşulyp gelipdiler. Aşgabadyň günbataryndaky Gypjak obasy şol mert ildeşlerimiziň ýaşan mekany bolan bolmagy mümkün.
Ine, şu ýagdaýda, işler çynlakaý häsiýete eýe bolup ugranda serkerde Demir Mälik we Jelaleddin soltana sürgünden we tussaglykdan derrew boşadylmaly emeldarlaryň sanawuny berýärler. Bu işiň hötdesinden Jelaleddiniň özi hem gelip biljekdi. Emma sanawdakylaryň arasynda şazadanyň tagta çykmagy üçin bolup biläýjek köşk pitnelerine gatnaşanlar hem bardy. Şonuň üçin Jelaleddin soltandan artykmaç gyjalat eşidesi gelmeýärdi. Bu meselede Demir Mälik ýetik maslahatçydy. Ol sanawdakylaryň köpüsüne beletdi. Söweş meýdanynda synagdan geçenlerdi.
Boşadylmaga degişlileriň sanawyna gözi düşen soltan tas özünden gidipdi. Ine, onuň aýdan sözleri: “Bular, pitneçiler, olar hiç-haçan soltan üçin söweş meýdanyna çykmazlar, anuşteginler üçin gan dökmezler…”. Ol gaharyna bäs gelmän sanawy jyrram-jyrram etmäge synanyşdy. Şol pursatda Jelaleddin ömründe ilkinji gezek soltanyň goluna ýapyşyp samarkandyň kagyzyna altyn syýa bilen ýazylan sanawy garbap alyp, haşamly gaýyş tubaň içine saldy. Demir Mälik bu gelşiksiz we örän howply sahna (musulman ymmatlarynyň soltanynyň goluna ýapyşmaklyk, onuň adyny tutmaklyk kowhada sygmajak hadysa!) tomaşa etmejek bolup sag ýeňi bilen ýüzüni örtdi.
Soltan bolsa gahar-gazaply şazadanyň hereketine jogap bermäge bogny ysmady. Jelaleddin ilkinji ýola kakasynyň mongollar tarapyndan berk gorkuzlandygyna gözi ýetdi. Çünki soltan Beýik Allanyň zemindäki wekilidi. Şonuň üçin şazada kakasynyň birjik-de mertebesini peseltmän onuň öňünde sag dyzyny epdi: “Beýik soltanym! Şu sanawdaky serkerdeler, emeldarlar we ulamalar soltan üçin gan dökmezler. Ýöne olar Watan, il-gün, toprak üçin janyny gurban ederler. Nirede soltan-şol ýerde halk, ýurt, barysy bir göwre!”.
Jelaleddin Meňburnuň soltana kakasy hökmünde haýpy gelip oňa meşhur Mahmyt Zamahşarynyň (1074-1144 ýý.) dürdäne setirleri bilen ýüzlenipdir:
“Erkli bolgun bir karara gelen bolsaň eger sen,
Sebäp öz pikiriň bolmasa, sen ejizlik eder sen”
Muňa garamazdan “sürgünçüler” hakynda belli bir karara gelinmedi. Jelaleddin hem-de Demir Mälik hem özlerine artykmaç, ilkinji nobatda gypjaklary duşman gazanmak islemän meseläni ýagşy günlere goýdular. Ýöne, her niçik-de bolsa şazada öz erki bilen Gürgenjiň we Samarkandyň zyndanlaryndan ukyply saýylýan serkerdeleriň käbirini boşadyp, olary Demirgazyk Horasana, öz mülklerindäki galalara ugradyp, örän berk tabşyryklar berdi.
Horezm-dogry ikä bölünen bişen gyzyl alma çalym edýärdi. Almaň bir bölegini Türkan hatynyň gypjaklary hem-de onuň guýruklary (arlat, sulduz, täjik, jemşit) gemirýärdiler. Ikinji bölegi-Jelaleddiniň adyny baýdak edinýän türkmen harby-asylzada toparynyň golunda-dy.
Gürgençde esasy emelleri gypjak begleri hem-de onuň guýruklary eýeläpdirler. Bu ýakyn geljekde ýurduň bagtyny ýatyrjak iň esasy we gutarnykly sebäpleriň biri boldy. Aslynda gazaply we ýuwuz duşmanlaryň üstünden ýeňişleri gazanan soltan Muhammediň gypjak beglerine, aýratyn-da olaryň esasy daýanjy Türkan hatyna geregi ýokdy. Uzakdaky mongollar hakynda ilkinji gazaply habarlar eşidilendigine garamazdan, olar mundan beýläk ýurt-da diňe asudalyk höküm sürer öýdüp pikir ýöredýärdiler. Ilkinji maksat Jelaleddiniň ýerine Kutb ed-Din Ozlag şa mirasdar saýlanmalydy, soňra bolsa soltan fiziki taýdan ýok edilmelidi. Horezmşalar döwletiniň ygtyýary Türkan hatynyň goluna doly geçmelidi. Türkan hatyn şeýle-de, soltanyň üstünden höküm sürmän, döwürdeş senenamaçynyň sözleri bilen aýdanymyzda “maliýe serişdelerine erk edýärdi, ýokary derejeli emirlere hem-de begzadalara buýruk berip bilýärdi”. Bu ýagdaýlar kesgitli derejede ýurduň ýagdaýynyň durnuksyzlaşdyrylmagyna getirdi.
Başda hem nygtaýşymyz ýaly Kutb ed-Din Ozlag mirasdar bellenildi. Ýöne garaşylmadyk ýagdaýlar diňe Türkan hatynyň däl, eýsem, soltan Muhammediň hem meýillerini bulaşdyrdy. Ýene bir möhüm delili bellemeklik zerur. Türkan hatyn, şol sanda soltan Muhammet mongollaryň ýörüşiniň öňisyrasynda Gürgençde zamun saklanylýan türkmen, pars we kürt begleriniň çagalaryny ýoklapdylar. Bular soltan tarapyndan basylyp alynan, zorluk we meýletinlik bilen birikdirilen ýurtlaryň hökümdarlarynyň nesilleridi.
Zamun almaklyk, ýagny “amanat” köneden gelýän döwletleriň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklaryň bir görnüşi. Emma zamun alynan ýaşyna, jynsyna, eýeleýän wezipesine garamazdan mümkün bolan ýagdaýynda ýoklanmaýar. Ýöne XIII asyryň ýigriminji ýyllarynda ýurt-da ýagdaý diplomatiki etiketleri we harby medeniýeti tutardan geçipdi. Soltan üçin hem, Türkan hatyn üçin hem aňyrsy begzada, ýa-da gurply maşgalanyň wekili duşman hasaplanylýardy. Içaly hökmünde güman edilýärdi. Muňa Çingiz hanyň Otrar şäherine ýollan 500 adamdan ybarat bolan söwda kerweniniň Türkan hatynyň ene başga dogany Ynaljyk Haýyr han (?-1219 ý.) tarapyndan 499-synyň baş bütin birugsat ýoklanmagy mysal bolup biler.
Soltan sözüň doly manysynda radikal yslamyň howandary we tarapdary bolmak bilen, beýleki dinleri hem-de oňa uýýanlary adam hasabynda görenokdy. Soltan Muhammediň Kaşgaryň we Hotanyň musulmanlaryndan ýüz öwürmegi ýakyn geljekde göýberen uly syýasy ýalňyşy boldy. Muny ilkinji bolup Jelaleddin duýdy hem-de soltana düşündirmek isledi. Emma bir kowçum musulmanyň göwnüne degileni soltanyň piňine hem däldi.
XIII asyryň birinji çärýeginiň ortalarynda mongollar bilen ilkinji resmi gatnaşyklar ýola goýuldy. Resmi gatnaşyklar esasan söwda ugry boýunça açyldy. Türkmen agaň “pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli” pähimi bar. Başlangyjy gowy başlandy. Ilçiler alyşyldy. Sowgat-serpaýlar gönderildi. Emma munuň uzaga çekmejekdigini iki tarap hem bilýärdi. Çingiz han söwda kerwenlerine duwlanyp soltanyň ýerlerine aňtaw iberýärdi. Maglumat toplaýardy. Bu tejribe biziň wagtymyzda hem ulanylyp gelinýär. Geň hadysa däl! Muňa garamazdan soltan Muhammet, Jelaleddin hem-de onuň emirleri ýagdaýy doly seljermegi başardylar.
Çingiz han ilçiden soltana niýetlenen dürli gymmatbaha sowgatlar ugradyldy. Mundan başga-da, ýörite nama hem göndürilip, onda şeýle setirler bar: “Men-Gündogaryň hökümdary, sen bolsa-Günbataryň! Goý biziň aramyzda parahatlylyk we dostluk hakynda berk şertnama bolsun, we iki tarabyň söwdegärleri hem-de kerwenleri gitsinler we gelsinler…”.
Belki Çingiz han ilkibaşda Horezme çozmagy niýet eden hem däldir. Ol günbatara gidýän esasy kerwen ýollarynda gorag nokatlaryny-“garakçylary” (ene dilimizdäki garakçy sözi şu ýerden) gurap, kerwenleriň howpsuzlugyny üpjün edýärdi.
1218-nji ýylyň ahyrynda Gürgenje 450 adamdan ybarat täze söwda kerweni gelýär. Olaryň ýany bilen her mongol taýpasyndan iki-üç täjir geýmine giren aňtawçy goşulýar. Akademik Z.M.Buniýatow şeýle ýazýar: “Biziň çeşmelerimiziň biriniň maglumatynda, bu mongollar ýüz adam boldy. Olar Çingiz hanyň şahsy wekili ilçi Uhun bilen horezmşaha wekilýeti düzdüler. Bu ýüz adamyň söwdadan başga-da horezmşanyň ýerlerinde aňtawçylyk bilen meşgul bolmalydygy bolup biljek hadysadydyr”.
Mundan beýläkki wakalar munuň dogrudugyny tassyklady. Ýöne 1218-nji ýylyň dekabr aýynda türkmen ýygnynyň mongollar bilen ilkinji duşuşugu boldy. Bu, soňy söweşe ýazan duşuşyk Irgiz derýasyndan aňyrdaky Turgaý sährasynda boldy. Merkitleriň göçlerini gyrgyna beren Çingiz hanyň uly ogly Juçy hanyň (?-1227 öl.) baştutanlygyndaky mongollar soltan Muhammet, şazada Jelaleddin hem-de Demir Mälik bilen ýüzbe-ýüz boldular. Türkmen ýygnynyň harby tertipde düzülendigini gören Juçy han, soltana wekil iberip söweşe girmejekdigini aýtdy. Ol “ýok edilen merkitlerden alynan oljalary berjekdigini, Çingiz hanyň hiç-bir ýagdaýda soltanyň esgerleri bilen uruşa girmezligi berk tabşyrandygyny hem ýetirdi”.
Emma kellesi göçen, şol bir wagtyň özünde entek mongol gyljynyň kesgirligini “öz teninde duýmadyk” soltan kesirlik bilen Juçy hana: “Eger-de, Çingiz han saňa meniň bilen uruşmagy höküm etmedik bolsa, onda beýik Allatagala seniň bilen söweşmegi buýrdy” diýip jogap berýär. Üç güne çeken söweşde türkmenler 20 müňe golaý esgerini ýitirýär. Diňe Jelaleddiniň we Demir Mäligiň harby ukyplary goşunyň tutuşlaýyn gyrylmagyndan halas edýär. Dördülenji gije Juçy han ýuwaşlyk bilen yza çekilip, Çingiz hanyň karargähine gelip, bolan wakalary, şol sanda Jelaleddin Meňburnuň hem-de Demir Mäligiň şahsy gahrymançylygyny gürrüň berýär.
Bu wakalar bolup geçýän wagty ýokarda gürrüňi edilen söwda kerweni Otrar şäherinde goş ýazdyrýar. Bu ýerde olar soltanyň dikmesi Ynaljyk Haýyr han tarapyndan saklanylýar. Ynaljyk Haýyr han-Türkan hatynyň ene başga doganlarynyň biri bolup, ol soltanyň daýysydy. Ol soltana söwdegärleriň hemmesiniň içalydygyny habar berýär. Soltan bolsa diňe tussag edilmelidigini buýurýar. Kerweniň harytlaryny Ynaljyk Haýyr han özüne alýar.
Emma, Çingiz han örän öňden görüji, diňe bir dogumly, zor, edenli hökümdar bolman, onda sabyr-takat bilen mekirlik hem bardy. Ol öz noýonlarynyň, begleriniň derhal Horezme-çeşmelerde ýatlanylyşy ýaly “sartaul halkynyň” üstüne çozmak baradaky talaplaryny ret edip, Gürgenje Ibn Kefrej Bugranyň baştutanlygyna wekilýet ugratdy. Biz bu ýerde onuň soltanyň adyna iberen namasynyň doly ýazgysyny getirip oturmakçy däl. Muny akademik Z.M.Buniýatow amala aşyrypdyr.
Çingiz han öz ilçisiniň üsti bilen Ynaljyk Haýyr hany bermegi, eger şeýle ädim ädilse “uruş howpuna päsgelçilik berip biljekdiklerini” ýaňzytdy. Emma, soltan örän ters hereket etdi. Ol Haýyr hany bermedi, üstesine-de, söwdegärleriň ýoklanmagyna özüniň perman berendigini aýtdy. Şu ýerde meselä şazada Jelaleddin goşuldy. Ilçi Ibn Kefrej Bugra bilen ikiçäk gürrüňden soň, şazada ilçi bilen mylaýym bolmagy we Haýyr hany mongollara bermegi maslahat berdi. Syrderýanyň kenarlaryndan Şama çenli ýaşaýan musulmanlaryň gyşlaglarynyň abat galjakdygyny aýtdy. Muňa soltan hem düşünmän duranokdy. Ol hem Çingiz handan çekinýärdi, hem Ynaljyk Haýyr hanyň Gürgenç köşgüni möý kerbine öwüren asylzada garyndaşlaryndan çekinýärdi. Asylzada garyndaşlar golaýda, mongollar bolsa uzakda. Şonuň üçin ol hökmürowan şahslara gelişmeýän gopbamlyk bilen şazadanyň teklibini ret etdi we Çingiz han bilen jedelde meseläni gyljyň çözjekdigini aýtdy. Netijede ilçini we onuň ýaranlaryny jezalandyrdy.
Şeýlelik bilen, soltan Muhammet hiç bir kada-kanuna sygmaýan düýpli syýasy ýalňyşlyk göýberdi. Çingiz han üçin Horezme çozmaga doly ýol açyldy. 1218-nji ýylda Çingiz hanyň Orta Aziýa ýörişine gatnaşan hytaý ruhanysy Ýelýu-Çusaýyň “Günbatara syýahatyň ýazgylary” gündeliginde beýan etmegine görä mongollaryň Horezmşalar döwletine ýörüşiniň sebäbi gürrüňsiz Otraryň (Hua-Tala) dikmesiniň mongol ilçilerini we söwdegärlerini ýoklanmagy boldy Orta asyryň senenamaçylary Çingiz hanyň Horezme ýörüşiniň ýene bir, esasy sebäpleriniň biri hakynda ýaňzydýarlar.
Abbasylar halyfy an-Nasyr soltan Muhammede garşy göreşde mongollary örän mekirlik bilen peýdalanýar. Ol bu tejribäni doly özleşdiripdi. Ozal halyf türkmenlere garşy gurydleri, naýmanlary we garahytaýlylary küşgüripdi. Ibn al-Asyr bu ýagdaýy ilkibaşdan ýazýar: “Yslamyň ýurtlaryna tatarlaryň çozuşyny şeýlede başgaça hem düşündürýärler, ýöne olar hakynda kitaplaryň sahypasynda ýatlamaly däl”. Emma beýik taryhçy geçmişiň, gürrüňsiz ilkinji nobatda türkmen halkynyň öňünde bergili galmandyr: “Eger-de, ajamlaryň (arapdälleriň) şoňa (halyf an-Nasyra) aýdýanlary, ýagny hut onuň tatarlaryň musulman halklaryna çozmagyna öjükdürendigi we şu maksat bilen onuň olara wekilleri iberenligi dogry bolsa, onda ol beýik jenaýatdan aşýan iş edipdir”
Taryhçy al-Markizi halyfyň mongollara ugradan namalary hakynda has anyk ýazýar: “Onuň (an-Nasyryň) dolandyran wagtynda tatarlar Gündogaryň ýurtlaryny tozdurdylar. Olar hat-da Hemedana baryp ýetdiler. Munuň sebäbi şulardan ybarat: ol, horezmşanyň ogly soltan Ala ed-Din Muhammetden gorkusyna, haçan-da, ol Bagdady alyp, ony Seljuklaryň wagtyndakysy ýaly öz döwletiniň paýtagtyna öwürmeklige hyýallanynda bu ýurtlara çozmaklyga öjükdirip olara (mongollara-B.A.) ýazdy” diýip, teswirleýär.
Senenamaçy Ibn Wasil hem halyf an-Nasyryň mongol kagany Çingiz hana ýüzlenmesini ýatlap geçýär: “Haçan-da, horezmşah Bagdada tarap gozgananda, halyf tatarlaryň hökümdary Çingiz hana, ony horezmşanyň ýurduna çozmaklyga öjükdirip ýazdy”. Ýeri gelende aýtsak Ibn Wasiliň maglumatlaryny Abul Fid, Sebt al-Jauzy we Muhammet ibn Hawanşa Mirhond ýaly görnükli taryhçylar hem tassyklaýar. Şu ýerde tebigy sowal ýüze çykýar: bar, musulman halyfy öz tagtyndan gorkup Çingiz hany öjükdirmedik hem bolsa, mongol harasady türkmeniň ýurdunyň üstüne inermidi?!
Çingiz hem-de onuň serkerdeleri döwletiň gowşak taraplaryny mekirlik bilen peýdalanyp bildiler. Çingiz hanyň ýygyny 150-den-250 müň aralygy düzýärdi. Emma Orta Aziýa ýörüşi başlananyndan soň onuň sany soltanyň gullugynda duran garahytaýlylaryň, horasanlylaryň, deýlemitleriň hasabyna köpelipdi. Çingiz han musulman, hristian we butparaz halklardan düzülen täze toparlary ýazak goşun hökmünde ulanýardy.
Dowamy bar……
Bäşim ANNAGURBANOW,
Arheolog
Saýtymyzya ýerleşdirilen Makalanyň birinji bölümini okamak üçin şu ýere basyň!
Saýtymyzya ýerleşdirilen Makalanyň ikinji bölümini okamak üçin şu ýere basyň!