MEDENIÝET

Çille gary

8-nji dekabrdan başlanýan uly çille 17-nji ýanwara çenli dowam edýär. Soňra kiçi çille başlanýar. Kiçi çille 7-nji fewrala çenli dowam edýär-de, soň ornuny ahyrky garagyşa berýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär. 

Eždatlarymyz gyş pasly barada gyzyla gaplaýmaly pähimleri, nakyllary we atalar sözlerini miras galdyrypdyrlar. Olardan: «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz», «Gyş gamyny ýaz iý, ýaz bolmasa — güýz», «Gyş geýjegiňi tomus taýýarla, tomus geýjegiňi — gyş», «Ýazyň ýuwundysy — gyşa gatyk» ýaly pähimdir nakyllaryň her birinde gyşa taýýarlykly barmalydygy ündelýär.

Gyşyň gar-ýagşynyň toprak üçin zerurlykdygyny, eger-de gyşda ygal bolmasa, onda ýazda berekediň hem bolmajakdygyny pederlerimiz «Gyş bolmasa, guş bolmaz», «Gyşy gyşsyramadygyň, ýazy ýazsyramaz», «Gyş suwy — gyzyl suwy», «Çille gary — ýeriň gany» diýen ýaly pähimleriň üsti bilen ýatladypdyrlar.

Ata-babalarymyz uly çillede gar köp ýagyp, doňaklyk uzak dowam etse, gowulyga ýorupdyrlar. Sebäbi soňra onuň yzyndan gelýän kiçi çille gazabyna tutmandyr. Eger-de uly çille maýyl gelse, onda ol öz ornuny kiçi çillä berjek wagty: «Inim Sary, ýet, gara goýunda guýruk, esrik nerde örküç, sannyk aýalda hem hamyrmaýa galdy. Men-ä sakgalymyň agyndan utanyp, halkyň ýagdaýyna dözmän, doňaklygy gowşagrak etdim. Sen beri öz borjuňy berjaý et» diýip, kiçi çillä pugta sargarmyş. Şundan soň kiçi çille gazabyna tutsa, ata-babalarymyz: «Gyş soňuna syrykdy» diýip, öz aladasy bilen bolupdyrlar. Bary-ýogy 20 gün dowam edýän kiçi çilläniň döwri geçenden soňra bolsa gyşyň gutardygy diýip hasaplapdyrlar. Sebäbi 7-nji fewraldan 22-nji fewrala çenli dowam edýän ahyrky garagyş eýýäm gyşyň gowşap, howanyň maýlap başlaýan döwri hasaplanýar.

Şu ýylyň gyşy turuwbaşdan aklyga, ak gara beslenip geldi. Munuň özi towşan ýylynyň rysgal-bereketli, döwletli ýyllaryň biri boljakdygynyň alamatydyr.

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy