JEMGYÝET

Türkmenistanda ýolbaşçy düzümler 1-nji awgustdan başlap dynç alşa çykar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow alty aýyň jemleri boýunça geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde 1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berýändigini, olaryň ýurduň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp biljekdigini aýtdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahatyň geçirilýändigi bilen baglylykda, ähli ýolbaşçylar guramaçylyk işlerine hem gatnaşarlar — diýip, döwlet Baştutany belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň ählisiniň 13-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýolbaşçylygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisine gatnaşjakdygyny aýtdy.

— Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere serediler — diýip, döwlet Baştutany aýtdy we bu halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça kabul edilen Karardan ugur alyp, her kimiň jogapkär ugry boýunça degişli işleri alyp barmalydygyny nygtady.

Ýene-de okaň

«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetine Eswatinide önümçilik üçin ýer berilýär

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär

ABŞ türkmen tebigy gazynyň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldaýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Marko Rubio duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Annalena Berbok bilen duşuşdy