SPORT

Çempionlar ligasynda ýarym finalçylar belli boldy

Çempionlar ligasynda 1/4 duşuşyklaryň jogap oýunlary tamamlandy. 14-nji aprele geçilen gijede çempionatyň ýarym final tapgyryna “PSŽ” we “Çelsi” toparlary öz atlaryny ýazdyrmagy başardylar. “PSŽ” topary hakda aýdanymyzda onda bu topar 1/8 tapgyr duşuşyklarynda hem ispaniýanyň “Barselona” topary bilen duşuşdylar we ýeňdiler. “Çelsi” futbol topary bolsa 7-nji ýyldan soňra çempionatyň ýarym finalynda çykyş etmek üçin hukuk gazandy. 15-nji aprelde bolsa ýene iki topar öz atlaryny ýarym final tapgyryna ýazdyrdylar. Olar ispaniýanyň “Real Madrid” we angliýanyň “Mançester Siti” toparlary boldular. Ýeri gelende bu toparlar hakda aýdanymyzda, “Real Madrid” topary öz meýdançasynda “Liwerpul” toparyny 3:1 hasaby bilen ýeňdi. Jogap duşuşykda “Liwerpul” toparynyň janköýerleri “Barselona” toparyna garşy geçiren duşuşykdaky ýaly hasapda öňe geçmegine garaşdylar. Emma “Liwerpul” topary 0:0 hasaby bilen Çempionlar ligasyny terk etdi. “Mançester Siti” topary hem germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” topary bilen duşuşdy. Birinji oýun 2:1 we jogap duşuşygynda ýene-de şol hasap bilen ýeňip, indiki tapgyra çykdy.

Şeýlelik bilen Çempionlar ligasynyň 2020/2021-nji möwsüminiň ýarym finalynda bu toparlar duşuşarlar:

“Real Madrid – Çelsi” (bu duşuşyk 27-nji aprelde, jogap duşuşygy 5-nji maýda geçiriler)

“PSŽ – Mançester Siti” (bu duşuşyk 28-nji aprelde, jogap duşuşygy 4-nji maýda geçiriler)

 

Otly gatnawlary barada täzelik

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar