SPORT

Çempionat 21-nji iýunda başlanar

Russiýanyñ futbol birleşigi özüniñ “Twitter” sahypasynda guramanyñ ýerine ýetiriji komitetiniñ geçiren maslahaty barada beýanat bilen çykyş etdi.

Maslahatda Russiýanyñ “Premýer liga” futbol çempionatynyň şu möwsümini dowam etdirmeli – diýip, karara geldiler. Çempionat 21-nji iýunda başlanar. Şeýle hem futbol birleşigi toparlaryň hepdede iki oýun geçirmegi üçin degişli  duşuşyklaryň tertibini taýýarlaýar.

Bilşimiz ýaly, Russiýanyñ çempionaty ähli futbol çempionatlar ýaly koronawirus pandemiýasy sebäpli mart aýynda wagtlaýynça saklanypdy.

22 tapgyrdan soñ, çempionatda birinji orunda 50 utuk bilen “Zenit”, kinji orunda “Lokomotiw”, üçünji orunda “Krasnodar” toparlary barýar. “Lokomotiw” we “Krasnodar” toparlaryñ ikisinde-de 41 utuk bar.

Related posts

AFC-2 Çempionlar ligasy:  “Ahal” topary duşuşyklaryny «Arkadag» stadionynda geçirer

Ilkaý Gündogan ýene-de “Mançester Siti” toparyna gaýdyp geldi

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”