BILIM

«CARAVAN» media taslamasy: media sowatlylygy boýunça okuw sapaklary

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda «Buig» kompaniýasynyň paýtagtymyzdaky «Carbon» okuw merkezinde sanly tehnologiýalar, etika we media ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak bilen bagly hünär ussatlygy boýunça ýörite okuw sapaklary geçirildi. Olara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw sapaklary Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «CARAVAN» media taslamasynyň media sowatlylygy, nädogry maglumatlaryň garşysyna göreşmek, žurnalistika emeli aňy ornaşdyrmak ýaly ugurlaryny öz içine aldy. Olara gatnaşyjylar daşary ýurtly hünärmenlerden jemgyýetçilik media ulgamlarynyň hem-de emeli aňyň mümkinçilikleri barada täze maglumatlary öwrendiler.

Alty günläp dowam eden okuw sapaklarynda gazagystanly bilermenler Aýganym Amirbekowa, Gulim Amirhanowa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hünärmeni Aýgül Bäşimowa «Sosial ulgamlaryň ösüş strategiýasy», «Mowzuk döretmekde emeli aň gurallaryndan peýdalanmak», «Şu günüň mediasy», «Mediada dizaýn işi», «Emeliň aňyň kömegi bilen tekst ýazmak», «Ýazuw aragatnaşygynyň formalary» ýaly mowzuklar boýunça çykyş etdiler. Olaryň aýdyşy ýaly, jemgyýeti habarlar bilen üpjün etmekde žurnalistikanyň we bu ugurda zähmet çekýänleriň işine möhüm orun degişli bolup, ony döwrebap derejede guramak zerurdyr. Şeýle-de sanly platformalar bilen işlemekde, maglumatlaryň dogrulygyny barlamakda, emeli aňyň mümkinçiliklerini ýerlikli ulanmakda ýeterlik derejede tejribäniň wajypdygy nygtaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanly alymlaryň Indoneziýadaky üstünligi

Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Türkiýede uçarmanlyk okuwy üçin kabul edişlik yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen okuwçylary we talyplary halkara olimpiadalarda 800-den gowrak medal gazandylar

Bilim ministrligine 1-nji synpa barjak çagalara sowgat beriljek kompýuterleri satyn almaga ygtyýar berildi

Türkmenistan-Müsür: bilim hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy