SIZDEN GELENLER

Çagalary goramagyň halkara güni

1-nji iýun bütin dünýäde ähli Çagalara goýulýan hormatyň nyşany hökmünde bellenilýär. Çagalary goramagyň halkara gününi baýramçylyk hökmünde giňden belläp görmegiň taryhy, öz gözbaşyny 1949-njy ýylda Parižda Zenanlaryň halkara demoktratik federasiýasynyň mejlisinde kabul edilen karardan alyp gaýdýar. Şondan bäri her ýylyň 1-nji iýuny Çagalary goramagyň halkara güni diýip ykrar edildi.

Bu taryhy ýörelgeler esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assembleýesy tarapyndan 1989-njy ýylyň 20-nji noýabryndaky Rezolýusiýasy bilen kabul edilen Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa halkara hukuk resminamalarynyň iň esasylarynyň biridir. Bu Konwensiýada jemi 54 madda bolup, olarda çagalaryň ýaşamaga, doly derejede ösmäge, zyýanly täsirlerden goralmaga, maşgala, medeni we jemgyýetçilik durmuşyna doly derejede gatnaşmaga bolan esasy hukuklary beýan edilýär. Türkmenistan 1994-nji ýylyň 23-nji fewralynda Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýany kabul etdi. Şondan bäri ÝUNISEF saglygy goraýyş, bilim, durmuş goraglylygy we howanyň üýtgemegi ýaly ulgamlarda oňyn özgertmeleri üpjün etmek ugrunda biziň ýurdumyz  bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýar.

Bütindünýä Çagalar güni – çagalaryň abadançylygyny üpjün etmäge, olaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýädäki çagalaryň bähbidine alnyp barylýan işleri güýçlendirmäge gönükdirilendir. Baş Assambleýa bu baýramçylygy her döwletiň  özüne laýyk hasaplaýan görnüşinde we öz kabul eden gününe görä bellemegini teklip etdi. Şeýle-de Baş Assambleýa öz karary bilen Bütindünýä çagalar gününiň ählumumy bellenilmeginiň halklaryň agzybirligini we hyzmatdaşlygyny berkitmäge hyzmat etjekdigini belledi.

«Bal süýji, baldan-da  bala süýji» diýen nakyla eýerilse hakykatdan hem çaganyň baldan süýji, eýjejik, naşyjadygyna göz ýetirýärsiň. Özüniň täsinje hereketleri bilen töwerek-daşyndaky adamlary güýmemegi, jykyrdap gülüşi, tämiz oýunlary bilen güldürmegi başarýar. Çagajyklaryň arasynda dürli oýunlar oýnap wagtyň nädip suw ýaly akyp geçenini hem duýman galýan wagtlarymyz bolýar. Gaýgy, aladalaryň bolsada çagalaryň ýanyna baranyňda olar seni öz dünýälerine alýarlar we ähli ünjileriňi bir pursatlyk bolsada unutdyrýarlar.

Çagalar biziň durmuşymyzyň iň esasy baýlygydyr. Çagalaryň goraglylygyny we olaryň abadan ösüşini üpjün etmek bolsa biziň iň esasy maksadymyz bolup durýar. Olaryň giň dünýägaraýyşly, kämil ruhly we berk bedenli bolup ýetişmekleri biziň her birimiz üçin derwaýysdyr. Çünki biziň ýagty geljegimiz ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglydyr.

Çagalary goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Aşgabat şäherinde-de giň möçberli dabaralar we medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu baýramçylyk mynasybetli Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgünde, söwda we dynç alyş merkezlerinde, Aşgabat seýilgähinde, “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, “Ertekiler dünýäsinde”, Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrliginiň , Aşgabat şäher häkimliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen medeni sport we aýdym-sazly dabaralar uly joşguna beslenýär.

Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin ägirt uly  mümkinçilikler döredilýändir. Gahryman Arkadagymyzyň ösüp gelýän ýaş nesillere asuda durmuşy kepillendirmek ugrunda edýän aladalary hem munuň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Durmuşymyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary  üçin Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömüri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Meýlis SADYKOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.

 

PSR barlagy hökmany boldy

 

 

 

Ýene-de okaň

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury