Ilki bilen meň öz şahsy pikirim, umuman gadagançylykdan tarap däl. Sebäbi, bir zady gadagan etmek ol zada gyzyklanmany artdyryp bilýär. Mekdep ýyllarymyzda mugallymyň biri diwara bir kagyz asyp, ýüzüne “bu kagyzyň arkasyna seretmek gadagan ýazdy”. Gelen arkasyna seredýär. Arkasy ak boş kagyz. Emma bu diýmek däl, umumy ahlak we hukuk taýdan kabul edilip bolmajak zatlar gadagan bolmasyn!
Öz mysalymdan aýtsam, men maşgalamda diňe men “Tiktok” ulanýan, ol hem media maksatly! Uly oglum (17 ýaşap barýar nesip edenden) açan eken, men oňa “Tiktogyň” oňa näme zyýan berip biljekdigini düşündirdim. Ol hem ýapdy. 13 ýaşyndaky we 8 ýaşyndaky oglumda hiç biri ýok. Elbetde interneti ulanýarlar!
Amerikada mekdepde 3-sine kompýuter berdiler we her hepde maňa haýsy programma ulanýandygy we haýsy sözleri gözleg edenleri barada hasabat gelýär. Ýagny Amerikada mekdep okuwçylaryna gözegçilik etmek gerekdigi pikiri bar. 13 ýaşyndaky oglumyň öz şahsy telefonyna näme programa ýüklese, “Google” tarapyndan maňa hökman elektron poçta arkaly habarnama iberilýär. Bu çagalaryňa ynanmazlyk däl, gaýtam olaryň has dogry ýolda gitmegi üçin ene-atanyň ornuny görkezýär. Kaliforniýa ýaly, Silikon jülgesi ýaly merkezde bolsaň hem, belli bir derejede çäklendirme, iň azyndan gözegçilik gerek!
Öňde biri maňa diýipdi, sen hukuk ylymlarynyň doktory, Türkiýede we Amerikada okana meňzäňok diýipdi. Men Amerikada bolýan ýa-da hukuk doktory diýip, türkmendigimi unudamok diýipdim. Ýene biri baran ýeriň bilen bolmaly diýipdi, geýimler babatynda! Elbetde iň gowy zady, iň owadan zady, iň moda zady başarsaň geýmeli, emma baran ýeriňe meňzejek bolup ýa-da olara gowy görünjek bolup dälde, özüňe gelişýändigi üçin, özüňi rahat duýýanlygyň üçin geýmeli. Elbetde umuman, türkmençilik kada-kanunyna laýyk bolmak şerti bilen! Sag aýagyň öz türkmençiligiňe berk basmaly, çep aýagyň bilen dünýäniň iň gowy zatlaryny almaly. Başarsaň iň gowy we ýokary derejede ýaşamaly!
Türkmen ýaşlaryna “TikToka” seredip baha bermäliň! “Tiktokda” bize görä dyrnak içindäki käbir şeýle samsyk zatlaryň iň köp tomaşa edilýändigigini göreňde, ýaşlar adyna kätesine gynanyp hem bileris. Emma umyt edýäris, şeýle ýaşlar az. Diňe sesleri gür çykýar. Hakykatda özüni dünýä derejesinde ýetişdirmek üçin okaýan, öwrenýän, tejribe edýän müňlerçe oglan gyzymyz bar. Diňe tanamzok! Mysal şu post meň pikirimçe şeýle peýdaly, emma baklaşka zyňyp, “Zara” moda geýim bilen tans wideonyň müňde biriçe görülmez, paýlaşylmaz! Sebäbi käbir ýaşlarda “Eý Ýaşok, aklyň bolsa özüňde sakla” pikiri höküm sürýär.
“Tiktoky” çagalara gadagan etmelimi?! Ony her ene ata özi karar bersin! Men öz tejribämi we pikirimi gysgaça paýlaşdym! Eýsem Siziň pikiriňiz?