SIZDEN GELENLER

Bulary bilýärdiňizmi?

Gije oturyp, telewizora tomaşa etmegiň ýerine adaty sagatlarda ukyňyzy alsaňyz, günüňiz başgaça geçer.

Serhoş wagtyňyz kofe içseňiz sizi oýarmaýar. Munuň tersine, alkogolyň täsirini ýokarlandyrýar hem-de pikir edişiňizden has köp kaloriýa sarp edýärsiňiz.

Köp adamlar ananasy miwe diýip pikir etseler-de, meýdanda ösýär we ol miwe däldir.

Asyryň zehini hökmünde häsiýetlendirilýän Albert Eýnşteýn baradaky hakykatlaryň biri-de onuň 9 ýaşyna çenli gürlemekde kynçylyk çekendigi.

ABŞ-nyň öňki prezidenti bolan Jon F. Kennedi 20 minutda 4 gazet okap bilipdir.

Adamlarda diňe barmak yzlary däl, eýsem dil yzlary hem bardyr.

Şokolad itler üçin öldüriji hasaplanýar. Sebäbi, itleriň ýüregine we nerw ulgamlaryna howply şokolad olary ölüme eltip bilýär.

Dünýä belli suratkeş bolan Leonardo da Winçi bir eli bilen surat çekýän wagtynda, beýleki eli bilen hat ýazyp bilýär eken.

“Apple” kompaniýasynyň düýbüni tutujy Stiw Jobs dünýä inenden soň gysga wagtyň içinde bir amerikan maşgalasyna ogullyga berilýär.

Ilkinji gezek 1966-njy ýylda çykan “Twister” oýny halkyň aglaba bölegi tarapyndan berk tankyt edildi we oýun ahlaksyz diýip häsiýetlendirildi.

1972-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aýa aýak basan on ikinji adam we iň soňky adam hasaplanýan Gen Cernan, gyzynyň baş harplary bolan TDC harplaryny Aýyň ýüzüne çekýär. Birnäçe ýyllap Aýyň ýüzünde duran TDC, müňlerçe ýyllap şol ýerde galar ýaly harplardyr.

Irden turanyňyzda boýuňyzy ölçeseňiz, adaty ýagdaýyňyzdan 1-2 sm uzyndygyňyzy görersiňiz. Munuň sebäbi bolsa, uky wagtynda bogunlara edilýän basyşyň peselmegi hem-de oňurgalaryň uzalmagydyr.

Diňe towşanlar we towuklar kellesini öwürmän arkasyny görüp bilýärler.  Bilermenleriň çaklamalaryna görä ömrüňiziň takmynan 1/6 bölegi çarşenbe güni bilen geçýär.

Amerikan awtoulag ýollarynda her gün takmynan 123,000,000 awtoulag ulanylýar.       Dünýäniň iň giň ýoly hasaplanýan Braziliýanyň Monumental okunda 160 sany awtoulag şol bir wagtyň özünde biri-biriniň gapdalyndan sürüp hereket edip bilýär.

Žirafalar 53 sm dilleri bilen öz gulaklaryny arassalap bilýärler.

Dünýädäki adamlaryň diňe 11% -i çep elde hat ýazýanlar diýip hasaplanýar.

Düýeguşyň gözleri beýnisinden has uludyr.

Adamlar 300 süňk bilen dogulýarlar, ulalandan soňra bu süňk sany 206-a düşýär.

Gök reňki görüp bilýän ýeke-täk guş görnüşi baýguşdyr.

Ortaça hasaplananda bir adam 7 minutda uka gidýär.

Adamlar ýylda 1460-dan hem gowrak arzuw edýär.

 

Meýlis SADYKOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

 

Türkmenistanda hususy oba hojalykçylaryň sany barha köpelýär

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi