DÜNÝÄ

Bitaraplyk sahypamyz öz işine başlaýar

Şu günler Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamasy bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny belleýär. “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň hormatyna milli we halkara derejesinde ençeme çäreler geçirilýär, köp sanly durmuş we medeni maksatly binalar ulanmaga berilýär.

Biz hem “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň döredijilik topary bolup, Türkiýe Respublikasynda hereket edýän Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti bilen bilelikde žurnalymyzyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtynda ýörite “Bitaraplyk” sahypasyny döretdik. Bu ýerde dünýä belli syýasatçylaryň, alymlaryň, halkara guramalaryň wekilleriniň, işewürleriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky makalalaryny okap bilersiňiz.

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

Mälim bolşy ýaly, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli “Söýgi-durmuşyň özeni” atly döredijilik bäsleşigini geçirýär. Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän esasy 25 baýrakly döredijilik bäsleşigimizde ýene-de 12 goşmaça baýraklar hem gowşurmagy göz öňünde tutýarys.

Döredijilik bäsleşigimizde makalalary kabul etmek işi tamamlandy we Bitaraplyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýeňijiler yglan ediler.

“Sanly Sözlük-Akylly Sözlük” Taslamasy

Şeýle hem Bitaraplyk baýramçylygymyza ýene-de bir sowgat taýýarladyk. Jemi 15000-den gowrak Türkmençe we Iňlisçe esasy sözden ybarat, Türkmen dilinde “gepleýän” we eşidýän” ilkinji akylly sözlük taslamasyny taýýarladyk. Sanly sözlük taslamamyz tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar we Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ulanmaga berler.

 

Sahypany Taýýarlanlar/ Sayfayı Hazırlayan/This page Prepared by :

Türkmenistanlylar Raýdaşlyk Jemgyýeti barada okamak üçin şu ýere basyň!

Türkmenistanlılar Dayanışma Derneği hakkında daha fazla bilgi için buraya tıklayın!

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisi geçirildi

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy