SIZDEN GELENLER

Bitaraplygyň türkmen nusgasy

Dünýä döwletleriň we iri halkara guramalaryň dünýä derejesinde howpsuzlygy, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, olaryň özara bähbitli we halkara ähmiýetli hyzmatdaşlyklarynyň ösüşini artdyrmak, häzirki döwrüň mahsus aýratynlyklarynyň biri hasaplanylýar.

Türkmenistan öz garaşsyzlygyny gazanan döwründe,  köp asyrlyk milli parahatçylyk söýüjilik, myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmäge bolan islegli, ynanmak erkinligi, beýleki halklaryň medeniýetine bolan hormatyň mahsuslygy, ähli döwletler bilen özara bähbitli we peýdaly deňhukukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyk we ösdürmeklik, parahatçylygyň we halkara howpsuzlygyň pugtalanmagyna ýardam etmeklik ýaly syýasatynyň esasy ýörelgelerini kesgitledi.

1992-nji ýylda ýurdumyzyň daşary syýasatynda uly üstünlik gazanylyp, bu sene Türkmenistanyň taryhyna girdi. Çünki şol ýylyň
2-nji martynda  BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynda ählumumy dostluk we hoşniýetlilik ýagdaýynda, ses berişligi geçirmezden, Türkmenistany BMG-niň agzalygyna kabul etdiler. Şeýle taryhy wakanyň ýüze çykmagynyň esasynda, Türkmenistan halkara hukugynyň doly hukukly subýekti boldy.

Garaşsyz Türkmenistan ilkinji gezek öz daşary syýasat ugrunyň esasy hökmünde, 1992-nji ýylyň 10-njy iýulynda Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynda oňyn Bitaraplyk ýörelgesini saýlap alýandygyny mälim etdi.

1995-nji ýylyň 15-nji martynda  Pakistanyň paýtagty Yslamabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň III maslahatynyň jemleýji Jarnamasynda Türkmenistanyň daşary syýasatdaky Bitaraplyk ýörelgesi sebit derejesinde ykrar edildi.

Türkmenistan daşary syýasatda özüniň işjeňligini artdyrmak bilen, 1995-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk hereketine gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlaryň duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty biragyzdan goldanyldy.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde 185 döwletiň goldamagynda, 25 döwletiň awtordaşlyk etmegi bilen “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” atly A/50/80 belgili ýörite Rezolýusiýa kabul edildi we Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna eýe boldy. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara gatnaşyklarynyň taryhynda ilkinji gezek şeýle ýörite Rezolýusiýanyň kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ykrar edilmegidir. Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygyny goldamak bilen, bu baradaky garaýyşlaryny ýokarda agzalan Rezolýusiýasynda BMG-niň Baş Assambleýasy şeýle beýan edýär, ýagny BMG:

“1. Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar;

  1. 2. Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga hem-de ony goldamaga, şeýle hem onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäkleriniň bitewüligine hormat goýmaga Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleri çagyrýar”.

Türkmenistanyň Prezidenti özüniň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda eden çykyşynda, taryhy pursadyň we ýurduň daşary syýasat strategiýasynyň many-mazmunyny açyp görkezmek bilen, şeýle diýdi: “Biz özümiziň oňyn Bitaraplyk syýasatymyzy işläp taýýarladyk we onuň binýatlaýyn düzgünlerini – parahatçylyk söýüjilik, beýleki ýurtlaryň işlerine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalaryna we şertnamalaryna gatnaşmazlyk ýaly ugurlaryny kesgitledik. Şeýle ýoluň saýlanyp alynmagynyň zerurlygy nämede? Elbetde, ilkinji nobatda, biz milli bähbitlerimizden ugur aldyk. Anyk dünýägaraýşa daýanyp, biz goňşularymyz bilen parahatçylykda we ylalaşykda ýaşamak, ähli ýurtlar bilen dostlukly, deňhukukly gatnaşyklary saklamak, olar bilen özara bähbitli ykdysady, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek isleýäris. Şol dünýägaraýşyň esasynda bolsa bitaraplygyň, parahatçylygy söýüjiligiň we hyzmatdaşlygyň mizemez ýörelgeleri durandyr. Biz diňe şeýle şertlerde halkymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün edip boljakdygyna, ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip boljakdygyna ynanýarys”.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda, 47 döwletiň awtordaşlygynda “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” atly Rezolýusiýasy ikinji gezek biragyzdan kabul edildi. Rezolýusiýa ýene bir gezek Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny BMG-niň goldaýandygyny görkezdi we ähli agza döwletlerini bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga, goldamaga hem-de Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özbaşdaklygyny we çäk bitewüligini hormatlamaga çagyrdy.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 33 döwletiň awtordaşlyk etmeginde 12-nji  dekabry – Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.

Garaşsyz we hemişelik baky Bitarap Türkmenistan uzak ýyllaryň dowamynda syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda uly üstünlikler gazanyp gelýär. Ýurdumyz howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, garaşsyzlygyny, özygtyýarlygyny we çäkleriniň bitewüligini gorap saklamak, şeýle-de ony berkitmek türkmen döwletiniň daşary syýasy işleriniň esasy maksatlarydyr. Türkmenistan öz garaşsyzlygyny alan gününden bäri, halkara arenada dünýä döwletleri we iri halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn diplomatik gatnaşyklary alyp barýar.

Häzirki wagtda çenli Türkmenistan dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, şeýle-de iri we abraýly halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 40 sany diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary hereket edýär. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň 35 sany diplomatik wekilhanalary we 13 sany iri halkara guramalarynyň wekilhanalary bardyr. Şeýle-de, Türkmenistan 150-den gowrak halkara konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň agzasy bolup durýar we dünýäniň ençeme döwletleri bilen söwda hyzmatdaşlygyny alyp barýar.

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýyl “Türkmenistan – Bitaraplygyň  mekany” diýlip atlandyryldy. Bitaraplygyň türkmen nusgasy gelip çykyşy boýunça “ykrar edilen”, görnüşi boýunça “baky”, manysy boýunça “oňyn” häsiýete eýedir.

 

 

Merdan Baýjanow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika