BIZNES

Birža paýdarlar jemgyýetine öwrüler: Paýnamalar hususy tarapa satylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasyny paýdarlar jemgyýetine öwürmek göz öňünde tutulýar.

Bu ugurda geçirilýän işler baradaky hasabat Ministrler Kabinetiniň mejlisinde garaldy. Döwlet biržasynyň işini kämilleşdirmek babatda onuň 2020-2025-nji ýyllar üçin strategiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen guramaçylyk hukuk görnüşini üýtgetmek we açyk görnüşli paýdarlar görnüşine öwürmek baradaky teklip hödürlendi.

Biržanyň işi ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurtlara ýerlemekden ybaratdygy nazara alnyp, paýdarlar hökmünde eksporta niýetlenen önümleri öndürýän kärhanalaryň paýly gatnaşyklary hem-de paýnamalaryň belli bir bölegini Aşgabat gazna biržasynyň üsti bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy taraplara ýerlemek teklip edilýär.

Şunuň baglylykda gyzyklanma bildirýän edaralaryň hem-de kärhanalaryň sanawy taýýarlandy.

Hormatly Prezidentimiz biržanyň işiniň ýokarlandyrylmagy babatda bazaryň täze şertlerinde birža söwdalarynyň esasy ugurlaryny emele getirýän birnäçe ugurlarynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz dünýä tejribesinde biržalaryň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň paýdarlar görnüşindedigine ünsi çekip, göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilmeginiň netijesinde biržada baglaşylan geleşikleriň dolanyşygynyň hem-de onuň girdejileriniň ep-esli artdyrylmagyny gazanmagy başartjakdygyny belledi.

Bulary hem okaň!

Zähmet haklary ýokarlandyrmak: 2021-nji ýylyň býujeti

2020 ýyly üçin ykdysady çaklamalary

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi