JEMGYÝET

Birbada 3 rekord goýdy

Şweýsariýaly akrobat Freddi Nok pandemiýa günlerinde Alp daglarynda birnäçe gezek çykyş edip, 3 müň metr beýiklikdäki çykyşy bilen şol bir wagtyň özünde 3 sany rekord goýdy.

Ol 3 müň metr beýiklikde 39.1 gradus eňňitde şeýle-de 40 metr uzynlygyna deňagramlylygyny ýitirmän Alp daglarynyň asma ýüpüniň üstünden geçmegi başardy. Freddi Nok görkezilen uzaklygy gözi maskaly geçip, birinji rekorduny goýmagy başardy.

Şeýle hem ol asma ýüpüniň üstünden 367 metr welosiped sürmegi hem başardy. Şeýlelikde Freddi Nok ikinji rekorduny goýdy.

Türgen yzlygyna ýöräp hem 151 metr ýöremegi başaryp üçünji rekorduny hem goýmagy başardy.

Şweýsariýaly akrobat Nok indiki çykyşyny 5000 metr beýiklikdäki yssy howa şarynda ýerine ýetirmek isleýändigini aýtdy.

Related posts

Russiýadan Türkmenistana elektron biletleri türkmen manadynda satyn alyp bolar

Ata Watan Eserleri

GDA-nyň çäklerinde möhüm resminamalar kabul edildi

Lebap eyaleti : Atamalar ve görevden almalar

vepa