TESWIRLER

Bilim we nadanlyk hakynda

Salam hormatly “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň okyjylary! Türkmen atalar sözi sapagymyza hoş geldiňiz!  Türkmen Atalar Söziniň 4-nji sapagyna başlaýarys!

Muhammet Geldiýewiň 1925-nji ýylda taýýarlan kitabyndaky atalar sözüni öwreneliň:

“Makala we matallar ýygyndysy: Babalar sözi” diýen kitap 95 ýyl ozal çap edilipdir. Biz bu kitapdaky türkmen atalar sözüni içgin öwrenmäge synanyşalyň.

Kitapdaky birinji bölüm: Bilim we nadanlyk hakynda

Adyndan belli bolşy ýaly, bu bölümde bilim bilen baglanyşykly atalar sözüne ýer berlipdir. Şol atalar sözüni ýekeme-ýekän bilelikde öwrenmekligi ýerlikli hasapladyk.

 1.Bilimli ölmez, bilimsiz gülmez. Öňi bilen şuny aýtmak gerek, bu atalar sözünden türkmenleriň gadymdan bäri bilime uly üns berendigine göz ýetirmek mümkindir. Jemi dört sözden ybarat bolan bu atalar sözüniň esasynda köküni “bilmek” işliginden alýan we sypat söz toparyna girýän iki sany söz bardyr:

1.Bilimli

2.Bilimsiz

Sowatlylyk babatda biri-birine çapraz gelýän we gapma garşylykly häsiýeti bolan iki sany adamy göz öňüne getirp göreliň we olary deňeşdireliň: bilimli adam, bilimsiz adam.

Deňeşdirýän adamyň birinjisi bilimli adam, elbetde, onuň barlygy bilim bilen sypatlandyrylypdyr. Diýmek, ol bilimli adam, beýleki adamlardan öz bilimi bilen tapawutlanýar, şol tapawut bilenem sypatlandyrylýar.

Bu sypatlandyrmadan şeýle netijeler gelip çykýar: bilimli adam sowatlydyr; bilimli adam akyllydyr, bilimli adam paýhaslydyr; bilimli adam pähimlidir, bilimli adam danadyr.

Netijede, bu atalar sözünden bilimli adamyň adynyň-da, eden işiniň-de hemişelik ýaşaýandygy, ölümsizdigi ýörite bellenilýär.

Ýokardaky aýdanlarymyza çapraz gelýän adamyň häsiýeti bilimsizlikdir. Bilimsizlik bar ýerinde, sowatsyzlyk bardyr, düşünjesizlik bardyr, nadanlyk bardyr, medeniýetsizlik, köre-körlük bardyr. Bilimsizlik bar ýerinde, adama bolan hormat-sylag ýokdur, aňa, zehine, akyla esaslanýan düşbülik-de ýokdur.

Şonuň üçin bilimsiz ynsanyň durmuşyň, ýaşaýşyň her pudagynda kynçylyga duş geljekdigi, ýüzüniň gülmejekdigi ýörite bellenilipdir.

 2.Nadan dostdan dana duşman ýagşydyr. Bu atalar sözüniň netijesi bize geňräk bolup biler. Başgaça aýdanymyzda, Türkmenler bu atalar sözünde dost bilen duşmany deňeşdiripdir. Munuň soňunda-da garaşylmadyk netijä gelnipdir, has dogrusy, dostdan duşman ýagşy hasaplanylypdyr.

Eýsem, Türkmenler näme üçin beýle pikire eýerdilerkä? Öňi bilen bellenilmeli zat, dost bilen duşmanyň arasyndaky tapawutdyr. Başgaça aýdylanda, bu ýerde ilki bilen dost bilen duşmanyň häsiýeti öwrenilmelidir.

Atalar sözünde beýan edilen sypatlandyrma laýyklyda, dost nadandyr. Sözlüklerdäki nadana berlen düşündiriş şeýledir:

“1.Medeniýetden yza galan, däbi-dessury bilmeýän, düşünjesi az, gaflat ukusynda ýatan.

2.Sowatsyz, okuwsyz.

3.Akylsyz, akmak, biakyl, edep-ekramsyz, terbiyesiz.”  [Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. II. Aşgabat, 2016:126].

Atalar sözünde beýan edilen sypatlandyrma laýyklyda, düşman danadyr. Sözlüklerdäki dana berlen düşündiriş şeýledir: “Köp zatdan habarly, bilimli, akylly, parasatly, akyldar” [Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. I. Aşgabat, 2016:246].

Gapma-garşykly mana eýe bolan “nadan” we “dana” sözler bilen sypatlandyrylan dost we duşman sözlerini bilelikde gözden geçireliň.

Atalar sözünde gürrüňi gozgalýan nadan dostuň häsiýetleri şu aşakdakylardan ybarat bolmaly.

“Medeniýetden yza galan”,

“däbi-dessury bilmeýän”,

“düşünjesi az”,

“gaflat ukusynda ýatan”,

“sowatsyz”,

“okuwsyz”,

“akylsyz”,

“akmak”,

“biakyl”,

“edep-ekramsyz”,

“terbiyesiz”.

Ýöne, bilnişi ýaly, türkmenler beýle ýaramaz häsiýetleri hakyky dost bilen asla bir ýere sygdyrmaýarlar. Dost baradaky beýle pikirler bilen ylalaşmaýarlar.

Türkmenlerde gadymdan bäri dowam edip gelýän däp bar. Ol hem adamy kesgitlemekde, onuň ynsanlyk häsiýetini ýüze çykarmakda adamyň bilim derejesine aýratyn üns berilmegidir.

Çünki, Türkmenlerde-de, hut beýleki milletlerde bolşy ýaly, dosta has ýokary sarpa goýýarlar. Belki-de, şonuň üçindir Türkmenler “özüňi süýt bilgil, dostuňy gaýmak” diýip, dosty özünden-de ýokarda goýýandyrlar.

Atalar sözündäki “dana duşman” düşünjesiniň “nadan dostdan” ýokarda goýulmagynyň esasynda bilimlilik, sowatlylyk ýatýar. Başgaça aýtmaly bolsak, birek-birek bilen düşünişmek, ylalaşmak ýoluna aýratyn üns berilýär.

Gürrüňi edilýän atalar sözünden şeýle netije gelip çykýar. Bilimiň, sowadyň, akylyň özboluşly güýji bardyr. Bilimlilik, sowatlylyk dana duşman bilen düşünişmegi ýola goýup biler, hatda dana duşmany hakyky dosta öwrüp biler. Şonuň üçin dostuň nadan bolmagyndan duşmanyň dana bolmagy ýagşy hasaplanylypdyr.

3.Ýigit aryf bolsa, aslyn sorama. Bu atalar sözüni iki bölege bölüp öwrenmegi ýerlikli hasaplaýarys. Birinji böleginiň esasyny “aryf” sözi emele getirýär.

Atalar sözündäki “aryf” näme diýmek? Onuň aňladýan manysy näme? Bu sözüň hem aňladýan manysy ýene bilim bilen baglanyşyklydyr.

“Bilimli, ylymly, dana; paýhasly, parasatly” diýen manyny aňladýan “aryp / aryf” sözüniň has at (köplenç, erkek oğlanlara dakylýan at) hökmünde-de ulanylýandygyny bellemek gerek.

Türkmenler “aryp /aryf” adamlara gadymdan bäri aýratyn sarpa goýup gelipdirler. Şoňa laýyklykda-da, aryp dana ynsan bolup, ondan bilinmeýän habary almak düşünjesine eýeripdirler. Bu düşünjäni halkyň arasynda giňden ýaýran “Aryp bolsaň, habar algyn sözünden…”; “Ynanmasaň, habar algyn arypdan…” ýaly parasatly setirler hem doly tassyklaýar.

“Ýigit aryf bolsa, aslyny sorma” diýen atalar sözüniň ikinji bölegi näme many aňladýarka? “Aslyny sorma”, has dogrusy, “aryf ýigidiň aslyny sorma” diýen durnukly aňlatma “sen kimsiň?”; “seniň aslyň kimlerden?”, “igmisiň, gulmusyň?” diýip sorama manysynda ulanylypdyr. Başgaça aýdylanda, gürrüňi edilýän durnukly aňlatmanyň üsti bilen adamyň göwnüne degmezlik, ony peseltmezlik, kemsitmezlik, ruhdan düşürmezlik maslahat berlipdir.

(dowamy bar)

Öňki sapaklary okamak üçin gök ýazylan ýere basyň!

Atalar Sözi :Onlaýn sapak

Babalar sözi ýa-da atalar sözi

Atalar sözi: Tikensiz gül bolmaz, zähersiz bal

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri