JEMGYÝET

Biler bolsaňyz: «Adidas» we «Puma» iki doganyň kompaniýalary

Sport lybaslary boýunça dünýä belli «Adidas» we «Puma» markalaryny esaslandyryjylaryň, aslynda, aga-inidigini bilýärdiňizmi? Bu markalary doganlar Adolf («Adidas») we Rudolf («Puma») Dasslerler esaslandyrdy.

Dogry, iki dogan bütin ömrüne biri-birine bäsdeş bolup ýaşady. Ilki başlarda olar bir aýakgap kärhanasynda bile işleýärdiler. Ýöne soňra özbaşdak önümçilige bolan isleg doganlaryň ýollaryny aýyrdy. Şeýlelikde, olaryň her haýsy öz kärhanasyny we markasyny esaslandyrdy. Bu bäsdeşlik doganlaryň ömrüniň ahyryna çenli dowam etdi.

Taryhy maglumatlara görä, aradan çykmazyndan öň doganlaryň ikisi hem ýaraşyp, güýçlerini birleşdirmegi isläpdirler. Ýöne duşuşmak we birleşmek olara nesip etmändir. Diňe 2009-njy ýylda «Adidas» we «Puma» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary güýçleri birleşdirmek barada ilkinji ädimleri ätdiler.

 

Açyk Gapylar : Telekommunikasiýalar we informatika instituty

 

Related posts

Aşgabatdan Dubaýa ilkinji adaty halkara uçary uçdy

Ata Watan Eserleri

“Awaza”: 3 aýda 150 müňden gowrak türkmenistanly dynç aldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti:Türkmenistan bilen Hytaý hakyky dostlar we ygtybarly hyzmatdaş