SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Belawia» 30-njy aprele çenli Aşgabada uçmaz

Belarus Respublikasynyň «Belawia» awiakompaniýasy halkara howa gatnawlarynyň birnäçesine, şol sanda Aşgabada goýlan çäklendirmeleriň möhletini ýene-de uzaltdy. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýty habar berdi.

Çeşmäniň habar berşi ýaly, Minsk ― Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlaryna goýlan çäklendirmeler şu aýyň 30-na çenli ýene-de uzaldyldy.

Şeýle hem «Belawianyň» uçarlary 30-njy aprele çenli Budapeşte, 16-njy maýa çenli Almaata, 30-njy oktýabra çenli Ženewa uçmaz.

Bulardan başga-da, awiakompaniýa Russiýanyň käbir şäherlerine uçuşlaryň wagtlaýyn ýatyrylandygyny habar berdi.

Uçuşlaryň ýatyrylan döwri üçin petek satyn alan ýolagçylaryň petekleriniň möhletini 30-njy iýuna çenli uzaldyp ýa çalşyp biljekdigi habar berildi.

Çäklendirmeleriň wagty görkezilen senesinden soňra ýene-de üýtgedilse ýa uçarlaryň gatnawy ýolsa goýulsa, awikompaniýanyň resmi saýty bu barada goşmaça habar berer.

 

Açyk Gapylar : Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi

 

 

Related posts

Söwda, iýmit we dini edaralaryň işleriniň çäklendirme

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyna gyzyklanma bildirdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýük awiagatnawy