SIZDEN GELENLER

Behişdi bedewler

Dünýäde iň bir gadymy halklaryň biri bolan türkmen halkynyň ruhy dünýäsini nurlandyryp, milli buýsanjyna we baýlygyna öwrülen gymmatlyklary diýseň köp. Şeýle gymmatlyklaryň naýbaşylarynyň biri-de ýyndamlykda, çydamlylykda we owadanlykda älem-jahany özüne bendi edip gelen türkmeniň behişdi bedewleridir. Biziň ata-babalarymyz ençeme müňýyllyklaryň dowamynda atçylyk bilen meşgullanyp, owadan, ýyndam, güýçli atlary ösdürip ýetişdiripdirler. Hormatly Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda belleýşi ýaly, gadymy döwürlerde hem biziň argamaklarymyzyň ady meşhur bolupdyr. Dünýäniň iň irki taryhy ýazgylaryndan başlap, häzirki güne çenli olar barada täsin hekaýatlar ýazylypdyr. Dünýäniň hökümdarlary taryhyň kyn döwürlerinde özlerini halas etjek iň uly güýjüň bedewlerdedigine düşünipdirler. Bedew atlaryň güýçli duşmana gaýtawul bermekde hem iň kämil ok-ýaraglardan has gereklidigini ykrar edipdirler. Dünýä ýaň salýan söweşijilere garşy zarba urmak üçin, ynsan ýaly syzgyr bedewleri ýoldaş edinmelidigine ynanypdyrlar.

Dünýädäki halklaryň hersiniň özüne mahsus aýratynlyklary bar. Ahalteke bedewleri biz — türkmenleri geçmişiň has irki döwürlerinden bäri dünýä tanadyp, tapawutlandyryp gelýär. Alymlar miladydan öňki VIII-IV müňýyllyk aralygynda atlaryň ilkinji eldekileşdirilen ýeriniň Günorta Türkmenistan bolandygyny ylmy esasda subut etdiler. Geçmişde ahalteke atlary köplenç ýagdaýlarda Nusaý atlary ady bilen bellidirler. Ahalteke bedewleri dünýädäki bar bolan at tohumlarynyň iň gadymysydyr. Bu atlar häzirki döwürdäki belli bolan at tohumlarynyň köpüsiniň döremegine öz goşandyny goşandyr.

Geçmişde ahalteke atlaryna ýöne bir at hökmünde garalman, bulara asmandan inen behişdi bedewlerdigine ynanypdyrlar. Şu pikir şu günler hem ýörgünliliginde galýar. Arheologlar Altaýda gazuw-agtaryş işlerini geçirýärkäler öz döwrüniň imperatorynyň gyzynyň guburynyň üstüni açýarlar. Şa gyzynyň ýanynda alty sany Nusaý aty hem jaýlanan eken. Dini düşünjelere görä, adam ýogalandan soň onuň ruhy asmana göterilýärmiş. Ine, şu nukdaýnazardan asmandan inen atlar onuň ruhuny Arşa alyp gitsin diýen niýet bilen onuň ýanynda atlaryny jaýlapdyrlar diýip düşündirýärler. Has ir döwürlerde Parfiýanyň beýik ýörişlerinde, soňraky döwürlerdäki Seljuklaryň, Köneürgenç türkmenleriniň, Osman imperiýasynyň gazanan ýeňişlerinde esasy orny ahalteke atlarynyň eýeleýändigini belleýärler.

Atlar barada dürli döwürlerde alymlaryň, akyldarlaryň ençesi kän gymmatly ýazgylary galdyrypdyrlar. Gadymy Rim taryhçysy Oppian (b.e.öňki II asyr) «Nusaý atlary beýleki at tohumlarynyň içinde iň owadanydyr. Dabarasy dag aşan patyşalar hem bu atlaryň tohumyny edinmegi arzuw edipdirler. Nusaý atlary çapyşykda uzyn egri boýunlaryny buýsanç bilen dik tutup, döşlerini gaýşardýarlar. Günüň şöhlesine bolsa endamlary altyn öwüşgin bilen lowurdaýar» diýip bellese, taryhyň atasy Gerodot (b.e.öňki V asyr) «Nusaý düzlügi şeýle bir ajaýyp atlaryň mekanydyr» diýýär. Rim harby taglymatçysy Wegesiý (b.e.öňki V asyr) bolsa bu barada «Bu atlar ýeňil gopuşy, üstüniň rahatlygy bilen beýleki atlardan tapawutlanýarlar. Boýunlary şeýle bir uzyndan egri, dodaklary döşüne degäýjek bolýar» diýip, bedewleriň waspyny ýetirýär.

Dünýä belli syýahatçylardan Feodr Konýuhow hem bedewlere, onda-da biziň behişdi bedewlerimize biparh garap bilmeýär. Ol bu barada şeýle diýýär:

«Bu atlar iň gadymy we üýtgewsiz atlardyr. Bu atlar Aleksandr Makedonskini gören atlardyr. Haçan-da bu atlary elläp göreniňde eliň aşagynda bakylygy duýýarsyň. Meniň pikirimçe, kyn, agyr şertlerde uzak aralyklara ýöriş edilende iň çydamlysy ahalteke atlarydyr».

Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Omar Haýýamyň dünýä belli «Nowruznama» atly eserinde türkmenler barada şeýle ýazgylar bar eken:

«Aýdýarlar ki, dört aýakly jandarlaryň iň ajaby atdyr. Çünki bedew dört aýakly jandarlaryň şasydyr…

Geçmişde hiç halk bedewleriň ýagşy we ýaman taraplaryny ajamlardan gowy bilen däldir. Şonuň üçin hem geçmişde ajamlar külli jahanda hökmürowanlyk sürdüler.

Her ýerde: araplardyr parsywanlarda mübärek bedew bolsa, hemmesini olaryň huzuryna getiripdirler. Bu gün hiç bir halk atlaryny türkmenlerden gowy bilmeýärler. Sebäbi olar gije-gündiz atlaryna seredýärler.

Hut şonuň üçin hem, olar külli jahany eýeläp, hemme ýerde hökümdarlyk sürýärler…»

Omar Haýýamyň ýatlan ýokardaky setirleriniň arasynda «ajamlar» diýen söz gabat gelýär. Omar Haýýamyň döwründe bu söz Eýrany hem-de Eýrana serhetdeş bolan türkmen welaýatlaryny aňladypdyr. Gadymy Nusaý şäheri hem şol wagtlar parsywanlar bilen serhetdeş türkmen welaýatynyň merkezi eken. Omar Haýýamyň bedew bilen baglanyşykly tarypyny edýän ajamlary nusaýlylar bolmaly. Sebäbi gadym wagtlardan bäri, gadymy Nusaý argamak bedewleriň, ýagny ahalteke bedewleriniň ata mekany hasaplanýar.

Bar bolan maglumatlara görä, häzirki wagtda dünýäde 250 töweregi at tohumy bolup, olaryň iň gadymysy, iň argamagy Nusaý atlary hasaplanýar. Olar häzirki wagtda «Behişdi bedewler», «Asmany bedewler», «Ahalteke bedewleri» diýen ýaly atlar bilen meşhurdyrlar.

Skandinaw halklarynyň gadymy ýazuw ýadygärlikleriniň biri bolan «Kiçi Edda» kitabynda beýan edilişine görä, Asgard (Nusaý) şäherindäki asylzadalar hem ynsanyň ganaty bolan bedewleri janyndan eý görýän ekenler. Ol ýerde bolan 12 asylzadanyň her biriniň tarypyna söz ýetmeýän ajaýyp aty bolypdyr.

Asylzadalaryň bedewleriniň iň gözeli Sleýpnir bolup, ol Odiniň (Oguz han Türkmeniň) aty.

Ikinji bedewiň ady – Şadyýan, üçünji atyň ady – Zerli, soňkulary Nurly, Horly, kümüş gulpak, Tüýli aýak, tylla gulpak, Argamak.

Omar Haýýamyň «Nowruznama» eserinde gadymy türki kowumlarynyň beýik şalarynyň biri Afrasiýabyň alty sözden ybarat bir sözlemi getirilýär. Bu söz öz zamanasynyň gadymy türkmen dilinde bolupdyr: «At ärge ondag, ki asmanga Aý!» Bu sözlemi häzirki türkmen diline geçirsek «At – äriň, Aý – asmanyň zynaty» diýmegi aňladýar. Omar Haýýam bu eserinde şeýdip bedew barada türkmen dilinde, asyl nusgasynda hem atalar sözüni getiripdir.

Geçmişiň beýik şahsyýeti, mundan 1000 ýyl hem öňräk ýaşap geçen Numan Munzir at barada: «Atlar gijäniň tümlüginde gezýän merdanlar üçin misli galadyr. Eger bedew bolmadyk bolsa, jeňlerde merdanlardan mert döremezdi» diýipdir.

Gadymy türkmen beglerine, soltandyr şalaryna at şöhrat getiripdir. Eýsem türkmen milletiniň buýsanjy beg Görogly Gyratsyz, Görogly bolardymy?! Onuň «Ýow gününde ýoldaşym, janym Gyrat, malym Gyrat! Zürýat dilemedim, seni diledim!» diýip, dutar çalşy her bir türkmeniň gulagynda ýaňlanyp durandyr.

Diýmek, ata-babalarymyz üçin, bedew at – zürýatdan hem ileri eken. Muny geçmiş hazynasyndan bize gelip ýeten «Ertir tur ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen ajaýyp pähim hem subut edýär.

Türkmen milletiniň ahalteke bedewiniň bolmagy bu milletiň beýikliginden, asylzadalygyndan nyşan. Ajap atlary münýänler hemişe asylzadalar bolup galýarlar. Türkmen milleti bolsa, bu mübärek aty özi bilen bile döredipdir.

Her kime, her millete mahsus häsiýetler, zatlar bar. Islendik türkmen islendik asyrda şan-söhrata eýe bolan, kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan, ajap bedewe münüpdir. Daş-töweregindäki her bir halk oňa gözi gitmek bilen seredipdir. Türkmen milletiniň ata-babasy barada, olaryň bedewleri barada ajaýyp ýazgylary ýazan taryhçylary ýedi yklymyň her birinden tapmak bolar. Biziň eýýamymyzyň I asyrynda ýaşap geçen Rum taryhçysy Pompeý Trop parfiýalylar barada şeýle ýazypdyr: «Olar bütin ömrüni at üstünde geçirýärler: olar at üstünde söweşýärler, at üstünde toýa gatnaşýarlar, öz şahsy aladalaryny at üstünde çözýärler, jemgyýetçilik wezipelerine hem at üstünde amal edýärler. At üstünde olar bir ýerden başga bir ýere göçýärler, hatda at üstünde söwda edip gürrüňdeş hem bolýarlar».

Bedew atyny öz mukaddes hemrasy hasaplap gelen pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda döreden ,«At aýagy gitgir, ozan dili ötgür», «At basyşyndan belli, är — bakyşyndan», «Ata çykan alysy görer», «Ata gerim gerek, ýigide — dost» ýaly nakyllar kökeni, «At çapan», «At çapar», «Göroglynyň at oýnadyşy», «Şadilli» ýaly nusgawy saz eserleri behişdi bedewlerine ýokary hormat goýýandygynyň beýik beýanydyr.

Ýeri gelende, halkymyzyň bedew atyny gadymy döwürlerden bäri dürli şaý-sepler bilen bezäp-besläp gelendigini hem ýatlap geçmek zerurdyr. Türkmen ahalteke bedewleriniň şaý-sepleri esasan «atşaýy», «göwüsbent», «alagaýyş» we «kellelikdir». Bu şaý-sepleri ata-babalarymyz kümüşe altyn çaýyp, hakyk daşy bilen gön ýonup ýasapdyrlar. Kellelik atyň maňlaýyna, burun giňişligine we döşüne bezeg beripdir. Haçan-da bedew at seýkin basyp, uz ýörände, bu şelpeli şaý-sepler ýumşak mylaýymdan kalba aram berýän owaz eder eken.

Ahalteke bedewleriniň bezeg şaý-sepleriniň ýene bir görnüşi gözlük şaý-sepidir. Bu şaý-sepi hem zergärlerimiz kümüşden gönüň üstüne hakyk daşyny oturdyp ýasapdyrlar. Bedewlere dakylýan ýene bir şaý-sepiň ady «tokadyr». Bu bezeg hem kümüşden gönüň üstüne hakyk gaşy oturdylyp ýasalypdyr. Umuman aýdylanda, bu önümler bedew atyň tebigy gözelligine gözellik goşup, zynatyny nurlandyrypdyr.

Biziň pähimdar pederlerimiz «Ajap eser, ajap sazdyr bedewler» diýip jaýdar aýdýar. Muny milli Liderimiziň bedewlerimiziň döwet galamynyň astyndan çykan we dünýäniň ençeme döwletleriniň dillerine terjime edilen «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «c», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly göwher diwanlary dolulygyna beýan etdi. Bu günki gün bu ajaýyp eserler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýäniň millionlarça halklarynyň ýan kitabyna öwrüldi. Munuň özi milli Liderimiziň her bir başlangyjynyň dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldawa eýe bolýandygynyň güwäsidir.

Aziza Kabulowa,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň

taryh fakultetiniň gündogary

öwreniş hünäriniň talyby.

10 günde 15 göterim ösüş : Atavatan TV YouTube

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika