IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik:«Çar­lak» myh­man­ha­na­syn­da döw­re­bap ki­no­teat­ry gur­na­mak bo­ýun­ça

«Türk­men­de­ňiz­der­ýa­ýol­la­ry» agent­li­gi Türk­men­ba­şy şä­he­rin­dä­ki «Çar­lak» myh­man­ha­na­syn­da döw­re­bap ki­no­teat­ry gur­na­mak bo­ýun­ça BÄS­LE­ŞIK yg­lan ed­ýär.

Myhmanhananyň 1-nji gatyndaky 90 orunlyk mejlisler zalynda döwrebap kinoteatry gurnamak boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda kabul edilýär. Tekliplerde şu aşakdakylar göz öňünde tutulmaly: — kinozalyň diwarlaryny ses geçirmeýän örtük bilen ýapmak; — döwrebap «Dolby atmos» akustikasyny gurnamak; — ýokary çözüjilikli proýektor we giň formatly ekrany gurnamak; — maglumatlary saklamak üçin niýetlenilen uly göwrümli kompýuter serwerini gurnamak; — onlaýn bron programma üpjünçiligini we saýty döretmek. Kinozaly gurnamak üçin myhmanhananyň mejlisler zaly kärende görnüşinde ýa-da ynançly dolandyryş hökmünde berlip bilner.

Sal­gy­sy: Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň

Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Bah­ry-Ha­zar kö­çe­si­niň 8-nji ja­ýy.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­si: +993 243 6-06-00.

Elekt­ron sal­gy­sy: char­la­ko­tel@san­ly.tm

Related posts

«Petronas» işe çagyrýar

Synag ölçeg enjamlary satyn almak üçin bäsleşik

“Türkmenhimiýa” döwlet konserninden halkara bäsleşik

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment