IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik: Döwletliler köşgüniň binalaryny düýpli abatlamak

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň binalarynda we desgalarynda düýpli abatlaýyş işleriniň we inženerçilik ulgamlaryny gurnamagyň taslama-çenlik resminamalaryny düzmek
hem-de bu işleri ýerine ýetirmek boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.
Ähli gyzyklanýan ýerli guramalar, kärhanalar we telekeçiler tehniki şertlerini almak we öz  ekliplerini tabşyrmak üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligine 2021-nji ýylyň 15-nji iýunyna çenli ýüzlenip bilerler:
Biziň salgymyz:Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 104-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-86-04; 44-84-84.

 

Türkmenistan bilen ÝHHG hyzmatdaşlygy ösdüriler

Related posts

Bäsleşik: lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak

Ata Watan Eserleri

Bäsleşik: gämi gurmak barada

Bäsleşik: damjalaýyn suwaryş ulgamynyň taslamasyny düzmek