IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik: damjalaýyn suwaryş ulgamynyň taslamasyny düzmek

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy damjalaýyn suwaryş ulgamynyň taslamasyny düzmek, ony enjamlaşdyryp gurnamak we ulanyşa bermek boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermeli we bäsleşige degişli resminamalary almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler iki sany bukjada berilmeli. Birinji bukjada doly tehniki häsiýetler, ikinji bukjada teklip edilýän bahalar görkezilmeli.

Gurnamak boýunça işleriň we şol işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan enjamlaryň, hyzmatlaryň maliýeleşdirilmegini milli manatda göz öňünde tutmaly.

Teklipler 2022-nji ýylyň10-njy martyna, sagat 18-00 çenli «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyňedara binasynda kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Oguz han köçesiniň 201-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 39-25-11, 39-25-84, 39-25-65.

 

Akmyrat Bäşimow: gülkiniň gerçegi

Related posts

«ПЕТРОНАС Чаригали» приглашает на работу

«Parahat-7» ýaşaýyş toplumy: 20 sany ýaşaýyş jaýy gurlar

Ata Watan Eserleri

Bäsleşik: lukmançylyk enjamlaryny satyn almak