JEMGYÝET

Bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda Bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy geçirilýär.

Maslahatyň dowamyndaky mejlislerde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň, Aral deňziniň basseýnindäki suw hyzmatdaşlygy baradaky karary esasynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine garşy göreşde hyzmatdaşlygyň, Merkezi Aziýa sebitinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasy boýunça howpsuzlygy üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Çärä gatnaşyjylar bilen öz bilimlerini paýlaşmak üçin çagyrylan hünärmenleriň arasynda Merkezi Aziýa boýunça BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň başlygy hanym Natalýa German, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň başlygynyň orunbasary Filipp Saprykin, Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklar institutynyň rektorynyň orunbasary Gülşat Ýusupowa we başga-da sebit ýurtlaryndan gelen köp sanly hünärmenler gatnaşýar.

Bu çäre pikir we çözgüt alyşmak we üstünlikli iş alyp barmak maksady bilen uzak möhletli halkara gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam eder.

 

Related posts

“Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi” atly metbugat maslahaty geçirildi

Ata Watan Eserleri

Merkezi saýlaw topary: saýlawlaryň netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler

Ata Watan Eserleri

Türkiýede Alyşir Nowaýynyň golýazmasy tapyldy

vepa

Leave a Comment