TESWIRLER

Babalar sözi ýa-da atalar sözi

Türkmen Atalar Sözınıň 2-nji sapagy

Salam hormatly “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň okyjylary! Türkmen atalar sözi sapagymyza hoş geldiňiz!

Bu sapagymyzy esasy adalganyň üýtgändigini habar bermek bilen başlamakçy bolýarys. Başgaça aýdanymyzda, öň “atalar sözi” diýlen adalganyň ýerine “babalar sözi” ulanylypdyr. Munuň anyk nusgasyna taryhy çeşmeleimizde duş gelýäris.

Alyş Alyýewiň 1927-nji ýylda taýýarlap çap etdiren “Elipbiýden soň birinji ýyl okuw kitabynda” “Atalar sözi” diýen adalganyň ýerine “Babalar sözi” ulanylmaga başlandygyna şaýatlyk edýäris.

 Babalar sözi:

1.Bilimli ölmez, bilimsiz gülmez.

2.Nadanlyk başa bela getirer.

Bilimli ölmez, bilimsiz gülmez” diýen atalar sözi hakynda

1-nji şerti: onuň tematik toparyny dogry anyklamakdyr.

Bu atalar sözüniň tematik toparyny anyklamak o diýen kyn bolmasa gerek. Sebäbi atalar sözüniň gurluş galyplarynyň iki sany galyby “bilim” bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin tematik topary-da şol galyplara görä anyklanyp biler.

2-nji şerti: tematik toparyna görä dogry ýorumlamakdyr.

Bu ýerde deňeşdirilýän iki sany tarapyň bardygyna anyk göz ýetirip bilýäris. Taraplar özara ylalaşylmajak derejede aýrylypdyr. Olaryň bir tarapynda “bilimli” (kişi, adam), beýleki bir tarapynda-da “bilimsiz” (kişi, adam) bar. Deňeşdirmäniň netijesi birmeňzeş şekil galybynda gelýän iki sany işlik bilen beýan edilipdir. Birmeňzeş galypda bolsa-da manylary düýbünden başgaçadyr.

Ýaşaýyşda bilimiň ähmiýetiniň soňsuzdygy we ony edinen kişiniň bolsa ölümsüzdigi atalar sözüniň “bilimli ölmez” diýen birinji böleginiň üsti bilen berlipdir.

Nusganyň “bilimsiz gülmez” diýen ikinji böleginde bolsa bilimsiziň ýaşaýyşda hemişe kynçylyga duçar boljakdygygy, şonuň üçin şatlykly, gülküli gününiň bolmajakdygy düşündirilipdir.

3-nji şerti: öz sözleýşiňde ony we ýorumyny ýerlikli ulanmagy başarmakdyr.

Sözleýişde sowatly, bilimli, aň-düşünjeli bolup ýetişmekden gürrüň gozgalanda bu atalar sözüni ulanmaklygyň ýerlikli boljakdygyny dogry diýip tapýarys.

Ýaşap geçen sowatly, bilimli, parasatly ynsanlaryň ölümsizdigi, olaryň halkyň arasynda hemişe ýaşaýandygy aýdylanda-da bu nusgany ulanmak bolar.

Nadanlyk başa bela getirer” diýen atalar sözi hakynda

1-nji şerti: onuň tematik toparyny dogry anyklamakdyr.

Tematik topary nadanlyk diýip geçip bilerdik. Emma bu ýerde nadanlyk sözüniň manysyny hökmany suratda düşündirilmelidir. Sebäbi sözüň özünde birleşdirýän düşünjesi bilinmese, onda onuň manysy hakynda içgin gürrüň etmek mümkin däldir.

Aslynda “nadan” sözi akylly, bilimli, sowatly, “dana” sözüniň ters tarapydyr, çöwre ýüzüdir, garşylykly manysydyr.

Netijede, nadanlyk– bilimsizlik, sowatsyzlyk, okuwsyzlyk; yza galaklyk, düşünjesizlik, köre-körlük diýen manylarda ulanylýar.

2-nji şerti: tematik toparyna görä dogry ýorumlamakdyr.

Atalar sözünde nadanlygyň başa bela bolýandygy beýan edilipdir.

Gelip çykýan netijä görä, nadanlyk adamlar üçin beladyr, bela-beterdir. Bela-beter bolsa adamlaryň ýaşaýşy, durmuşy üçin uly we howply päsgelçilikdir.

Şol bir wagtyň özünde-de nadanlyk adamlar üçin uly zyýandyr, onuň ýaşkiçä-de, ýaşula-da hiç hili peýdasy ýokdur.

3-nji şerti: öz sözleýşiňde ony we ýorumyny ýerlikli ulanmagy başarmakdyr.

Sözleýişde nadanlyk meselesi ýüze çykanda, nadanlygyň öňüni almak, nadanlyga garşy çykmak hakynda gürrüňi edilmelididir. Atalarymyz “Nadanlyk başa bela getirer” diýipdirler görnüşindäki nusgany ýatladyp biler.

M.Geldiýew bilen G. Alparowyň 1926-njy ýylda taýýarlan “Dil sapaklygy” diýen kitabynda-da “Babalar sözi” adalgasy ulanylypdyr. Şol ýerde-de “iş we ýaltalyk hakynda” diýen at bilen 14 (on dört) sany nusga berlipdir:

 

Babalar sözi: (iş we ýaltalyk hakynda).

1.Dil bilen orak orsaň, bil agrymaz.

2.Tikensiz gül bolmaz, zehirsiz bal.

3.Giç ýat-da, ir tur, alty pişegi artyk ur.

4.Azarsyz ýeriň ady ýok.

5.Aglamadyk oglana emjek ýok.

6.Aryň zehmedini çekmedik, balyň gadryny bilmez.

7.Işlemeseň, dişlemersiň.

8.Ekene – bar, ekmedige – ýok.

9.Tomus depesi   gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz.

10.Ir turan – işinden dynar.

11.Giden – getirer, oturan – nyrh sorar.

12.Aç garnyn dok bilmez.

13.Işi ýoguň aşy ýok.

14.Herekede bereket.

Okuw kitabynda “babalar sözi” diýen adalga bilen berlen, tematik topary taýyndan iş we ýaltalyk bilen baglanyşykly bolan bu atalar sözleri hakynda gysgajyk düşündiriş bermekligi ýerlikli hasapladyk. 

1.Dil bilen orak orsaň, bil agrymaz. Tematik topary taýyndan iş, zähmet bilen baglanyşyklydyr. Bu atalar sözünde ilki bilen kinaýanyň bardygyny bellemelidiris we  ony dogry düşündirmelidiris. Eýsem, kinaýa näme? Kinaýa haýsy hem bolsa bir meselede birini ýaňşylama, ýaňsa alma, biriniň üstünden gülme manysyndadyr.

Nusgadaky orak bir iş, zähmet guralydyr. Bu guralyň kömegi bilen geçmişde köplenç bugdaý, arpa, ot orlupdyr. Ormak işiniň aşak eglip işlenendigi üçin, ol köplenç bile täsir edipdir we bile agram düşüpdir. Şonuň netijesinde-de bil agyrypdyr. Häzirki wagtda ulanyşdan galdy diýen ýalydyr, ýöne obalarda seýrek görnüşde duş gelinýär.

Indi bolsa kinaýanyň esasyna geleliň. Aslynda orak el bilen orulýar. Aşak eglip orulýandygy üçin bili agyrdýar. Kinaýa görä bolsa, dil bilen ormak häsiýeti orta atylýar we şonuň netijesinde-de bile täsir etmeýär, bil agyrmaýar.

(dowamy bar)

Ýene-de okaň

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady