HEKAÝALAR

Azatmahy

                                                                                                                                                  Hekaýa. 

Maňa onuň aýtjak gürrüňlerinden özüniň ötüren ömri has gyzykly ýaly bolup göründi. Ol heniz murtam tabamanka suwuň hatyrasyna gury ýerden ýüz dönderipdir. Soňam ol gaty kän ýyllardan soň halys garrylyk başyna uranda oba dolanypdyr. Obalarynda bolsa oň degerli hossary ýok eken. Şonuň üçin daşkynyrak garyndaşlarynyň biriniň gapysyny kakýar. Garyndaşlary girdejisi az bolansoň kyn günde ýaşaýan eken.

Onsoň ol saçaga goluny uzadan mahaly ilki çagalar oňa seredişýärler. Soňam ol seredişme ululara geçýär. Bi ýagdaýy aňan goja bu ýerde özüniň artykdygyny bilip, derýanyň daga urýan ýerinde kiçijek külbe ýasanyp şonda ýaşaberýär.

Häzir ol meniň gapdaljygymda. Ýanyp duran oda maňlaýyny çoýup şeýle sözleri aýdýar.

– Deňiz hem balyklar hakda ýazjak bolsaň gury ýerdäki zatlary ýazan ýaly däldir. Onuň üçin deňiz ýaly giň gursagyň, balygyňky ýaly akylyň bolmaly.

Gojanyň bi sözi meni howatyrlandyrdy. Şonuň ýalam nähilidir bir gorkyny ýada salýardy. Goja bolsa meniň ýüzümede garaman şol ömrüniň eräp gutaran ýerine – garalyp ýatan suwa seredýärdi.

Kän garaşdyransoň ol gaty horugan elini töweregine aýlap, geçmiş asyrlaryň jümmüşine aralaşyp ugrady.

– Öň bi ýerlerde bölek-büçek galalyklar bolupdyr. Şonuň ýalam her galalygyň öz hany bar eken. Ertekilerde aýdylyşy ýaly, hanyňam Mahy diýen owadan gyzy bar eken. Şonuň ýaly Azat atlam guly – nökerem bar eken. Ol hem-ä hanyň goragçysy eken, hemem gapy guly.

Günleriň bir güni han süýrgünortanlar düýş görýär. Ol düýşünde öz nökeri bilen bile gaýykda gelýän eken. Birdenem olaryň münüp gelýän taýmyllary deşilýär-de, gaýygyň içine suw girip başlaýar. Gaýygy kürekläp gelýän nöker hana şeýle diýýär.

– Han aga, ol döwük kerseni al-da, gaýygyň içindäki suwlary dök, ýogsam ikimizem gark bolarys.

Han ikirjiňleýär. Ýöne etjek alajyň ýok. Ol suwy dökmek bilen bolýar. Olar sagaman kenara çykýar. Şonda ol täleýiň bi ters oýnuna haýranlar galyp şeý diýýär.

Nöker-ä han boldy,

Biz nöker bolduk.

Allanyň emri bilen,

Suw döker bolduk.

 

         Soň ol bi düýşüni müneçjimleri çagyryp ýordurýar. Münjeçjimler bolsa oňa şeý diýýär.

– Seniň ýeriňe gapyňdaky guluň han bolýar. Senem oň ýerine gul bolýaň.

Han bi düýşüň ýorgudyny içine sygdyryp bilmän eşigini üýtgedýär-de, agzy gara gök eşege münüp ümdüzine tutduryberýär.

Ol gürrüňleriniň arasynda birsyhly “ol geler-de, meni alyp gider. Men bütinleýin juwanlyga öwrülip, erkinlikde ýene deňziň içinde ýaşaryn” diýýärdi. Käte-de ol “Han-ha ol suwdan çykyp gelýär” diýip çaýkanyp ýatan deňze tarap siňňin-siňňin serdeýärdi. Soňam ol pessaýlyk bilen “ol senden gorkýar, şonuň üçin ol bärik gelip bilenok. Eger seň üsrüňden suwuň – şor damjalaryň ysy gelýän bolsa gelerdi”.

Men gojadan ol gelýän kim, sen nirä gitmekçi bolýaň diýesim gelýärdi. Ýöne ol gürrüňleriniň arasyny keser öýdüp sesimi çykaramokdym. Goja bolsa geljek myhmana garaşýan ýaly birsyhly könelişen gözlerini garalyp ýatan suwdan aýranokdy.

– Ol şol gidişine bir guýynyň üstünden barýar – diýip goja gürrüňini dowam etdirdi –  Guýynyň başynda bolsa ýüzüni aşak salyp pygamber sypatly bir adam oturanmyşyn. Ol iki daşy biri-birine çatýar-da guýynyň düýbüne oklaýarmyş. Han oň edýän işini synlap şeýle diýýär.

– Sen näme edip otyrsyň?

Pygamber sypat adam ýüzüni galdyrman jogap berýär.

– Hemralary birek-birege jübütleşdirýän.

Han oňa ýene sowal berýär.

– Meniň gyzymyň hemrasy kim?

Pygamber sypatly adam şeýle sözleri aýdýar.

– Gapyňyzdaky guluň.

Han göni yzyna dolanýar-da, guluna şeýle diýýär.

– Sen meniň gyzyma aşyk bolan bolsaň, bar ilki Gün bilen gepleşip gel.

Bi onuň guluny synamak üçin aýdýan sözi eken. Ol bolýar diýýär-de, suwuň kenaryna baryp oturyberýär. Şol wagt suwdan balyk çykýar-da adam dilinde gürleýär.

– Oglan, näme ýüzüň salyp otyrsyň?

Oglan oňa bar zady bolşy-bolşy ýaly aýdýar. Balygam oňa jogap berýär.

– Sen hiç zady alada etme-de, Hana men balyk bilen gepleşdim diýde aýdaý – diýýär.

Oglan soň hanyň ýanyna öwrülip gelýär. Han ondan “Kim bilen gepleşdiň” diýip soraýar. Oglan kenaryň gyrasyna baryp balyk bilen gepleşenini aýdýar. Han oglanyň “Pylan adam bilen gepleşdim” diýip, adamyň adyny aýtman suwa ýüz tutanyny akyllylyk hasaplaýar. Şeýlelik bilen öz ornuny guluna berýär-de, özem oň ýerine talaban bolýar.

Şo döwürler adam kyn ýagdaýa düşende gara daglara hem-de suwa ýüz tutar ekeni. Onsoňam Günüň dogup-ýaşyşyny ilki balyklar bilýän eken.

Aý-günler şeýdip geçiberýär. Bir günem öňki gul balygyň özüne eden ýagşylygyny gaýtarmak üçin ýene-de kenara barýar. Onuň baranyny bilip balygam suwuň ýüzüne çykýar. Şonda oglan balyga şeýle diýýär.

– Sen maňa uly ýagşylyk etdiň. Öň men gul bolup ýördüm, indi bolsa – han. Bu zatlaryň hemmesine sen sebäp bolduň. Şonuň üçin men seniň ýagşylygyňy nädip gaýtaryp bilerin?

Balyk bi sözi diňläp şeý diýýär.

– Ýok, gaýta men seň eden ýagşylygyňy henize çenli üzüp bilemok. Seniň maňa hiç-hili bergiň ýokdur. Gaýta men saňa kän zat borçly bolup durýan. Ýadyňa düşýämi, birwagt sen oglankaň şu oturan ýeriňe gelip çörek iýerdiň. Şonda seniň iýýän çörekleriň owuntygy maňa ýürekse bolardy. Şondan bärem men saňa bergili bolup ýördüm.

Goja aýdýan sözleriniň maňa nähili täsir edýändigini biljek bolýan ýaly barha çöňňeleşýän gözlerini maňa tarap aýlap şeý diýdi.

– Bi şo “Ýagşylyk et-de derýa at, balyk biler, balyk bilmese Halky biler” diýleni.

Soň il-gün Azatdyr Mahy gyzyň balyk sebäp bolup biri-birine gowşany üçin şol haýyrly balygyň adyna Azatmahy diýipdirler.

Men gojanyň her bir ownuk hereketlerine serdýärdim. Onuň depesaçy gidipdir. Hemme deňizçileriňki ýaly agzynda-da ýekeje diş ýok. Ýüzlerem ak tegmilden doly. Bi şor suwuň edýän oýny. Men oňa üns berdigimçe arap ertekilerindäki deňiz şyhlary ýadyma düşýärdi. Hasam ol iki elini galdyranda boýunda sapaga düzülen balykgulaklardyr haýsydyr bir balygyň uly dişleri şakyrdaşanda ol ýönekeý goja däl-de, derwüşdir öýderdim. Gojanyň oduň yşkyna daşlara düşýän kölegesi şonam diýdirýärdi.

Deňiz tarapdan bolsa birsyhly güwwüldi, şonuň ýalam haýsydyr bir saza meňzeş heň çalynýan ýaly bolýardy. Käte-de ol köşeşip, uzakly gün oýnap ýadan çaganyň rahat dem alyşy ýaly ynjalýardy.

Birden goja birzatlara hiňlenip başlady. Onuň bi hiňlenmesi düşnüksizdi. Ýöne men onuň sözleriniň arasyndan şeýle setirleri aňşyrýardym.

Azatmahym-Azatmahym,

Eşitgin sen meniň ahym.

Juwanlygmy alyp gelgin,

Meniň bilen hemdem bolgun.

Äkit meni derýa sary,

Ertekidir bulaň bary.

Seniň bilen hemdem bolsam,

Juwanlygma gaýdyp gelsem.

Azatmahym-Azatmahym,

Sensiň meniň kyblagähim.

 Men gojany öz dünýesinde goýup ädim ogurlap başladym. Goja bolsa entegem özüniň eý görýän aýdymyny aýdyp otyrdy. Gojanyň sözlerine goşulyşyp deňiz öz heňini çalýardy. Gijelik bolsa entegem öz ertekisini otarýardy.

 

Öwezmyrat ÝERBENDI.

 

 

 

Ýene-de okaň

Ýazyň gyşa öwrülen güni

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)