SÖHBETDEŞLIK

Aýna Seýitkulyýewa: Sungat Maşgalasynyň Bilbili

Medeniýet-sungat halkymyzyň owalyndan ganynda bar. Medeniýet-sungat adamzadyň ruhy dünýäsiniň, kalp gözellikleriniň beýany. Ol diňe bir ony ýerine ýetirýäniň däl, tutuş halkyň ruhy we buýsanjy. Bu iki sütüne birigen durmuş bolsa manyly we lezzetli ýaşamaga bolan höwesli ýollaryňa dowam bolup ömrüňe ornaşýar.

Halkymyzyň  medeniýet we sungat ýolundaky ýol-ýörelgeleriniň biri-de OPERA sungatydyr. Opera sungaty onuň bilen meşgullanýan ynsandan tebigy we bimöçber zehinini talap edýär. Munuň şeýledigini ýörite teatrlarda, konsert sahnalarynda opera eserlerine tomaşa edenimizde-de göz ýetirýäris.

Bu ugur bilen içkin gyzyklanmak we ömür ýollaryny bu ugra baglan ynsanlar bilen söhbetdeş bolmak bizi has-da opera sungatyna içkin aralaşdyrdy. Has dogrusy bu barada «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com    saýtynyň döredijilik topary bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Aýna Seýitgulyýewa bilen söhbetdeş bolduk we bu söhbetdeşlik şeýleräk sözler bilen başlady.

 

Aýna mugallym ilki bilen döredijilik toparymyzyň çakylygyny kabul edip, biziň saýtymyzyň myhmany bolanyňyz üçin köp sagbolsun aýdýarys.

Sungat ýoluňyz, mylaýym we özboluşly belent owazyňyz teleýaýlymlarda, döwlet sahnalarynda ýaňlanýar welin kinofilmlerden ýerine ýetirýän eserleriňiz has-da tomaşaçyny özüne çekýär.

― Ilki bilen sylagly çakylygyňyz üçin «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com    saýtynyň döredijilik toparyna köp sagbolsun aýdýaryn.

Halkymyzyň baý medeni mirasy, döredijilik ýoly bar. Bu miras bize geçmişden galan gymmatlyk, mizemez baýlyk. Isle sungat, isle başga ugra degişli bolsun gadymy mirasymyz biziň ählimizi ganymyzda, aňymyzda ýaşaýar. Halkymyzda şeýle bir jümle bar: «Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz». Bu jümle biziň her birimiziň geçmişimize sarpa goýmagy, olary hormatlamagy ündeýär. Kinofilmlerde ýerine ýetirilýän aýdymlar eýýäm ençe ýyllardan bäri adam aňynda ýaşap, ynsanyň ruhy dünýäsinde mesgen tutan eserler. Ol filmlerde öňe sürülýän pikirler, ökdelik bilen ýerine ýetirilýän aýdymlar biziň durmuş we döredijilik ýolumyza nusgalykdyr. Nusgalyk derejesine ýeten eserleri gaýtadan dikeldip ýerine ýetirmek bolsa, biz ýaş aýdymçylar üçin uly mertebe.

Kinofilmlerde ýerine ýetirilen aýdymlar özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Ussat halypalarymyzyň aýdan aýdymlaryny ýerine ýetirmek bizi buýsandyrýar. Häzirki wagta çenli «Karkara», «Aşyr agaň hötjetligi», «Aýgytly ädim» we başgada birnäçe kinofilmleriň aýdymlaryny höwes bilen ýerine ýetirdim.

Näme üçindir kinofimlerdäki aýdymlary aýtmak höwesi mende başgaça. Şol aýdymlardaky aýdymlaryň sözleri, sazy, aýdylyş stili meniň göwnüme ýaraýar, men hem olary başardygymdan ýerine ýetirýärin.

Aýna mugallym, aýdym-saza bolan höwes Sizde haçan döredi?

― Sungat ýoluna gadam basmak meniň çagalyk arzuwym.  Bu arzuw bilen ýaşan çagalyk döwrümde hem men az-kem aýdym-saz bilen meşgullandym. Çünki biziň maşgala agzalarymyz sungat adamlary. Kakam sungat adamsy bolansoň saz çalmakda, sungat ugry boýunça ilkinji göreldäni men kakamdan aldym. Çagakam kakamyň ýanynda elmydama aýdyma hiňlener ýörerdim. Kakamyň aýdymçy bolandygy, onuň aýdym aýdyşy meni bendi ederdi. Mekdep okuwçy wagtymdan dürli sahnalarda çykyş etmäge höwes ederdim. Deň-duşlarym bilen geçirilýän baýramçylyklar mynasybetli dürli bäsleşiklere, çeper höwesjeňleriň çykyşlaryna gatnaşardym.

Kämil aýdymçy bolmakda nämeler zerur we bu ugurdan bilim alan ýerleriňiz?

― Kämil aýdymçy bolmakda ilki bilen şol ugra gyzyklanmaly we şol ugurlar boýunça bilim almak zerur bolup durýar. Zehin we zähmetiň sazlaşykly bolmagynyň netijesinde kämil aýdymçy bolmak mümkinçiligine eýe bolýaň. Esasanam şol ugurdan bilim alyp, şol ylym-bilimi bolsa, tejribede ulananyňda.

Men Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde sungat äleminiň wekili bolmaklyga gadam basdym. Ol ýerde maňa şol okuw mekdebiniň baýry mugallymy, Türkmemistanyň sungatda at gazanan artisti Liliýa Zarudina halypalyk etdi we sungatyň bu görnüşiniň inçe syrlaryny öwretdi. Bu okuwy tamamlanymdan soň saýlan kärimi has-da kämilleşdirmek maksady bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girmek miýesser etdi.

Opera we wokal aýdymlaryň aratapawudy.

Opera – bu uly göwrümli eser. Eseriň uly bolşy ýaly muňa uly göwrümli ses gerek. Bu ses bolsa opera aýdymçysynda ýyllar dowamynda tejribe arkaly toplanýar. Bir opera uzak wagtlap dowam edýär. Şol sahna eserini talabalaýyk, kwämiol ýerine ýetirmek üçin bolsa köp zähmet talap edilýär.

«Gelin» kinofilmindäki hüwdini ýerine ýetirip bereýin:

Aýlanaýyn adyňdan,

Sallançagyň-ow badyňdan,

Saňa goşyp myradyň-ow,

Ýetdim bu gün şadyma-gel. — şeýdip wokal eserlerini ýerine ýetirýäris.

Opera eserlerinden: «Leýli-Mežnun», «Zöhre-Tahyr», «Aýna», «Şasenem – Garyp» operalaryny ýerine ýetirdik.

Opera eserlerinde waka aýdymlaryň üsti bilen ýerine ýetirilýär.

Sesi arassa we gorap saklamak üçin näme etmeli.

Ilki bilen režim saklamaly. Wagtynda ukyňy almaly, dynç almaly, rahat durmuşda ýaşamak üçin özüňe şert döretmeli. Sowuk we yssy zatlary garyp ulanmaly däl. Ýörite ses maşklaryny yzygiderli geçmeli. Geçilýän türgenleşikler dowamly we günde ýerine ýetirmeli.

Opera eserleriniň saglyga täsiri.

Elbetde, opera aýdymlary ony ýerine ýetirýäniň saglygyna täsiri uly, ähli beden agzalary hereketde bolýar. Esasanam öýkeniň işleýşine täsiri uly.

 Sungat işgäri bolmak we tomaşaça täsir edijilik ukybyň güýçlenmegi üçin näme etmeli?

 Sungat işgärine mahsus häsiýetleri özüňde terbiýelemeli, ýerine ýetirjek eseriňi içkin öwrenmeli. Tomaşaçy her bir sungat işgäriniň aýnasy. Halk saýlawynda bolmak üçin saýlan sungat ugruňy içkin öwrenip, ýürek bilen ynanylan eseri ýerine ýetirmeli. «Ýürekden çykan söz ýürege barar» diýen jümle tüýs medeniýet-sungat işgärleri üçin döredilen ýaly. Çünki medeniýetli dynç almaga gelen raýatlar döredijilik adamlarynyň ýerine ýetirýän eserlerinden lezzet alýarlar we dynç alýarlar. Tomaşaçynyň kalbynda ýer almak bolsa, sungat adamsy üçin iň uly serpaý.

Halypa-şägirtlik ýoly.

 Halypa-şägirtlik ýoly iň gadymy we müdimi ýollaryň biri bolup, haýsy ugurda bolsa-da bu jümläniň astynda ýerine ýetirilýän işler öz gymmatyny ýitirmeýär. Islendik kärde kämil şahsyýet bolmak üçin ýa-da islendik ugurdan netijeli zähmet ýoluňy dowam etmek üçin halypanyň orny örän uly bolýar. Halypanyň kär saýlamakda we şol käri kämil derejede ele almakda hyzmaty we ähmiýeti çäksizdir.

Meniň sungat ýolunda ilkinji halypam öz kakam Begmyrat Seýitkulyýew. Onuň döredijilik ýoly meniň durmuşymyň manysyna, mazmunyna öwrüldi.

Gaýbana halypalarym bolsa, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa, Türkmenistanyň Halk artisti Medeniýet Şahberdiýewa, Güljan Hümmedowa, Gurbansoltan Nurýagdyýewa we ş. m.

Aýratynda, Türkmemistanyň sungatda at gazanan artisti Liliýa Zarudinadan  men sungatyň opera ugruna degişli inçe syrlary öwrendim, öwrenmeklik häzirki wagtda-da dowam edýär.

Häzirki wagtda men  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda mugallym bolup işleýän we bu ýerde birnäçe zehinli ýaşlara sapak berýärin. Halypalaryň öwreden zatlaryny men indi öz şägirtlerime geçirýärin. Şägirtlerimden atlaryny aýdyp geçsem: Mährijemal Pirmedowa, Babamyrat Babaýew, Mawluda Şaýkulowa, Serdar Türjanow, Leýla Resulowa, Göwher Öwezowa, Bagty Berdiýewa, Çary Ataballyýew, Aýdogdy Gulamow, Gültäç Mededowa dagy. Şägirtleriň üstünligi, olaryň alan baýraklary halypa üçin has-da buýsandyryjy. Şol şägirtlerimiň köpüsi bäsleşikleriň ýeňijisi boldy, olaryň bu ýeten sepgitlerini özlerinden-de beter begenýän, täze aýdymlara, täze opera aýdymlaryny işlemekde degerli maslahatlarymyzy berýäris.

Nesilden-nesle geçen sungat.

Atam Seýitkulyýew Seýitkuly öz döwründe sazly we sazsyz aýdymlary ýerine ýetirer eken. Kakam Begmyrat Seýitkulyýew gargy tüýtük, dilli tüýtük, akkardion we mundan başga-da birnäçe saz gurallaryna erk edip bilýän sungat işgäri bolan. Ol diňe bir saz çalmak däl, halk aýdymlaryny ýerine ýetirmekde, olaryň inçe syrlaryny ýaş sungat işgärlerine geçirmekde-de, halk köpçüligine lezzet bermekde-de birnäçe işleri alyp baran. Onuň sungat ýoly meniň hem hünär başarnygym, kär saýlawym bolup durmuşyma siňdi. Mundan başga-da biziň maşgalamyz sungat işgärleriniň maşgalasy diýsek ýalňyşmarys. Uly aýal doganym Bagtygül Seýitkulyýewa pionino saz guralynda saz çalýar, häzirki wagtda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynda mugallym bolup işleýär. Ýene bir aýal doganym Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň döwlet mukamlar köşgüniň Döwlet Hor toparynda işleýär, erkek doganym Kerki şäherindäki orta mekdepde aýdym-saz mugallymy bolup zähmet çekýär. Umuman sungat ýolumyz biziň maşgalamyzň ebedilik hemrasyna öwrülen.

Döredijilik işgärleriňiz.

 Atageldi Garýagdyýew, Atajan Berdiýew, şahyrlardan Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa başgada birnäçe sungat işgärleri bilen agzybirlikde döredijilikli işleşýäris.

Maşgala agzalaryňyzyň sungat ýoluna gyzyklanýany barmy?

Maşgala agzalarymam sungat adamlary, ýoldaşym Muhammetguly Kepbäýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda mugallym bolup zähmet çekýär, üç oglum bar, iki oglum Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk internatynda okaýarlar. Uly oglum Wepa Muhammetgulyýew skripka saz guraly boýunýça, ikinji oglum Bagtyýar Muhammetgylyýew bolsa tüýtük saz guralynda saz çalmak boýunça bilim alýar. Üçünji oglum heniz üç ýaşynda.

Döredijilik syýahatlaryňyz.

 Germaniýada 2013-2014-nji ýyllarda, Russiýa, Gazagystan, Tatarystan, Hytaý döwletlerde iş saparlarynda bolup, sungat başarnygymyzy ýurdumyzyň adyndan ýerine ýetirdik.

 Milli lybaslara garaýşyňyz.

 

Milli lybaslarymyz gyz-gelinlere, türkmen ýigitlerine has gowy gelişýär. Millilik ynsanyň ruhy beýany, onuň asyl gelip çykyşyny, milli ýörelgelerimizi wasp edýän barlyk, buýsanç. Her bir sahna eserlerini ýerine ýetirenimizde biziň milli egin-eşiklerimiz bize ruhy güýç, goldaw berýär we tomaşaça eseri ýetirmekde-de ähmiýeti uly bolýar. Mysal üçin taryhy opera eserlerini ýerine ýetirenimizde şol döwrüň milli eşikleri aýdym bilen bile tomaşaça täsiri uly bolýar.

Nirelerde dynç almagy halaýarsyňyz?

Deňiz boýunda dynç almagy gowy görýärin. Ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy gözel görke eýe bolýar. Dynç almak maksatly birnäçe mümkinçilikleriň dördilmegi bolsa biz sungat işgärlerine hem dynç almaga we döredijilikli ýollarymyzda beýan etmäge şert döredýär.

Bagt diýmek.

 Arzuwyňa ýetmek we şol arzuwlaryňa ýetmek üçin döredilýän mümkinçiligi peýdalanyp bilmek.

Haýsy reňki gowy görýärsiňiz?

 Milli reňklerimiz bolan gyzyl we ýaşyl reňkleri gowy görýärin. Şol reňkde lybas geýmegi, dürli keşdeli milli lybaslarymyzy geýinmegi halaýan.

 Geljekdäki maksatlaryňyz.

 Ýurdumyz maksat tutup, olary amala aşyrmakda ähli mümkinçilikleriň bar we baý mekany. Aýdym-saz äleminde hem täze-täze aýdymlary işlemek, belleniljek baýramçylyklara täze aýdymlar bilen sowgatly barmak maksady bilen birnäçe eserleriň üstünde işleýärin. Başga-da şägirtlerimiň üstünliklerine guwanmagy maksat edinýärin.

Aýna mugallym çakylygymyzy kabul edip geleniňiz we beren gyzykly durmuş we döredijilik gürrüňleriňiz üçin sagboluň!

Aýna Seýitkulyýewanyň şahsy maglumatlary:

Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde 1982-nji ýylda doglan.

Ilkinji aýdymy «Haýrana galar».

Aýdymlarynyň aglabasy «Türkmen owazy» teleýaýlymynda şekile geçirilip, ýaýlyma goýberilýär.

Soňky şekile geçiren aýdymy: «Aşyr agaň hötjetligi» kinofilminden «Jan elek» aýdymy.

Gowy görýän reňki: Gyzyl.

Maşgalaly, üç ogly bar.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy ýubleý medalynyň eýesi.

 

Söhbetdeş bolan: Şaperi OTUZOWA.

žurnalist.

Mekan Rejepow: Peder kesbiniň dowamy

Türkmen ýyldyzlary bilen Söhbetdeşlikler-II

 

Türkmen ýyldyzlary bilen Söhbetdeşlikler-I

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda