TEHNOLOGIÝA

Awtomat dolandyryş ornaşdyrylýar

Kombaýnlarda awtomatlaşdyrylan rul oturtmak soňky döwürde «Jhone Deer» kompaniýasynda has ösdi. Ýöne daýhanlaryň bir bölegi beýle tehnologiýalardan peýdalanmakdan heniz hem ýaýdanýarlar. Muňa garamazdan, täze hereketlendiriş usulynyň has oňaýlydygyny öňe sürýän kompaniýa «AutoTrac Controller 300» gurluşyny barha kämilleşdirýär.

Awtomatlaşdyrylan rul ulgamyny ozalky «Jhone Deer»-lere hem ornaşdyryp bolýar. Hereketi dolandyrmak üçin mehanizator ýörite ekrandan hem peýdalanyp biler. Mahlasy, ulgam şu ekran we «StarFire» diýlip atlandyrylýan kabul ediji arkaly işleýär.

«AutoTrac Controller 300» kombaýnyň öňki bölüminde-de, yzynda-da ornaşdyrylýar. Munuň üçin iň amatly ýeri mehanizatoryň özi saýlap biler.

Related posts

Awtoulag habarlary: Maýami halkara awtosergisi açyldy

2022-nji ýylyň iň köp garaşylýan smartfonlary

Ata Watan Eserleri

“Samsung” “Volkswagen” modellerine 5G goldawyny hödürlär