JEMGYÝET

Maglumat gorlary birleşdiriler

Oba hojalygyndaky agronomçylyk maglumatlaryny toplaýan «Indigo» kompaniýasy bu işde «John Deer»-iň maglumatlar merkezi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy, has takygy birleşmegi maksat edinýär. «Indigo» tarapyndan berlen habara görä, bu birleşme iki kompaniýanyň hem maglumat mümkinçiligini artdyrar. Bu birleşme oba hojalykçylar üçin hem uly ähmiýete eýe bolar.

Bu birleşik öz gözbaşyny geçen ýylyň iýun aýyndan alyp gaýdýar. Iki kompaniýa tarapyndan durmuşa geçirilýän toprakdaky uglerody köpeltmek we bug gazlaryny azaltmak işleriniň netijesinde diňe ABŞ-yň özünde 18 million gektardan gowrak ýerde hasyllylyk artdyryldy.

Ekerançylyk üçin zerur bolan uglerod gorlary bu kompaniýalar tarapyndan öndürilýär. Bu taslama bolan gyzyklanma pudagyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge taýýardygyny görkezýär.

Birleşmäniň netijesinde oba hojalygy boýunça maglumatlary onlaýn alyşmak mümkinçiligi hem artar. Özi-de bu hyzmat ähli oba hojalykçylar üçin elýeter bolar.

Related posts

Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň agtyklaryna Hytaýdan sowgat geldi

Geljek ýylda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçiriler