JEMGYÝET

Awstriýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar

Awstriýanyň Hökümeti Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin kompaniýalaryň assosiasiýasyny döretmäge taýýar. Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Içeri işler ministrlikleriniň, “Türkmendeňizýollary”, “Türkmenawtoýollary”, “Türkmenhowaýollary” agentlikleriniň, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleriniň, Merkezi bankyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçiren wideoaragatnaşyk arkaly maslahatynda bu barada habar berildi.

Bu maslahata dostlukly döwletden “Palfinger AG”, “Rosenbauer AG”, “LGP GmbH”, МВА MLE-SGC Consulting GmbH, “Liebherr” we beýleki öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdy.

TSTB-niň resmi saýtynyň ýazmagyna görä, Awstriýa kompaniýalarynyň assossiasiýasynyň döredilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berer. Hususan-da, taraplar IT-tehnologiýalary, gurluşyk ulgamynda, dag gazyp çykaryş, burawlama pudagynda ulgamlar we gurnamalar, turbageçiriji we sorujy ulgamlary, şeýle hem ýangyn howpsuzlygy üçin ulgamlar we toplum birlikleri çygrynda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýärler.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady