SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Awaza myhmanlary garşylar

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda 14-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda tomusky dynç alyş döwründe Awazada dynç almagyň tertibi we bu babatda alnyp barylýan käbir guramaçylyk meselelerine garaldy. Gazetimiziň şu sanynda tomusky dynç alşy ýokary derejede guramak maksady bilen, şol mejlisden gelip çykýan wezipeler bilen bagly käbir maglumatlara ýene bir ýola ýüzlenmegi makul bildik.

Awazada dynç almak üçin lukmançylyk resminamasyny nädip almaly?

Raýatlar dynç alşa gitmezinden öň, ýollamanama alandan soň, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite ýerlerde (saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjym almaly.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde häzirki wagtda Russiýa Federasiýasyndan sanjymlaryň 3 görnüşi hem-de Hytaý Halk Respublikasyndan 2 görnüşi getirildi.

Dynç alşa gidýän 18 ýaşdan uly raýatlara COVID-19-a garşy sanjym edilendigini hem-de soňky 72 sagadyň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginden geçilendigini, şeýle-de koronawirus ýokanjynyň ýokdugyna degişli barlagyň geçirilendigini tassyklaýan resminama berler. 18 ýaşdan kiçi raýatlar, öz nobatynda, soňky üç gije-gündiziň dowamynda lukmançylyk barlagyndan geçendigi we test tabşyrandygy barada resminama alarlar.

Möwsümde işlejek işgärlere nähili talaplar bildiriler?

Awazadaky hyzmat ediş desgalaryna işe kabul edilen işgärler bellenen tertipde lukmançylyk gözegçiliginden geçiriler hem-de olara COVID-19-a garşy test barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminama berler.

Milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerindäki hyzmat ediş ulgamynyň işgärleri her 15 günden çalşyk görnüşinde işlärler we her çalşykda COVID-19-a garşy test barlagyny geçerler.

Dynç alşa gitmek üçin ýollamanamany almagyň tertibi nähili?

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişli ministrlikleri we pudak edaralary zolagyň çäginde ýerleşýän myhmanhanalarda we kottejlerde dynç almaga isleg bildirýän raýatlara ýollamanama bererler.

Myhmanhanalar özlerine degişli bolan ministrlikler we pudak edaralary ýollamanamasy resmileşdirilen raýatlaryň elektron sanawyny Dolandyryş merkezine we Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna gündelik ibermegi üpjün eder.

Raýatlary öz wagtynda zolakdaky myhmanhanalara bron esasynda ýerleşdirmek maksady bilen, bu baradaky maglumatlary web sahypasynda barlamak mümkinçiligi ýola goýlar. Dolandyryş merkezinde jemlenýän maglumat-hasabatlar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýerleşýän Baş dolandyryş merkezine iberiler.

Tomusky dynç alyş möwsüminde haýsy lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetiriler?

Tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç alşa gelýän raýatlaryň Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinde, demir ýol we awtoulag menzillerinde beden gyzgyny ölçeniler.

Dynç alşy bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, Awazanyň ähli myhmanhanalarynda, kottejlerinde we sagaldyş merkezlerinde lukmançylyk otaglary hem-de ýokanç kesele güman edilen näsaglar üçin izolýatorlar döredildi. Zerur bolan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen şol otaglarda we izolýatorlarda tejribeli lukmanlaryň nobatçylygy guralar.

Gaýragoýulmasyz lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, gije-gündiz işleýän lukmançylyk bölümi döredilip, oňa «Tiz kömek» awtoulagy berkidiler. Dynç alyş möwsüminde syýahatçylyk zolagyndaky desgalarda 35 lukman, 35 şepagat uýasy we 12 sanitar lukman saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirer.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, dynç alyş döwründe ýiti öýken sowuklama keseli güman edilen adamlar Awaza etrabynda ýerleşýän karantin merkezine ýerleşdiriler.

Awazada dynç aljak raýatlar üçin gatnawlar nähili amala aşyrylar?

Tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň meýilleşdirilýän tertibine laýyklykda, welaýatlardan we Aşgabat şäherinden dynç almaga gitjek raýatlarymyz üçin şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap her gün Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça ýörite ýolagçy otly gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Demir ýol ulgamynda ýolagçylar gatnadylanda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleri bilen bilelikde, ýolagçy wagonlarynda we demir ýol menzilleriniň binalarynda hem-de beýleki ýerlerde gündelik yzygiderli arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär.

Tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýänlere hödürlenýän awtoulag hyzmatlaryny has-da gowulandyrmak maksady bilen, şol döwürde ýolagçy ulaglaryň täze gatnaw ugurlaryny açmak meýilleşdirilýär.

Dynç alyş möwsümini ýokary derejede geçirmek üçin nähili guramaçylyk işleri alnyp barlar?

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlarymyz üçin dynç alşy bökdençsiz guramak maksady bilen, Dolandyryş merkezi döredildi. Şol resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkezi hakyndaky Düzgünnamany işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak; Balkan welaýatynyň häkimligi hem-de degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde 2021-nji ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda adamlaryň dynç alşyny guramagy üpjün etmek tabşyryldy.

Awazada ýerleşen desgalarda we olaryň daş-töwereginde dezinfeksiýa, dezinseksiýa we deratizasiýa işleri yzygiderli geçirilýär. Naharhanalarda we aşhanalarda jemgyýetçilik iýmitiniň guralyşyna, iýmit önümleriniň hiline, howpsuzlygyna hem-de saklanylyşyna gözegçilik ediler.

Hazar deňziniň suwunyň ekologiýa we sanitariýa-epidemiologik ýagdaýyna, zolagyň çäginde ýerleşýän agyz suw süýjediji hem-de beýleki desgalarda, şeýle hem adamlaryň suwa düşýän, dynç alýan ýerlerinde arassaçylyk ýagdaýlaryna gözegçilik amala aşyrylar. Meýilnama laýyklykda, Hazaryň türkmen kenarynyň bellenen nokatlarynda suwuň, topragyň we howanyň barlaglary geçirilip durlar.

Dynç alýan raýatlara söwda hyzmaty «Awaza» söwda merkezinde ýola goýlar.

Döwlet migrasiýa gullugy zolagyň çäginde döredilen gözegçilik-geçiriş ýerinde beýleki ygtyýarly edaralaryň wekilleri bilen bilelikde, gije-gündiz nobatçylyk etmek üçin jogapkär wekili bellär. Şeýle hem gözegçilik-geçiriş ýerinde zolakda işlemek we dynç almak üçin barýan raýatlaryň resminamalary ygtyýarlyklaryň çäginde gözden geçiriler, hasabaty ýörediler. Aşgabat şäherinden we welaýatlardan zolaga gelýän raýatlaryň bellige alynmagyna gözegçilik ediler.

Içeri işler ministrligi welaýatlardan gelen we zolakda ýerleşen desgalarda işleýän işgärlere wagtlaýyn rugsatnama berlende, olardan Döwlet migrasiýa gullugynyň degişli edaralary tarapyndan resmileşdirilýän bellige alyş şahadatnamasyny talap eder.

Syýahatçylyk zolagyna girilýän ýerdäki gözegçilik nokadynda polisiýanyň ýol gözegçiligi we jemgyýetçilik howpsuzlygy gulluklarynyň işgärleriniň gije-gündiz nobatçylygy guralar, ulag serişdeleriniň diňe ýörite niýetlenen ýerlerde durmagy üpjün ediler.

 

Çeşme: “Türkmenistan” gazeti 

 

Ýaşlar guramasy we TurkmenGazet.com internet saýty bäsleşik geçirýär

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder