SÖHBETDEŞLIK

Atajan Tagan – zehinden zyýada zehin

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň atavatan-turkmenistan.com saýty üçin geçirýän söhbetdeşliklerimiziň bu gezekki myhmany ýurdumyzda we dünýäde söýlüp okalýan meşhur ýazyjy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Atajan TAGAN. Ol bizi döwletli ojagynda kabul edip, biziň birnäçe sowallarymyza jogap berdi.

  • Hormatly Atajan aga, biziň teklibimizi kabul edip, söhbetdeşlik etmäge razylyk berendigiňiz üçin döredijilik toparymyzyň adyndan minnetdarlyk bildirýäris. Siz häzirki wagtda nähili işleriň başynda? Ýene nähili eserleriň üstünde işleýärsiňiz?
  • Men häzirki wagtda dünýä edebiýatyndan birnäçe eserleriň türkmen diline terjimesiniň üstünde işleýärin. Nesip bolsa, ýakyn wagtlarda olary “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň üsti bilen okyjylara ýetireris. Men ozal hem ençeme eserleri (6 sany roman, 30 sany hekaýa) türkmen diline terjime edipdim. Olar okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanypdy. Nesip bolsa, häzirki terjime edýänlerimem okyjylar gyzgyn garşylarlar diýip umyt edýärin.
  • Siz terjimesi asyl nusgasyndan gowy çykan diýip hasaplan eserleriňiz barmy?
  • Elbetde, ozal şeýle güýçli terjimeçiler bardy. Olardan Daňatar Berdiýewi, Annaly Berdiýewi, Kakabaý Gurbanmyradowy, Şadurdy Çaryýewi, Bäşim Ataýewi, aýdyp bilerin (Olaryň içinde-de Bäşim Ataýew aýratyn ýatlamak isleýärin. Ol ata-baba gelýän iň güýçli terjimeçidi. Onuň eden terjimelerini okanyňda edil gahrymanlar türkmençe gürleýän ýaly, asyl eseriň özi türkmen ýazyjynyň ýazan eserine meňzeýär. Ol şol dereje güýçli terjimeçidi). Şolaryň eden terjimelerini asyl nusgadan gowy çykan terjimeler diýip hasaplaýaryn.
  • Häzirki wagtda “Dünýä edebiýaty” žurnalynda edilýän terjimelere nähili baha berýärsiňiz?
  • Terjime hem hil-hil bolýar. Ýaňky atlaryny agzap geçen terjimeçilerimiň söz baýlygy güýçlüdiler. Häzirkileriňki bolsa söz gory olaryňkydan asgyn gelýär. Ýöne käte-käte oňat edilen terjimelere hem gabat gelýärin.

  • Siziň halaýan ýazyjylaryňyz haýsylar?
  • Agageldi Allanazarowyň, Kömek Kulyýewiň ýazýan eserlerini goWy görüp okaýaryn. Şolaryň ýazan eserleri çuňňur manyly, her bir okyja peýdaly bolup biljek eserler. Şolaryň ýazanlaryny okanymda okanyma ökünmeýärin.
  • Häzirki wagtda ýene-de täze nesil terjimeçiler ösüp kemala gelýärler. Siziň olara nähili maslahatlaryňyz bar?
  • Ilkinji nobatda, terjime örän çylşyrymly zat. Onuň hötdesinden gelmek üçin örän köp okamaly bolýar. Mysal üçin, dünýä edebiýatynda duş gelýän aforizmalaryň biziň dilimizde garşylygy bolmaýan görnüşleri bolýar. Şolaryň türkmençe görnüşlerini bilmeli bolýar. Olary bilmek üçinem ozalky edilen terjimeleri köp okamaly, türkmen dilini gowy bilmeli bolýar. Bu hem diňe okamakdan geçýär.
  • Häzirki wagtda kitap okamaga bolan höwes biraz gaçdy…
  • Kitap okamaga bolan höwesiň gaçmagyna-da şu eliňizdäki tehnologiýalar sebäp boldy. Çünki indiki ýaşlar kitap okanlaryndan şu telefonlara, kompýuterlere seretmegi gowy görýärler. Hatda awtobusda-da, ýolda-da her kim şular bilen başagaý bolup ýörler. Biziň döwrümizde kitap dükanlarynda kitap almak üçin nobata durýardylar. Indi onuň ýaly zat ýok. Kitaphanalar, kitap dükanlary boşap galdy diýen ýaly.

  • Siziň eserleriňiz dünýäde iň köp tiraž edilen türkmen kitaby…
  • Dogrudan hem, meniň ýazan kitaplarymyň tiražy 850 müňe ýetipdir. Bu, elbetde, bir ýazyjy üçin uly üstünlik. Emma men muňa men-menlik edemok.
  • Siziň bilen daşary ýurtly neşirýatlar hem içgin gyzyklanýarlar…
  • Hawa, 2014-nji ýylda Germaniýanyň “Masterpiecespublishing.ru” neşirýaty meniň “Keseki” romanymy rus dilinde çap edip, bütin dünýäniň onlaýn kitap dükanlaryna ýaýratdy. Şol ýyl bu eserimi Özbegistanyň “Jahon adabiyoty” žurnaly özüniň 5 sanynda berdi. 2015-nji ýylda bolsa “Uzbekistan” neşirýaty “Begona” (”Bigäne”) ady bilen aýratyn kitap edip çykardy. 2016-njy ýylda Nýu-Ýorkuň “Dünýäniň sesi” (“World voice”) hepdelik gazeti öz sahypalarynda bu eserime orun berdi.
  • Atajan aga, biziň bilen söhbetdeşlik edendigiňiz üçin uly minnetdarlyk bildirýäris. Size täze-täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.
  • Sag boluň.

Söhbetdeş bolan Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

 

 

Hindistanly ýazyjy Halkara Buker baýragyny gazandy

 

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda